tmyigit76
20.12.2023 20:39

Simpsonlaryň öňdengörüjiligi






Basleşigiň 3-nji şerti üçin. Moderator Relax-yň "simpsonlaryň 2024-nji ýyldaky öňdengörüjiligi..."atly postyna salgylanýas"



Dünýäde millionlarça muşdagy bolan «simpsonlar maşgalasy» multiserialy özüniň täsin öňdengörüjiligi bilen köpleri haýrana goýup gelýär. Olaryň öňden görüjilikli sahnalary häzirki wagtda hem doly anyklanyp bilinenok. Biz bu postda bu multiserialdaky öňünden aýdylan we ýüze çykan taryhy wakalaryň birnäçesine seredip geçeris.



Ilki bilen multfilmiň taryhyna gysgaça ser salyp geçeliň.


«Simpsonlar maşgalasy» multiserialy 1985-nji ýylda ekranlarda görkezilip başlandy we dünýädäki iň uzyn dowam eden multfilm hasaplanýar. Onuň umumy 35 sezony 759 bölümden durýandygy bellenýär.


Met Greýnin tarapyndan ýazylan «Dowzahdaky durmuş» atly uly göwrümli roman golliwud ýazyjysy Jeýms Brokyň ünsüni çekýär. Broks Greýnin bilen habarlaşyp: "ýakyn wagtda meň üçin animasiýa taýýarlamagyňy isleýärin"- diýip aýdýar. "Dowzahdaky durmuş" romanynda wirtual tanyşlyk, söýgi, ölüm we körekör heläkçiliklerden gorkmak ýaly temalara orun berilýär.


Greýniniň aňyna «Simpsonlar maşgalasy» diýen at gelýär we "Dowzahdaky durmuş" romanyň ady "simpsonlar maşgalasy" diýip üýtgedilýär. Onuň ilkinji epizodlaryndaky gahrymanlaryň daş şekili we häsiýeti häzirkiden tapawut edýärdi. Şonuň üçin bu multilmi käbir döwletlerde mawy ekranlarda görkezmek gadagan edilipdir.



Simpsonlar maşgalasyndaky käbir öňdengörüjilikli epizodlar.



#1. D. Trampyň prezidentlige saýlanyşy.




2000-nji ýyllarda ekranlara çykan "Bartyň gelejege gaýdyşy" atly bölümde Liza atly personažyň dilinden D. Trampyň ABŞ-da prezidentlige saýlanandygy we ýurdy bankrot edenligi aýdylýar. Şondan 16 ýyl soňra bolsa Tramp B. Obamanyň ýerini prezidentlige saýlanyp, bütin dünýäni haýrana goýdy



#2 Karona wiruslarynyň ýaýraýşy.




Korona wirus hakda hemmämiz bilýändiris. Bu hakda multfilmiň 1993-nji ýyldaky 4 nji pasylyndaky bolümleriniň birinde açyk aýdyň görkezilýär. Ondaky Spirnkf atly bir şäherçäni aziýadan gelen bir kesellik eýeleýär. Multfilmdäki alyp baryjy ony Osakadan gelen grip"" diýip atlandyrýar. Başga bir sahnada bolsa bu kesselik bilen kesellänleriň Amerika ugradylýan ýükleriň içine üsgürýändigi görkezilýär. Gamer simpson bu ýüki açanynda bolsa şäher halky tiz wagtda bu keselligi ozüne ýokuşdyrýar.



#3. Ebola wirusynyň ýaýraýşy




Multfilmiň 1997-nji ýyldaky bir bölüminde Marji hanym ogly Barta "Bilesigeliji Jorç we ebola wirusy" atly hekaýany okap berýär. Kitabyň daşynda muny aýdyň görüp bolýar.17 ýyldan soňra ebola wirusy hakykatdan hem Afrikada güýçli epidemiýa öwrülýär möwç alýar.



#4. Wideo jaňlar.




Ýene bir öňden görüjilik. Multfilmiň gahrymany Liza gelejege düşýär. Ol şonda ejesi bilen wideo jaňlar arkaly habarlaşýar. Şol wagtlar bolsa telefonlaryň ýaňy-ýaňy kämilleşip, köpçülige ýaýrap başlan wagtlarydy.

Wideo jaňlary amala aşyrmak bolsa haýran galdyryjy görünýärdi.Bu tehnologiýa bolsa 15 ýyldan soň smartfonlarda hakykata öwrüldi.



#5 Gresiýanyň ykdysady krizisi




Multfilmiň 2013-nji ýylyň ýanwar aýyndaky bir bölüminde Multfilmiň personažy Gamer "Foks news" telekanalyna çykýar. Şonda ekranyň aşagyndaky hereketlenýän ýazgylar bilen görkezilen habarlarda "Ýewropa Gresiýany ebaýda ýerleşdirer" diýen ýazgy görkezilýär. Üç ýyldan soň bolsa Gresiýa güýçli ykdysady krizise duçar bolýar. Bütin ýewropa ony dikeltmek milliardlarça pul sarp edýär.



#6 Googlyň dünýäni gurşap almagy




2011-nji ýyldaky çykan epizodlaryň birinde Google-niň dünýäniň ýaryna ýolbaşçylyk edýändigi görkezilýär. Daş-töwrege serediň. Häzir nämeler bolup geçýär. Elbetde Google häzirlikçe durmuşymyza doly ýolbaşçylyk edenok. Emma ol durmuşymyzyň ähli ugurlaryna gaty tiz girip gelýär we ornaşýar.


Mümkinçiligiňiziň çäklidigi sebäpli biz diňe şu faktlar bilen oňýarys. Emma olaryň öňünden boljagyny aýdylan sahnalary sanardan köp:(Meşhur sirkçiler Fik Freýd we Roýuň üstüne ýolbarsyň hüjüm edip ony parçalaýşy,[1990] Nýu-ýorkdaky ekizek söwda merkezine amala aşyrylan terroristik herekler sebäpli waýran edilmegi[1997] 2014-nji ýyldaky fotbol boýunça dünýä çempionatda Germaniýanyň Braziliýany ýeňjegi we FIFA-nyň karrupsiýallary, Amerikanyň hökümediniň dünýä telefon jaňlaryny diňleýändigi, Amerikanyň prezident saýlawlygyna ses berlişiň galplaşdyrlyşy...ş.m.)




Ýene bir bellemeli zat, bu multiserial hakda dünýäde gaty köp garaýyşlar bar. Olaryň käbirinde simpsonlary düşürijileriň ilýuminatlara, massonlara we beýleki gizlin guramalar bilen iş salyşýandygy aýdylýar.


Başga bir (meniň üçin dogry hasaplaýan) çeşmede aýdylşyna görä, simpsonlar hiç hili öňden görüjilik edip bilenok. Olar haýsydyr bir dünýäni dolandyryjylar ýa-da gara niýetli adamlaryň öňünden meýilleşdiren erbet işlerini multfilmde öňünden syzdyrýar.(Amerikanyň Siriýany weýran etmegi, wirusyň ýaýradylmagy) Hatda käbir sahnalaryň ýüze çykan taryhy wakalaryň bolanyndan soňra düşürilip ýaýradylandygy anyk faktlar bilen aýdylýar. Meselem:D. Trampyň köpçülikde basgançakdan düşüp gelýän sahnasy, Trampyň öz adyny prezidentlige goýanyndan soň düşürilendigi aýdylýar. Emma onuň prezident boljagynyň 2000-nji ýyldaky düşürilen sahnada görkezilmegine mültfilmiň ssenariýasyny ýazan Den Greni şeýle düşündiriş berýär: "Şol waglarda Tramp prezident bolmaga hereket edýärdi. Şonda meň pikir edişimçe, Tramp Amerika prezident bolsa, ol dünýäniň iň tasin we gülküli prezidenti bolardy we Trampa meňzeş adamlar ýurdy pulsuz galdyrmagy mümkindi. Şonuň üçin biz Trampy prezident hökmünde görkezdik. Ýöne özümiz hem muňa ynanamyzokdyk.Tä Tramp prezident bolýança".


Siz bu hakda näme pikir edýäňiz?Pikirleriňizi teswirlerde galdyryň...



Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy

44
261
tmyigit76
19.12.2023 22:18
Tanymal perzent





Gara saçly we mele saçly aýallaryň ikisinin hem bir günde ogullary bolýar. Olar otuz ýyldan soň ýene-de kesel- hanada duşuşýarlar.

Mele saçly ene oglunyň görnükli sazanda bolup ýetişendigini aýdyp magtanypdyr. Gara saçly ene bolsa: «Oglum traktorçy hem kombaýnçy, Ol ýer sürýär, hasyl ýygnaýar» diýipdir. «Seniň ogluň ýönekeý, hiç kim tarapyndan tanalmaýan adam bolup ýetişipdir» diýip, mele saçly aýal aýdypdyr.

Gün geçip-geçmänka, gara saçly aýalyň ýanyna uzak obadan ogly gelýär, ýagdaýyny soraýar, enaniň derdi ýeňlän ýaly bolýar. Mele saçly enäniň ýanyna bolsa hiç kim gelmeýär. Gara saçly enäniň ogly ertesi hem gelýär. Mele saçly enaniň ýanyna ýene hiç kim gelmeýar. Üçünji gün gara saçly enaniň ýanyna ýene gallaçy ogly öz üç ýaşlyja perzendi bilen gelýar. Olar ýanlary bilen durli ir-iymiş getirýarler, enanin ýanynda uzak wagtlap oturýarlar. Enaniň gözlerinde şatlyk uçganaklaýar. Mele saçly enaniň ýanyna bolsa ýene-de hiç kim gelmeýär, halyndan habar almaýar


(W.A. Suhomlinskiniň «Hakyky adamy
nähili terbiýelemeli?» diýen eserinden).
52
244
tmyigit76
19.12.2023 12:13
PIFAGOR








Özüniň baý ylmy hem-de döredijilik eserlerini nesillere miras goýan alymlaryn biri-de Pifagor Samosskiýdir.
Taryhçylaryn bellemegine görä, alym
586-589-njy ýyllar aralygynda «Samoss» atly grek adalarynda doglupdyr. Hut şu ýerde doglandygy sebäpli oňa Samosskiy diýipdirler. Onuň kakasyna
Menesarh, ejesine bolsa Pertenis diýer
ekenler. Alymyň kakasy zergärçilik bilen
meşgullanypdyr, ol gymmat bahaly daşlardan ajaýyp sungat eserlerini döredipdir. Ylmy çeşelerdäki maglumatlara göri, onuň geljekde üýtgeşik zehinli adam boljkdygy hakynda hossarlaryna aýdypdyrlar.

Alymyň matematika, geometriýa
ylymlaryndaky bitiren işleri aýratyn
bellärliklidir. Her bir mekdep okuwçysy «Pifagoryň teoremasy» atly teorema
bilen tanyşdyr. ...Pifagor geometriýa degişli bolan köp sanly ylmy işleri ýazýar. Alyma meşhurlyk getiren «Pifagoryň nazaryýeti» şu günki günde hem giňden ulanylýar. Pifagor matematiki gatnaşyklara degişli bolan işleriň üstünde hem işleýär, proporsiýalar nazaryýeti bilen baglanyşykly käbir işleri amala aşyrýar. Pifagor aýratyn hem sanlar we olaryň gurluşy, zatlaryň gurluşyna düşünmek ýaly işlere uly üns beripdir. Ähli tekiz geometrik şekilleri, ýagny nokatlary, çyzyklary we tekizlikleri jemlände, kämil altylyk alynýar diýen netijä gelipdir. Adalatlygy we deňligi sanlaryň inedördülligi gornüşinde gorüpdir. Dokuz san hemişeligiň nyşany hökmünde getirilipdir.

Ol bulardan başga-da, fizika, astronomiýa, lukmançylyk, aydym-saz sungatyna degişli birnäçe ylymlar bilen hem meşgullanypdyr.

Pifagoryň ýaşlykdan sungatyń dürli görnüşleri bilen gyzyklanysyny nazarda tutup, onun ilkinji mugallymy Germodamas geljekki alymy saza, suratkeşlige, grammatika ugrukdyrypdyr. Mugallymynyň birnãçe eserleri, sazlary, goşgulary ýatdan öwretmegi, alymyň geljekde beýik derejelere ýetmegine, saz sungatyna degişli gymmatly işleri döretmegine sebäp bolupdyr.

Pifagor sazyň we akustikanyň nazaryýetini işleýär. Özüniň «Pifagoryň gammalary» işini ýazmak üçin alym sazyň heňlerini öwrenýär, köp sanly
esaslandyryjy ylmy-barlaglary geçiryär. Pifagor tapan proporsiýalaryny
matematiki dilde aňladýar.

Alymyň döreden matematika mekdebinde ilkinji gezek Ýeriň şar şekillidigi baradaky pikir öñe sürülýär. Asman jisimleriniň hereketleriniň kesgitlenen matematik gatnaşyklarda bolýandygy alymyň «Dünýäniň sazlaşygy» we «Sazyň gurşawy» işlerindebellenilyär. Biraz soňrak
bu işleriň esasynda astronomiyada düýpli öwrülişikler edilyär.


Oňa ilkinjileriň hatarynda tebigatdaky owazlaryň barlygyny duýmaklyk başardypdyr. Alym öz tejribesi üçin dörtburçluk şekilinde ýarym iş gural, ýarym saz guralyny ýasapdyr. Grek sazandalary tebigatda goşmaça bäş owazyň bardygyna göz ýetirseler-de, olary açmakda kynçylyk çekipdirler. Haçan-da olar bu işe teoriýada çemeleşip ýörkäler, Pifagor oňa amalyýetde çemeleşip başlapdyr.
Onuň owazlary duýmak üçin ýasan gurallary häzirki günlerimizde saz gurallary bolup hyzmat edyär.

Alym 18 yaşynda bilimini artdyrmak
maksady bilen Müsüre gitmekçi bolupdyr, ýöne onuň bu niýeti amala aşmandyr. Sebäbi şol döwürler Müsüriň gapysy grekler üçin ýapyk bolupdyr. Soňra ol Lesbos adalarynda bilimini artdyrmaga başlapdyr. Ol adada güýçli filosof Ferekid Sirosskiden fizika, lukmançylyk, dialektika we beyleki ugurlar boýunça öwrenipdir. Adada birnäçe ýyl ýaşandan soň, onda Milete gitmek we ol ýerde ýaşap ýören güýçli filosof Fales bilen duşuşmak islegi döräpdir. Alymyň bu arzuwy amala aşyp, 80 ýaşlaryndaky Fales Miletskidenem bilim alypdyr.

Ol tiz wagtdan öz döwrüniň güýçli alymy bolup yetişipdir. Hususy mekdebini
döredip, onda döreden usulyyetini ulanyp sapak beripdir. Sapak wagty diňleýjlere gürrüň etmek we soraglar bermek gadagan bolupdyr. Ol şeýdip okuwçylarda çydamlylyk, sabyrlylyk, dogumlylyk yaly häsiýetleri terbiýeläpdir. Alymyň okuwçylaryny «pifagorçylar» diýip atlandyrypdyrlar. Ol okuwçy alanda olaryň bilim derejelerini, başarnyklaryny barlap, soň alypdyr. Ýaşan ömründe örän köp işleri edip ýetişmegi başaran alym biziň eýýamymyzdan önki 490-njy ýylda 80 yaşynda aradan çykypdyr.
36
110
tmyigit76
18.12.2023 20:30
Gabanjaňlyk näme?







Gabanjaňlyk diýlende, ilki bilen, ählimiziň häsiýetimize mahsus bolan, iň arzyly ynsanymyzy ýitirmek gorkusy beýnimizi gurşap alan halatyndaky oýlanyşykly ýa-da oýlanyşyksyz edilýän hereketler göz öňümize gelyär.

Gabanjanlyk gysgançlyga eltýän ýol bolup, haýsydyr bir zatdan ýetmezçilik çekýän ynsanlaryň «bu sende bar-da, näme üçin mende ýok?» diýip düşünýän endişeli, kähalatlarda ýalňyşlyga eltip bilýan duýgy öwrümleridir. Ony näçe ret etdiginçe tersine bolýar. Käbir adamlar ondan üstün çykmagy başarsalar hem, kähalatlarda bu duýgulara aşa berilmäge mejbur bolýarlar. Ine, şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmagy esasynda-da durmuşymyzda uly ýalňyşlyklar döräp bilýär. Gabanjaňlygyň täsirine düşen ynsan öz ýanyndan özüniň söýülmeýänine kemsinip, kyn ahwalaty başdan geçirýär. Bu bolsa onuň üçin esasy meseleleriň başlandygy
diýmekdir.

«Söýgi» diýen näzik duýgynyň bir basgançagynda gabanjaňlygyňam öz paýy bar elbetde. Ýöne ol aşa derejede däl-de, ortaça yagdaýda bolmaly. Halkymyzda «Tamdyra gyzanda ýap» diýen pähim bar. Ýeri gelende gabanjaňlygam gerekdir weli, ýöne her zat öz çeni bilen yagşy. Ýogsa ol aşa köpe gidiberse çözülip bolmajak, kähalatlarda bolsa bagyșlanmajak hereketlere-de eltip bilýär. Özümizi nähili alyp barsagam, kelebiň ujuny yitirmezligimiz zerur. Durmuş bizden şony talap edýär ahyryn. Onuň synagly öwrümlerinde ownamazlyk gerek.

Oylanyşylman edilen hereketler, bolgusyz pikirleri beýnimizde aýlap, oña çynymyz bilen berilmegimiz, daşyndan gören zadymyza ýüzleý baha bermegimiz bularyň ählisi sagdyn pikirlenmäge päsgel berýär.

Gabanjanlyk duýgusy haçan ýüze çykyp bilyär?


Ynsan eý görýän birini başgalary bilen
paýlaşyp bilmeyär. Ony diňe özüne degişli hasap edeni üçinem, onuň kimdir biri bilen aragatnaşykda bolmagyny, hatda gürleşmegini-de islemeýär. Ynha, edil şunuň ýaly pursatlarda bolsa gabanjaňlyk hem-de gysgançlyk duýgulary öz-özünden peýda bolýar we bir-birleri bilen sazlaşykly hereket etmek arkaly beýni öýjüklerini işjeňleşdirýär. Şeble ýagdaýlar bilen birnäçe gezek ýüzbe-ýüz bolan adamlaryň beýnisini güman, șübhe diýen oslagsyz düşünjeler kem-kemden gorjap başlaýar.

Gabanjaňlyk diýen duýgynyň akylymyzy
doly derejede özüne tabyn etmezligi üçin çyn ýürekden söýýän ynsanlarymyza berk ynanmalydyrys. Ynam güýçdür. Ynam bilen ädilen ädimler bolsa hemişe üstünlige sary alyp gidýär. Özüňize ynanşyňyz ýaly, ýüregiňize ýakyn ynsanlara-da ynanmagy başaryň!

Ogulnur Pirjikowa




Bir adamyň aýalyny gabanmagy imandandyr. Ýanýoldaşyny gabanmaýan erkekde aýalda haýyr ýokdur.



Hz.Muhammet (s.a.w)
45
130
tmyigit76
18.12.2023 13:13

PLATON









Meşhur grek filosofy Platon biziň eýýamymyzdan önki 427-nji ýylda Afiny șäherinde eneden dogulýar. Platon ýaşlykdan dürli ugurlardan bilim alypdyr. Ony gadymy Gresiýanyň atly-abraýly mugallymlary okadypdyrlar. Platon ýaşlykdan surat çekmek, kiçeňräk sahnajyklary ýazmak bilen meşgulla- nypdyr. Sport hem-de bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanyp, gadymy Gresiýada geçirilyän sport ýaryşlaryna gatnaşyp, sportuň göreş görnüşinden baýraklary hem gazanypdyr.


Biziň eýýamymyzdan önki 408-nji ýylda Afiny şäherinde görnükli grek filosofy

Sokrat Platona durmuşa dogry düşünmegi, adalatlylygy, gözelligi, medeniýeti, sungaty öwrenmegi, her bir bolup geçýän, wakalary seljerip, deñeşdirip, dogry baha bermek

endiklerini öwredipdir. Bu dostlukly halypa-şägirt gatnaşyklarynyň sekiz ýyldan soň, Sokratyň aradan çykmagy bilen kesilendigine seretmezden, Platon onuň ylmy-filosofik ugruny dowam etdiripdir. Ol özüniň filosofik eserlerinde mugallymy Sokratyň keşbini gadymy Gresiýada iň bir adalatly adam hökmünde görkezipdir.



Halypasy aradan çykandan soň, Platon

goňşy döwletlere syýahata ugraýar. Sokratyň şägirtleri bilen duşuşýar, pikir alyşýar. Onun syýahatçylygy on yyla çekýär. Ol baran ýerinde özi ýaly akyldarlar bilen duşuşypdyr, adamyň ömri, durmuşyň kanunlary barada söhbetdeş bolupdyr. Dürli döwletlerde syýahatda bolan Platon olaryň döwlet gurluşyna, hereket edyän kanunlaryna üns berýär. Olary deñeşdirip, özüçe netije çykarýar.


Platonyň döwlete, onuň gurluşyna

bolan garaýyşlary orta asyrlarda ýaşap geçen akyldarlaryň garaýyşlary bilen deň gelyär.Onuň pikiriçe, adyl döwlete dört sany ugur gabat gelmelidir. Olaryň ilkinjisi: döwlete akyldar patyşa ýolbaşçylyk etmeli; ikinji ugry: esgerler batyrgaý, gaýduwsyz bolmaIydyr; üçünji ugry: önüm öndürýänleriň sabyrlylygy, kanagatlylygy, zähmetsöýerligi

möhümdir. Soňky dördünji ugry: «Döwletde her kimiň öz işi bilen meşgullanmagy» diýip ýazypdyr. Gadymy Gresiýanyn taryhynda iñ bagtly adam kim diýlip berlen soraga Platon: «Sokrat» diyip jogap beripdir.



Uzak ýyllaryň dowamnynda syýahatda

bolan we dürli külpetleri başdan geçiren

Platon, ahyrsoňunda Afiny șäherine gaýdyp gelipdir we bu ýerde özüne täze öý satyn alypdyr. Ozüniň hususy ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutupdyr. Bu okuw jaýy il arasynda «Platonyň Akademiýasy» ady bilen meşhur bolupdyr. Akyldaryň bu meşhur okuw jaýy bizin eýýamymyzdan öňki 385-nji ýylda esaslandyrylyp, ol gadymy

dünyä taryhynda uly abraýly ýokary okuw jaýy bolupdyr. Platon bu ýerde matematika, fizika, astronomniya yaly ugurlara aýratyn üns beripdir. Akademiyada sapaklar belli bir wagtda geçirilip, ir ertirden okuwçylar Platonyň oýlap tapan sagadynyň sesine oýanypdyrlar.Okuwlar iki görnüşde alnyp barlypdyr. Günün birinji ýarymynda okuwlar, esasan, filosofiyadan bolup, mugallym we okuwçylar bagda gezelenç etmek arkaly sorag- jogap görnüşinde mesawy söhbetdeşlikde alnyp barlypdyr. Günün ikinji ýarymynda okuwçylar matematikany, fizikany, astronomiyany öwrenipdirler. Platonyň Akademiyasynyn yene-de bir aýratynlyklayrynyn biri okuwçylar diňe bir matematikany, fizikany, astronomiyany öwrenmek bilen çäklenmän, olar edebiýaty, botanikany,

hatda daşary ýurtlaryň hukuk- kanunçylygynam öwrenipdirler. Tejribeli, ylymly-bilimli okuwçylaryň hatarynda Aristoteliň bolmagy Platonyň Akademiýasynyň at-abraýyny has-da belende galdyrypdyr. Akyldar ömrüniň ahyryna çenli özünin Akademiyasynda filosofiyadan sapak beripdir. Ol şägirtlerine döwlet üçin gerek bolsa janyňdanam geçmelidigini hakykaty aýtmagyň zatdan süýjüdigini öwredipdir. Hatda ol öýünde agyr ýatan pursadynda hem bütin ömrüniň manysy bolan eserleri «Döwlet» we «Kanunlary» ýazyp, degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizipdir. Aýdyşlaryna görä, Platon biziň eýýamymyzdan önki 347-nji ýylda 80 ýaşynda doglan güni dünýäden ötüpdir. OI birnäçe şägirtleri betişdiripdir.Şolaryň arasynda logika ylmynyn düýbüni tutan Aristotel hem bar. Aristotel mugallymy Platonyň ylmyny dowam etdirmek bilen, ony diňe ýagşylykda ýatlapdyr.


Akyldar özi barada eserlerinde köp ýazmandyr. Şägirtleri ondan: «özüňiz barada geljekki nesiller ýatlap ýazarlarmy?» diýip soranlarynda ol özüne mahsus paýhasy bilen: «Ýagşydan at galar. Ýagşy adam bolup

dünyäden ötseň, seni ýatlap ýazjak tapylar» diýipdir.



Platonyň nesillere goýup giden ajaýyp
eserlerinde adam, durmuşyň manysy, ýaşaýşyň gözbaşy, dünýänin gurluşy barada aýdan pähimlerinde şeýle jümleler bar:

«Her zadyň in möhüm ýeri başlangyjydyr»,

«Bilip gürlemezlik, bilmän gürlemek ýaly ýamandyr»,

 «Adama akyly gazandyrjak zat
diñe edepdir»,

«Erbetligiň ýoly ýakyndyr, oňa aňsatlyk bilen ýetmek bolar, emma gowulygyň öňünde maňlaý deriň we wyždanyň goýlandyr»,

«Erbetligiň iň ulusy adalatsyzlygyň jezasyz galmagydyr»,

«Bagtlylyk ylym bilen gazanylýar».

45
244
tmyigit76
17.12.2023 22:01

Meşhur fizik zenan ─ Mariýa Sklodowskaýa-Kýuri







Radioişjeňlik hadysasy 1896-njy ýyty-nji

martynda fransuz fizigi Antuan Anri Bekkerel (1852-1908ý.) tarapyndan açylmagy köp alymlaryň ünsüni özüne

çekipdir. Şol sanda polýak gyzy, görnükli fizik, himik alymy Mariýa Sklodowskaýa-Kýuri (1867-1934ý.) we onuň adamsy fransuz fizik-alymy Pýer Kýuri dagy bu hadysany öwrenmegiň üstünde ymykly işläp başlaýarlar. Olar

eýýäm iki ýyldan, ýagny 1898-nji ýylda toriý (Th) elementiniň şeýle şöhleleri goýberýändigini anyklapdyrlar. Şol ýyl olar düzüminde uran we toriý elementleri bolan magdanlaryň uly toparyny birsyhly derňemek bilen öň belli bolmadyk iki elementi poloniý we radiý elementlerini bölüp aýrypdyrlar. Poloniý diýen at Mariýa Sklodowskaýa-Kýuriniň hormatyna goýlupdyr, ol onuň

watany bolan Polşany aňladýar.

Radi elementiniň şöhleleniş ha-

dysady has ýokary bolany üçin

oňa «şöhleli» diýen manyny berýän at goýupdyrýar. Mariýa Sklodowskaýa-Kýuri 1903-nji ýylda «Radioişjeň maddalar baradaky ylmy barlaglar» diýen temadan doktorlyk dissertasiýany gorap, Pariž uniwersitetiniň ilkinji aýal professory bolupdyr. Bu meşhur alym zenan barada halk arasynda aşakdaky ýaly rowaýatlar bar.


Mariýa Sklodowskaýa - polşaly gyz öz ylmy sowadyny hasda artdyrmak maksady bilen Fransiýanyň Ylymlar akademiýa syna işlemäge gidipdir. Ol ýerde fransuz fizigi Pýer Kýuri bilen

tanyşýar we soňra onuň bilen durmuş gurýar. Pýer, Mariýadan Özüniň familiýasyna geçmegini talap edipdir. Mariýa bu talaby göwnemese-de, adamsynyň göwnüni ýykmajak bolup, bir çykalga tapmak üçin bir-iki aý puryja bermegini sorapdyr. Sebäbi Mariýa zenan üçin ata familiýa ýaly eziz zat ýok diýip düşünipdir. Ol garaşylan wagt möhleti geçenden soň öz familiýasynyň

yzyna adamsynyň familiýasyny almak barada karara gelendigini aýdypdyr. Netijede, ähli fiziki hem himiki edebiýatlarda ol Mariýa Sklodows- kaýa-Kýuri diýip tanalýar. Ol şeýle goşa familiýany göterip, hem adamsynyň göwnüni tapypdyr hem-de öz göwnüni hoşlapdyr. Aslyýetinde, zenan maşgala bir gahrymançylyk görkezse, ýagny orta çyksa, at-abraý alyp ugrasa, onda Günbataryň alymlary şol maşgalanyň kakasyny, atasyny, tiresini giňden öwrenýän ekenler. Gelin bolup baran ýeri hakynda birki agyz aýdylyp geçilýän eken.



Pýer Kýuriniň ýaşynyň uly

bolmagy bilen ol ir ýogalypdyr.

Adamsy ýogalandan soň hem ylmy işini dowam edip, ikinji gezek uly ylmy açyşyny ylmy jemgyýetçilige subut edip görkezipdir. Şol açyşy üçin ol ikinji gezek Nobel baýragyny alypdyr.

49
272
tmyigit76
17.12.2023 18:25
Ýetginjekler janyna kast etmek barada pikirlenýärlermi?

Dowamy...





Ene-ata nämeler edip biler?



Janyna kast eden ýa-da synanşan ýetginjekleriň köpüsi bu barada ýakynlaryna öňünden duýdurýar. Ýöne hemme ene-ata ol alamatlary okamagy we wagtynda öňüni almagy başarmaýar. Käbir uly adamlar çagalaryň özüne zyýan ýetirmegini ýa-da öldürjekligini aýtmaklaryny “ýönekeýje üns çekmek islegi bilen aýtýandyr” öýdýär. Şol üns bermek mümkinçiligi wagtynda ulananyň soň elmydama bu mümkinçiligi sypdyranlygyňyza ökünip ýaşanyňyzdan has gowy.

Üns beriň we diňläň



Ýetginjek ile goşulman başlan bolsa ünsli boluň. Dostlary, bahalary, ukusy, gaharjaňlygy bilen bagly meseleler ýüze çykyp başladymy?

Uly adamlar bilen gürleşýän ýaly, dilini aýnatman, açyk gürleşjek boluň. Öz alada edýänligiňizi, goldawyňyzy we söýgüňizi görkeziň. Bu siziň öz maşgalaňyzda hiç haçan bolup geçmedik hem bolsa, siz şeýle ediň.

Siz we çagaňyzyň arasynda ýeterlik ýyly gatnaşyklaryňyz bar bolsa, öz gorkularyňyz barada gürrüň beriň. Dost bilen sögüşiňiz size uly mesele däl ýaly bolsada, ýetginjek üçin ol uly we irizýän bolup biler. Onuň başyndan geçýänleri kiçeltmäň ýa-da äsgermezçilik etmäň, beýle herekediňiz onuň ýekesiremegini ýa-da umytsyzlygyny güýçlendirer.

Eger ýetginjek siz bilen gürleşmegi özüne birahat görse oňa başga bitarap bir adam bilen gürleşmegi hödürläň, meselem başga bir garyndaşyňyz, molla, türgeni, mekdep psihology ýa-da çagaň öz lukmany bilen.

Sorag beriň



Käbir ene-atalar öz çagalaryndan janyna kast etmek ýa-da özlerine bilkastlaýyn şikes ýetirmek islegi barada sorag bermek islänok. Käbiri şeýle soraglary bilen ýetginjege şeýle pikir etmäge itergi bermeginden gorkýar. Käbirleri “onuň çagasy beýle zatlary hiç haçan pikirine getirmez” diýip oýlanýar. Käbirleri bolsa jogabyň “hawa” bolmagyndan gorkýar.

Soramak soramazlykdan elmydama has gowy. Näme üçin soraýandyňyzy düşündirmek wajyp. Meselem siz oňa “Ölmek isleýändigiňi köp agzaýanyňa üns berdim. Soňky wagtlar ýadaw, ile goşulmaýan ýaly görünýäň. Sen janyňa kast etmek barada pikirlenýän dälsiňa?”

Kömek nädip almaly



Çagaňyzyň janyna kast etmek baradaky pikirlerini eşiden badyňyza kömek üçin ýüzleniň. Saglyk öýlerdäki maşgala lukmanlardan psihoterapewte gönükdirme alyp bolýar. Bu diýmek siziň çagaňyzy psihiki näsag, sizi bolsa erbet ene-ata diýip hasap ediler diýmek däl. Bu siz öz çagaňyzy alada edýändigiňizi aňladýar, tejribeli kömege ýol açýanyňyzy we ony bejergi döwründe goldamaga taýýardygyňyzy aňladýar. Eger siziň ýagdaýyňyz mediki gatyşygy ýa-da dermanlar bilen bejergini talap etmeýän bolsa, psihoterapewt sizi psihologa ýollaýar.

Hünärmen bilen görüşme bellenilen ýagdaýda siziň ýetginjek çagaňyz ýagdaýynyň gowulaşandygyny aýtýan ýa-da gitmekden boýun gaçyrýan hem bolsa hökman baryň. Janyňa kast etmek baradaky pikirler hakykatdan hem gelip, soňam gidip bilýär. Emma çaga ölüm baradaky pikirlerini we krizis wagtyndaky özüni alyp baryşyny kontrol astynda saklamagy öwrenmeli.



Möhüm! Ýetginjege agram salyp, ony bejergä onuň islegine garşy çykyp, “çekeläp” akitmäň. Ene-ata we özüni daşlaşan, düşnüksiz, gadyry gaçan ýa-da janyna kast etmäge ýykgyn edýän ýetginjek arasyndaky dawalar ýagdaýy agyrlaşdyryp biler. Hünärmen bilen maslahatlaşyň, ýetginjege kömek üçin ýüzlenmäge ýardam berjek usullary gürleşiň.

Möhüm! Maşgala taryhyňyzy ýada salyň, kimdir biri maşgalaňyzda depressiýa, alkogol içgileri köp içmek, narkotik ýa-da psihoaktiw serişdelerini ulanmak, zorluk ýaly hereketleri bolan bolsa ony lukmana gürrüň beriň. Başga islendik stress barada, elmydama gaýtalanyp duran tankyt barada gürleşiň.


NETIJE




Ýetginjekler janyna kast etmek barada pikirlenýär. Bu fakt. Ene-atalar öz çagalary bilen elmydama aragatnaşykda bolmaly, olaryň adaty herekediniň islendik üýtgeşikligine üns bermeli. Bu zatlary çagalary bilen gürleşmeli.

Köp ýagdaýlarda ene-ata kömek edip bilýär. Nädip? Goldaw, ideg, üns we maslahat berip. Çaganyň aladasy kiçijek ýa wajyp däl ýaly görünsede çaga üçin olar gaty möhüm. Diýmek ony kiçeltmeli ýa-da äsgermezçilik etmeli däl.

Onuň ýetginjek döwründe siz oňa diňe “eje” ýa-da “kaka” däl, eýsem elmydama ýüz tutup biljek dosty bolmaly.



©Çeşme:www.UNFPA Türkmenistan.com
39
58
tmyigit76
16.12.2023 21:06
Adolf Gitleriň jesediniň açylyp barlanyşy






İblisiň ýerdäki saýasy bolan Adolf Gitler barada gürrüň gidende adamy oýlandyrýa: adamyň şahsyýeti hem şu dereje wagyşýana bolup bilermi. Mahlasy, bu adamyň diriligine diňe eli dälde ady hem gana bulanypdy. Şonuň üçindir, onuň terjimehalyny öwrenmek häzirki döwürde hem dynusyz dowam edip gelýär.

Bu postda Adolf Gitleriň jesediniň açylyp öwrenilişi barada gyzykly we köplere mälim bolmadyk maglumatlary size ýetirýäris.

Bilşimiz ýaly Gitleriň jesedi barada her dürli garaýyşlar bar. Käbirkeri ony Awstraliýa gaçyp giden diýse, ýene birileri ony Kolumbiýada gizlenipdir diýýärler. Emma anyk we halkara derejesinde ykrar edilen faktlarda başgaça beýan edilýär.

1945-nji ýylyň 5-nji maý güni Gitleriň soňky wagtlaryny ýaşan fýurer bunkerinden sowet soýuzynyň uly leýtenanty Aleksandr Panasow adeýala oralan ýanyp köýen jesedi tapýar. Bu jeset hakynda tiz wagtyň içinde general Konstansin Telegine habar edilýär. A. Panasowyň tapan jesediniň benzin sepip ýakylandygy sebäpli ony tanamak mümkin däldi. Şol sebäpli general Telegin tiz wagtyň içinde hirurg doktorlatdan ybarat bolan toapary düzmäge buýruk berýär. Soňra bolsa 1945-nji ýylyň 8-nji maý güni ýanan jesedi açyp barlamak işleri Berliniň demirgazyk-günorta tarapyndaky Buh gospitalynda başlanýar.

A. Panasowyň tapan jesedi şol wagtlar hemmeden syr tutulyp, ony Adolf Gitleriň jesediligi takmyn edilýär.1945-nji ýylyň 8-nji maýyndaky jesediň üstündäki barlaglaryn netijesinde bu pikir öz tassygyny tapýar.

Adolf Gitleriň jesedine ilkinji hirurgiki pyçagy ulanan adam bu - sowet soýuzynyň podpolkownigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Faust Iosifiç Şkarabskiýdir. Şonda Gitleriň jesedine 12-nji belgili jeset diýip resmileşdirilýär.
Karabskini ony doly açyp öwrenenden soň, çyndan hem şol, ýowuzlyk tymsaly bolan Adolf Gitleriň jesediligi doly anyklanýar. Sebäbi şol alnyp barlan barlaglarda, Gitleriň agzyna protez diş goýup beren, stamatologyň asisenti Kete Hoyzerman hem bar eken. Stamatolak asisenti Hoyzerman ýanan jesediň agzyndan doktar Şkarabskiniň alyp beren protezini gören badyna: "Hawa bu biziň Gitlere goýup beren protezimiz"-diýip, jogap berýär. 12-nji belgili jesediň Gitleriň jesediligi doly we anyk tassyklanandan soň, onuň jesedi general Teleginiň buýrugy bilen buza salyp goýulýar. Gitleriň jesediniň indiki takdyry bolsa has eýmenç. 1970-nji ýylyň mart aýynda Sowet soýuzynyň döwlet howpsuzlyk komiteti ýagny KGB, "arhiw" diýlip atlandyrylan operasiýany amala aşyrýar. Oňa görä Gitleriň jesediniň galyndylary gömülen gizlin ýerden gazylyp alnyp ahyryna çenli ýakylýar we ýanyp bolanyndan soňra galan külleri gizlin ýere ýakyn bolan kölüň düýbüne çökdürýärler.




©Çeşme: "Turfa olam" you tobe kanalyndan
44
216
tmyigit76
16.12.2023 10:00
Ýetginjekler janyna kast etmek barada pikirlenýärlermi?






Janyňa kast etmek – kimdir biriniň ýaşaýyşa derek ölümi saýlamagydyr. Bu saýlaw onuň maşgalasy, dostlary we jemgyýet üçin elmydama weýran ediji bolup galýar. Ene-atasy, jigi-doganlary, klasdaşlary, türgenleşdirijileri we goňşylary soň özlerine köp wagtyň dowamynda “Näme üçin?” we “Biz nädip onuň öňüni alyp bilerdik?” ýaly soraglary sorap gezýärler.

 

Ýetginjeklik döwründe janyña kast etmek töwekgelçiligi köpelýär




Çagalaryň arasynda janyňa kast etmek seýrek duş gelýär. Emma ýetginjeklik döwründe hemme zat üýtgeýär. Keselleri gözegçilik etmek we öňüni almak merkeziň (CDC) hasabatyna göra özüni öldürmeklik 15 we 24 ýaşlar arasynda betbagtçylyk hadysasyndan we öldürilmekden soň ölümiň öňdebaryjy üçünji sebabi.

Şeýle hem her bir janyňa kast etmek wakasyndan has köp janyňa kast etmäge synanyşmak ýagdaýlary bar.

Oglanlarda we gyzlarda janyña kast etmek derejesi dürli. Gyzlaryň özüni öldürmek baradaky pikirleri, we janyna kast etmeklige synanşyklygy oglanlaryňka garanyňda iki esse köp. Iň köp ulanylýan usul – aşa köp derman/narkotik serişdelerini ulanmak ýa-da damaryny kesmek bolup durýar.

Emma oglanlaryň arasynda janyňa kast etmeklik başarnygy gyzlaryñka garanyňda 4 esse köp bolýar. Ekspertleriň aýtmagyna göra, onuň sebäbi oglanlar has köp ölüme getiriji usullary ulanýandygyndan.

 

Näme üçin ýetginjekler janyña kast etmek barada oýlanýarlar?

Ýetginjeklik döwri – mümkinçilikleriň köp wagty, ýaş ýetginjegiň çagalyk we ýetişgenligiň aralygyndaky wagt, şol sanda stresiň we biynjalyklygyň ýokary wagty bolup durýar. Onuň sosial durmuşa utgaşýan wagty, jogapkärli hereket etmegi öwrenýän wagty.

Şeýle hem onuň özüniň jynsy şahsyýedini we gatnaşyklaryny, garaşsyzlyga bolan hyjuwyny kesgitleýän wagty, ol hereketleri köplenç beýlekileriň goýan tertibine we tamasyna ters gelip bilýär.

Şol şertlerde ýetginjekler köp halatlarda nähili hereket etjegini bilmeýär. Herdürli durmuş meselelerinden in az yitgi bilen çykyp başarmak üçin yetik durmuş tejribeleri heniz yok.

Olaryň pikirinde iň aňsat ýol bir hereketde ähli zady öçürip göýbermek: gatnaşyklar, ýokary talaplar, saglyk we daş keşpleri bilen bagly meseleler.

 

Janyña kast etmek töwekgelçiligi kimlerde has ýokary?



Ýetginjekler ýaş döwri howsalalyga ýakyn bolýar. Gormonlaryň köp sanly bolýan döwründe olarda käbir psihiki näsazlyklaryň ýitileşmegine getirýär: depressiýa, bipolýar bozuklyga ýa-da ukusyzlyga. Şol sanda janyňa kast etmeklik baradaky pikirleriň köpelmegine getirýär.

Uly töwekgelçilige durmuşynda uly üýtgeşmeleri başdan geçirenler: ene-atasynyň aýrylyşmagy, başga ýere göçmegi, ene-atasynyň biriniň gulluk sebäpli öýden gitmegi, maliýe üýtgeşmeler, üstünden gülünýänler ýa-da ünsden düşürilýänler sezewar bolýar.

Janyña kast etmek töwekgelçiligini köpeldýän faktorlar şol sanda:

Psihologiki bozulma, esasan depressiýa, bipolýar bozulma (ýiti we kontrolsyz keýpiň üýtgemegi), alkogol we narkotik serişdeleri ulanmaklyk (janyña kast edenleriň 95% psihologiki bozulmaly adamlar)

• Stress, gaharjaňlyk we uly howsalalyk
Depressiýa bilen birlikde çykgynsyzlyk we umytsyzlyk duýgusy bolanlar

• Birnäçe gezek janyňa kast etmäge synanyşmaklyk

• Nesil yzarlaýan depressiýa we janyňa kast etmeklik

• Emosional, fiziki ýa-da jynsy zorlama

• Goldawyň ýoklugy, ene-ata bilen ýa-da deň-duşlar bilen bozulan gatnaşyklar we sosial çetleşdirme duýgusy bolanlar
 

Ýetginjegiň janyna kast etmeklik barada pikirlenýändigini nädip anyklamaly?



Ýetginjeklerde janyña kast etmeklik durmuşynda haýsydyr bir stressli ýagdaýy başdan geçirenden soň bolýar. Meselem, mekdepdäki meselelerden, gatnaşygyň kesilmeginden, söýýän adamynyň ölüminden soň, ene-atasynyň aýrylyşmagyndan ýa-da iri maşgala dawa-jenjelinden soň.

Howsala bildirýän alamatlar:

• Janyña kast etmek ýa-da ölüm barada gürrüñ açmagy

• Ol elmydama ýanyňyzda bolmajagyny aýtmagy

•Çykgynsyzlygy ýa-da günäli duýýanlygy barada aýtmagy

• Dostlaryndan ýa-da maşgalasyndan daşlaşmagy

• Ölüm, aýralyk we ýitgi barada aýdym, goşgy ýa-da hat ýazmagy

• Özüne gymmatly bolan zatlary başgalara paýlamagy

•Islendik işe ýa-da güýmenjä gatnaşmakdan boýun gaçyrmagy

Konsentrasiýa ýa-da dury pikirlenmek bilen bagly meseleleriniň ýüze çykmagy

• Töwekgelçilikli hereketlere gatnaşmagy

• Mekdebe ýa-da sporta bolan gyzygyny ýitirmegi

Bu sanawa gabat gelmegi ýetginjegiň özüni öldürmek islegi baradaky 100% subutnamasy däl. Emma gysga wagtyň içinde gabat geleni üç sandan köp bolsa, ýetginjek bilen gürleşiň we ony näme bimaza edýäni bilen hökman gyzyklanyň.

Möhüm! Ýakyn adamlaryň goldawy aýyklaýjy bolup biler – iň gaharjaň herekedine pozitiw jogap we ideg gaýtargysyny alan ýetginjek pikirini üýtgedip bilýär we janyna kast etmäge synanyşmakdan yüz öwürmegi mümkin!


Dowamy bar...



[u]©Çeşme: UNFPA Türkmenistan.com[/i]
31
49
tmyigit76
15.12.2023 21:30
Netiket: sosial ulgamlarda nädip we näme üçin mylakatly bolmaly?


dowamy







Gaharlandyryjy gylyk-häsiýet




Sosial ulgamlarda bloklanmazlygyňyz üçin şulary etmeli däl:

• Gereksiz postlarda, konkurslarda, ýaryşlarda ähli gabat gelen adamlary bellemäň.

• Günde 3 postdan köp we ýüzlerçe gysga storisleri paýlaşmaň. Kontentyň sanyna däl-de, hiline üns beriň. Şahsy gürrüňleri diňe şahsy habarlaşmada saklaň.

• Sosial media – pikirleriňi paýlaşyp bolýan ajaýyp ýer, emma durmuşyňyzyň her bir minudy barada ol ýerde gürrüň bermek gerek däl.

• Postlara has köp üns çekmek maksady bilen aşa köp heşteg ulanmak gerekli däl. 10-a çenli ýeterli.

• Kimdir birini kemsidiji postyň ýa-da suratyň aşagynda bir adamy bellik etmek – göwne degiji hereket.

• Öz-özüňi repost edip, gaýtalap durmak.
Kimdir birini birugsat köpçülik çatyna ýa-da gruppasyna goşmak.

• Kimdir birini saňa podpiska bolmagy üçin yzarlamak, soňam ol adamdan otpiska bolmak.

• Awtoryny görkezmezden onuň awtor ýazgylaryny ogurlamak.

• ÝAZGYNY ULY HARPLAR bilen ýazmak, şeýle harplar kimdir birine gygyrýan ýaly duýguny berýär.

• Ýazgy post edilenden soň onuň tekstini üýtgedip, ilki başdaky manysyndan doly aýyrmak.
 


Gender duýgurlyk




Internetdäki gender rollary – wawwaly tema. Şu temada bir zady post etmezden, ýa-da başga biriniň postuny paýlaşmazdan ozal bu babatdaky öz pozisiýaňy kesgitlemek. Ýerliksiz belliklerden/özüňi alyp baryşdan we şol esasdaky ýakymsyz netijelerden gaça durmak üçin gender duýgurlygy zerur. Gönüläp aýtsak, kabul ederli hereketleriň araçägini duýmak we bilmek zerur.

• Bir jedeliň jynsy esasdaky kemsidilmelerine getirmäge ýol bermäň.

• Gender belliklerine/stereotiplerine ýol bermäň.

• Eger zenana onlaýn giňişliginde erkegiň bolmagy oňaýsyz bolsa (ýa-da tersine), ony gününe goýuň.

• Sosial ulgamlarda aýalparaz/erkekparaz postlary öňe sürmäň, paýlaşmaň.

• Jemgyýetçilik ýa-da hususy bir çärä gatnaşýan bolsaňyz, paýlaşmaga rugsadyňyz bolmazdan adamlaryň suratlaryny sosial mediýada paýlaşmaň - bu şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi.

• Eger siz biriniň sahypasyna ýazylmaga rugsat soran bolsaňyz, garşydaky adam siziň haýyşyňyzy ret eden bolsa – gaýtadan ýazylmagy haýyş etmäň. Beýle hereket şol adamy yzarlajak bolýan ýaly duýgy döredýär.
 


Howpsyzlyk/Gizlinlik




Adamlar beýleki adamlar bilen habarlaşyp, dürli oýunlary oýnap, profillerine üýtgeşmeleri girizip we ş.m. bilen sosial mediýada köp wagt sarp edýärler. Şeýle-de bolsa, bu işiň erbet tarapy bar: howpsuzlyga üns bermezlik.

Howpsyzlyk we gizlinlik baradaky soraglar sosial ulgamlaryň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Hiç bir sosial ulgam ondaky bolup biljek meselelerden goralan däl. Yzarlanyş, şahsy maglumatlaryň ogurlanmagy, ýasama/galp suratlaryň ýaýradylmagy we sosial ulgamlar arkaly gorkuzmak/haýbat atmak ýaly dürli ýagdaýlar häli şindi bolup dur. Ýaşyna we jynsyna garamazdan her bir adam pidasy bolup bilýär.

Sosial ulgamlardaky howpsyzlyk temasyny ŞU ÝERDÄKI MAKALADA jikme-jik düşündirdik.

 

Sosial mediada jenaýatçylykly hereketler




Adamyň sosial mediada jenaýatçydygyny ýa-da berlen sosial roluna kän bir gabat gelmeýändigini nädip tapawutlandyrmaly?

Jenaýatçylykly hereket - beýleki adamlara fiziki, psihologiki, maddy ýa-da sosial taýdan zyýan berip biljek hereketlerdir. Şeýle hereket diňe bir başgalara hakyky zyýan ýetirmek bilen çäklenmän, jenaýatçynyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegine hem sebäp bolup biler. Hatda kanuny bilmezlik hem jenaýata çekilmezlik üçin bahana däldir. Şonuň üçin, banlanmazlyk we (has erbedi) haýsydyr bir kanuny bozmazlyk üçin sosial mediany işjeň ulanmaga başlamazdan ozal onuň düzgünlerini öwrenmeli.

Töhmet atmak, şahsyýetiňi galp ýa-da başga biri edip görkezmek, paýyş sözleri ulanmak, zorluga öjükdirmek, azar bermek we şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi çynlakaý zyýan ýetirip biljek hereketler üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilner.


NETIJE




Sosial media biziň hakyky durmuşymyzyň dowamydyr. Şonuň üçin wirtual dünýäde hem gönüden-göni, dogry, sypaýy we oňyn gatnaşykda bolan adamlarymyz bilen gündelik durmuşdaky ýaly hereket etmegimiz gerek.



©Çeşme: www.UNFPATürkmenistan.com
 
37
53