tmyigit76
18.12.2023 20:30
Gabanjaňlyk näme?







Gabanjaňlyk diýlende, ilki bilen, ählimiziň häsiýetimize mahsus bolan, iň arzyly ynsanymyzy ýitirmek gorkusy beýnimizi gurşap alan halatyndaky oýlanyşykly ýa-da oýlanyşyksyz edilýän hereketler göz öňümize gelyär.

Gabanjanlyk gysgançlyga eltýän ýol bolup, haýsydyr bir zatdan ýetmezçilik çekýän ynsanlaryň «bu sende bar-da, näme üçin mende ýok?» diýip düşünýän endişeli, kähalatlarda ýalňyşlyga eltip bilýan duýgy öwrümleridir. Ony näçe ret etdiginçe tersine bolýar. Käbir adamlar ondan üstün çykmagy başarsalar hem, kähalatlarda bu duýgulara aşa berilmäge mejbur bolýarlar. Ine, şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmagy esasynda-da durmuşymyzda uly ýalňyşlyklar döräp bilýär. Gabanjaňlygyň täsirine düşen ynsan öz ýanyndan özüniň söýülmeýänine kemsinip, kyn ahwalaty başdan geçirýär. Bu bolsa onuň üçin esasy meseleleriň başlandygy
diýmekdir.

«Söýgi» diýen näzik duýgynyň bir basgançagynda gabanjaňlygyňam öz paýy bar elbetde. Ýöne ol aşa derejede däl-de, ortaça yagdaýda bolmaly. Halkymyzda «Tamdyra gyzanda ýap» diýen pähim bar. Ýeri gelende gabanjaňlygam gerekdir weli, ýöne her zat öz çeni bilen yagşy. Ýogsa ol aşa köpe gidiberse çözülip bolmajak, kähalatlarda bolsa bagyșlanmajak hereketlere-de eltip bilýär. Özümizi nähili alyp barsagam, kelebiň ujuny yitirmezligimiz zerur. Durmuş bizden şony talap edýär ahyryn. Onuň synagly öwrümlerinde ownamazlyk gerek.

Oylanyşylman edilen hereketler, bolgusyz pikirleri beýnimizde aýlap, oña çynymyz bilen berilmegimiz, daşyndan gören zadymyza ýüzleý baha bermegimiz bularyň ählisi sagdyn pikirlenmäge päsgel berýär.

Gabanjanlyk duýgusy haçan ýüze çykyp bilyär?


Ynsan eý görýän birini başgalary bilen
paýlaşyp bilmeyär. Ony diňe özüne degişli hasap edeni üçinem, onuň kimdir biri bilen aragatnaşykda bolmagyny, hatda gürleşmegini-de islemeýär. Ynha, edil şunuň ýaly pursatlarda bolsa gabanjaňlyk hem-de gysgançlyk duýgulary öz-özünden peýda bolýar we bir-birleri bilen sazlaşykly hereket etmek arkaly beýni öýjüklerini işjeňleşdirýär. Şeble ýagdaýlar bilen birnäçe gezek ýüzbe-ýüz bolan adamlaryň beýnisini güman, șübhe diýen oslagsyz düşünjeler kem-kemden gorjap başlaýar.

Gabanjaňlyk diýen duýgynyň akylymyzy
doly derejede özüne tabyn etmezligi üçin çyn ýürekden söýýän ynsanlarymyza berk ynanmalydyrys. Ynam güýçdür. Ynam bilen ädilen ädimler bolsa hemişe üstünlige sary alyp gidýär. Özüňize ynanşyňyz ýaly, ýüregiňize ýakyn ynsanlara-da ynanmagy başaryň!

Ogulnur Pirjikowa




Bir adamyň aýalyny gabanmagy imandandyr. Ýanýoldaşyny gabanmaýan erkekde aýalda haýyr ýokdur.



Hz.Muhammet (s.a.w)
45
130
sazsoft
20 Dekabr 2023
Woow, sözleriňe saglyk, Hezreti Muhammet! 😍
alma___
19 Dekabr 2023
Gadanjañlyk hem nesil yzarlaýa òytýàn
alma___
19 Dekabr 2023
@medik_, òzi biwepalylyk etýàni ùçin aýalynada ynanmaýa diýjek bolýañyzda şeýlemi
alma___
19 Dekabr 2023
Àr aýal 15 ýyl bàri ýaşaşyp ýòr diýeli aýal àrinden başda adama seredenok.Àri şondada ynanok,gabanyp ýòr.şy ýagdaýa aýal nàhili dùşùnse bor.Sòýeni ùçin gabanýa diýipmi ýada içigaralyk edýà diýip
tmyigit76
19 Dekabr 2023
@nur, şo öz zadyny ýitirmegi we onuň başgalara üns bermegi bn döreýä gabanç. O pikir başga
nuranow
18 Dekabr 2023
Kä birilerine ynam berseň "samsyk" saýýar, şonda näme etmelikä🤔
arazowa
18 Dekabr 2023
😇😇👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.