Adolf Gitleriň jesediniň açylyp barlanyşyİblisiň ýerdäki saýasy bolan Adolf Gitler barada gürrüň gidende adamy oýlandyrýa: adamyň şahsyýeti hem şu dereje wagyşýana bolup bilermi. Mahlasy, bu adamyň diriligine diňe eli dälde ady hem gana bulanypdy. Şonuň üçindir, onuň terjimehalyny öwrenmek häzirki döwürde hem dynusyz dowam edip gelýär.
Bu postda Adolf Gitleriň jesediniň açylyp öwrenilişi barada gyzykly we köplere mälim bolmadyk maglumatlary size ýetirýäris.Bilşimiz ýaly Gitleriň jesedi barada her dürli garaýyşlar bar. Käbirkeri ony Awstraliýa gaçyp giden diýse, ýene birileri ony Kolumbiýada gizlenipdir diýýärler. Emma anyk we halkara derejesinde ykrar edilen faktlarda başgaça beýan edilýär.
1945-nji ýylyň 5-nji maý güni Gitleriň soňky wagtlaryny ýaşan fýurer bunkerinden sowet soýuzynyň uly leýtenanty Aleksandr Panasow adeýala oralan ýanyp köýen jesedi tapýar. Bu jeset hakynda tiz wagtyň içinde general Konstansin Telegine habar edilýär. A. Panasowyň tapan jesediniň benzin sepip ýakylandygy sebäpli ony tanamak mümkin däldi. Şol sebäpli general Telegin tiz wagtyň içinde hirurg doktorlatdan ybarat bolan toapary düzmäge buýruk berýär. Soňra bolsa 1945-nji ýylyň 8-nji maý güni ýanan jesedi açyp barlamak işleri Berliniň demirgazyk-günorta tarapyndaky Buh gospitalynda başlanýar.
A. Panasowyň tapan jesedi şol wagtlar hemmeden syr tutulyp, ony Adolf Gitleriň jesediligi takmyn edilýär.1945-nji ýylyň 8-nji maýyndaky jesediň üstündäki barlaglaryn netijesinde bu pikir öz tassygyny tapýar.
Adolf Gitleriň jesedine ilkinji hirurgiki pyçagy ulanan adam bu - sowet soýuzynyň podpolkownigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Faust Iosifiç Şkarabskiýdir. Şonda Gitleriň jesedine 12-nji belgili jeset diýip resmileşdirilýär.
Karabskini ony doly açyp öwrenenden soň, çyndan hem şol, ýowuzlyk tymsaly bolan Adolf Gitleriň jesediligi doly anyklanýar. Sebäbi şol alnyp barlan barlaglarda, Gitleriň agzyna protez diş goýup beren, stamatologyň asisenti Kete Hoyzerman hem bar eken. Stamatolak asisenti Hoyzerman ýanan jesediň agzyndan doktar Şkarabskiniň alyp beren protezini gören badyna: "Hawa bu biziň Gitlere goýup beren protezimiz"-diýip, jogap berýär. 12-nji belgili jesediň Gitleriň jesediligi doly we anyk tassyklanandan soň, onuň jesedi general Teleginiň buýrugy bilen buza salyp goýulýar. Gitleriň jesediniň indiki takdyry bolsa has eýmenç. 1970-nji ýylyň mart aýynda Sowet soýuzynyň döwlet howpsuzlyk komiteti ýagny KGB, "arhiw" diýlip atlandyrylan operasiýany amala aşyrýar. Oňa görä Gitleriň jesediniň galyndylary gömülen gizlin ýerden gazylyp alnyp ahyryna çenli ýakylýar we ýanyp bolanyndan soňra galan külleri gizlin ýere ýakyn bolan kölüň düýbüne çökdürýärler.
©Çeşme: "Turfa olam" you tobe kanalyndan