PLATON
Meşhur grek filosofy Platon biziň eýýamymyzdan önki 427-nji ýylda Afiny șäherinde eneden dogulýar. Platon ýaşlykdan dürli ugurlardan bilim alypdyr. Ony gadymy Gresiýanyň atly-abraýly mugallymlary okadypdyrlar. Platon ýaşlykdan surat çekmek, kiçeňräk sahnajyklary ýazmak bilen meşgulla- nypdyr. Sport hem-de bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanyp, gadymy Gresiýada geçirilyän sport ýaryşlaryna gatnaşyp, sportuň göreş görnüşinden baýraklary hem gazanypdyr.
Biziň eýýamymyzdan önki 408-nji ýylda Afiny şäherinde görnükli grek filosofy
Sokrat Platona durmuşa dogry düşünmegi, adalatlylygy, gözelligi, medeniýeti, sungaty öwrenmegi, her bir bolup geçýän, wakalary seljerip, deñeşdirip, dogry baha bermek
endiklerini öwredipdir. Bu dostlukly halypa-şägirt gatnaşyklarynyň sekiz ýyldan soň, Sokratyň aradan çykmagy bilen kesilendigine seretmezden, Platon onuň ylmy-filosofik ugruny dowam etdiripdir. Ol özüniň filosofik eserlerinde mugallymy Sokratyň keşbini gadymy Gresiýada iň bir adalatly adam hökmünde görkezipdir.
Halypasy aradan çykandan soň, Platon
goňşy döwletlere syýahata ugraýar. Sokratyň şägirtleri bilen duşuşýar, pikir alyşýar. Onun syýahatçylygy on yyla çekýär. Ol baran ýerinde özi ýaly akyldarlar bilen duşuşypdyr, adamyň ömri, durmuşyň kanunlary barada söhbetdeş bolupdyr. Dürli döwletlerde syýahatda bolan Platon olaryň döwlet gurluşyna, hereket edyän kanunlaryna üns berýär. Olary deñeşdirip, özüçe netije çykarýar.
Platonyň döwlete, onuň gurluşyna
bolan garaýyşlary orta asyrlarda ýaşap geçen akyldarlaryň garaýyşlary bilen deň gelyär.Onuň pikiriçe, adyl döwlete dört sany ugur gabat gelmelidir. Olaryň ilkinjisi: döwlete akyldar patyşa ýolbaşçylyk etmeli; ikinji ugry: esgerler batyrgaý, gaýduwsyz bolmaIydyr; üçünji ugry: önüm öndürýänleriň sabyrlylygy, kanagatlylygy, zähmetsöýerligi
möhümdir. Soňky dördünji ugry: «Döwletde her kimiň öz işi bilen meşgullanmagy» diýip ýazypdyr. Gadymy Gresiýanyn taryhynda iñ bagtly adam kim diýlip berlen soraga Platon: «Sokrat» diyip jogap beripdir.
Uzak ýyllaryň dowamnynda syýahatda
bolan we dürli külpetleri başdan geçiren
Platon, ahyrsoňunda Afiny șäherine gaýdyp gelipdir we bu ýerde özüne täze öý satyn alypdyr. Ozüniň hususy ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutupdyr. Bu okuw jaýy il arasynda «Platonyň Akademiýasy» ady bilen meşhur bolupdyr. Akyldaryň bu meşhur okuw jaýy bizin eýýamymyzdan öňki 385-nji ýylda esaslandyrylyp, ol gadymy
dünyä taryhynda uly abraýly ýokary okuw jaýy bolupdyr. Platon bu ýerde matematika, fizika, astronomniya yaly ugurlara aýratyn üns beripdir. Akademiyada sapaklar belli bir wagtda geçirilip, ir ertirden okuwçylar Platonyň oýlap tapan sagadynyň sesine oýanypdyrlar.Okuwlar iki görnüşde alnyp barlypdyr. Günün birinji ýarymynda okuwlar, esasan, filosofiyadan bolup, mugallym we okuwçylar bagda gezelenç etmek arkaly sorag- jogap görnüşinde mesawy söhbetdeşlikde alnyp barlypdyr. Günün ikinji ýarymynda okuwçylar matematikany, fizikany, astronomiyany öwrenipdirler. Platonyň Akademiyasynyn yene-de bir aýratynlyklayrynyn biri okuwçylar diňe bir matematikany, fizikany, astronomiyany öwrenmek bilen çäklenmän, olar edebiýaty, botanikany,
hatda daşary ýurtlaryň hukuk- kanunçylygynam öwrenipdirler. Tejribeli, ylymly-bilimli okuwçylaryň hatarynda Aristoteliň bolmagy Platonyň Akademiýasynyň at-abraýyny has-da belende galdyrypdyr. Akyldar ömrüniň ahyryna çenli özünin Akademiyasynda filosofiyadan sapak beripdir. Ol şägirtlerine döwlet üçin gerek bolsa janyňdanam geçmelidigini hakykaty aýtmagyň zatdan süýjüdigini öwredipdir. Hatda ol öýünde agyr ýatan pursadynda hem bütin ömrüniň manysy bolan eserleri «Döwlet» we «Kanunlary» ýazyp, degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizipdir. Aýdyşlaryna görä, Platon biziň eýýamymyzdan önki 347-nji ýylda 80 ýaşynda doglan güni dünýäden ötüpdir. OI birnäçe şägirtleri betişdiripdir.Şolaryň arasynda logika ylmynyn düýbüni tutan Aristotel hem bar. Aristotel mugallymy Platonyň ylmyny dowam etdirmek bilen, ony diňe ýagşylykda ýatlapdyr.
Akyldar özi barada eserlerinde köp ýazmandyr. Şägirtleri ondan: «özüňiz barada geljekki nesiller ýatlap ýazarlarmy?» diýip soranlarynda ol özüne mahsus paýhasy bilen: «Ýagşydan at galar. Ýagşy adam bolup
dünyäden ötseň, seni ýatlap ýazjak tapylar» diýipdir.
Platonyň nesillere goýup giden ajaýyp
eserlerinde adam, durmuşyň manysy, ýaşaýşyň gözbaşy, dünýänin gurluşy barada aýdan pähimlerinde şeýle jümleler bar:
«Her zadyň in möhüm ýeri başlangyjydyr»,
«Bilip gürlemezlik, bilmän gürlemek ýaly ýamandyr»,
«Adama akyly gazandyrjak zat
diñe edepdir»,
«Erbetligiň ýoly ýakyndyr, oňa aňsatlyk bilen ýetmek bolar, emma gowulygyň öňünde maňlaý deriň we wyždanyň goýlandyr»,
«Erbetligiň iň ulusy adalatsyzlygyň jezasyz galmagydyr»,
«Bagtlylyk ylym bilen gazanylýar».