tmyigit76
16.12.2023 10:00
Ýetginjekler janyna kast etmek barada pikirlenýärlermi?






Janyňa kast etmek – kimdir biriniň ýaşaýyşa derek ölümi saýlamagydyr. Bu saýlaw onuň maşgalasy, dostlary we jemgyýet üçin elmydama weýran ediji bolup galýar. Ene-atasy, jigi-doganlary, klasdaşlary, türgenleşdirijileri we goňşylary soň özlerine köp wagtyň dowamynda “Näme üçin?” we “Biz nädip onuň öňüni alyp bilerdik?” ýaly soraglary sorap gezýärler.

 

Ýetginjeklik döwründe janyña kast etmek töwekgelçiligi köpelýär




Çagalaryň arasynda janyňa kast etmek seýrek duş gelýär. Emma ýetginjeklik döwründe hemme zat üýtgeýär. Keselleri gözegçilik etmek we öňüni almak merkeziň (CDC) hasabatyna göra özüni öldürmeklik 15 we 24 ýaşlar arasynda betbagtçylyk hadysasyndan we öldürilmekden soň ölümiň öňdebaryjy üçünji sebabi.

Şeýle hem her bir janyňa kast etmek wakasyndan has köp janyňa kast etmäge synanyşmak ýagdaýlary bar.

Oglanlarda we gyzlarda janyña kast etmek derejesi dürli. Gyzlaryň özüni öldürmek baradaky pikirleri, we janyna kast etmeklige synanşyklygy oglanlaryňka garanyňda iki esse köp. Iň köp ulanylýan usul – aşa köp derman/narkotik serişdelerini ulanmak ýa-da damaryny kesmek bolup durýar.

Emma oglanlaryň arasynda janyňa kast etmeklik başarnygy gyzlaryñka garanyňda 4 esse köp bolýar. Ekspertleriň aýtmagyna göra, onuň sebäbi oglanlar has köp ölüme getiriji usullary ulanýandygyndan.

 

Näme üçin ýetginjekler janyña kast etmek barada oýlanýarlar?

Ýetginjeklik döwri – mümkinçilikleriň köp wagty, ýaş ýetginjegiň çagalyk we ýetişgenligiň aralygyndaky wagt, şol sanda stresiň we biynjalyklygyň ýokary wagty bolup durýar. Onuň sosial durmuşa utgaşýan wagty, jogapkärli hereket etmegi öwrenýän wagty.

Şeýle hem onuň özüniň jynsy şahsyýedini we gatnaşyklaryny, garaşsyzlyga bolan hyjuwyny kesgitleýän wagty, ol hereketleri köplenç beýlekileriň goýan tertibine we tamasyna ters gelip bilýär.

Şol şertlerde ýetginjekler köp halatlarda nähili hereket etjegini bilmeýär. Herdürli durmuş meselelerinden in az yitgi bilen çykyp başarmak üçin yetik durmuş tejribeleri heniz yok.

Olaryň pikirinde iň aňsat ýol bir hereketde ähli zady öçürip göýbermek: gatnaşyklar, ýokary talaplar, saglyk we daş keşpleri bilen bagly meseleler.

 

Janyña kast etmek töwekgelçiligi kimlerde has ýokary?



Ýetginjekler ýaş döwri howsalalyga ýakyn bolýar. Gormonlaryň köp sanly bolýan döwründe olarda käbir psihiki näsazlyklaryň ýitileşmegine getirýär: depressiýa, bipolýar bozuklyga ýa-da ukusyzlyga. Şol sanda janyňa kast etmeklik baradaky pikirleriň köpelmegine getirýär.

Uly töwekgelçilige durmuşynda uly üýtgeşmeleri başdan geçirenler: ene-atasynyň aýrylyşmagy, başga ýere göçmegi, ene-atasynyň biriniň gulluk sebäpli öýden gitmegi, maliýe üýtgeşmeler, üstünden gülünýänler ýa-da ünsden düşürilýänler sezewar bolýar.

Janyña kast etmek töwekgelçiligini köpeldýän faktorlar şol sanda:

Psihologiki bozulma, esasan depressiýa, bipolýar bozulma (ýiti we kontrolsyz keýpiň üýtgemegi), alkogol we narkotik serişdeleri ulanmaklyk (janyña kast edenleriň 95% psihologiki bozulmaly adamlar)

• Stress, gaharjaňlyk we uly howsalalyk
Depressiýa bilen birlikde çykgynsyzlyk we umytsyzlyk duýgusy bolanlar

• Birnäçe gezek janyňa kast etmäge synanyşmaklyk

• Nesil yzarlaýan depressiýa we janyňa kast etmeklik

• Emosional, fiziki ýa-da jynsy zorlama

• Goldawyň ýoklugy, ene-ata bilen ýa-da deň-duşlar bilen bozulan gatnaşyklar we sosial çetleşdirme duýgusy bolanlar
 

Ýetginjegiň janyna kast etmeklik barada pikirlenýändigini nädip anyklamaly?



Ýetginjeklerde janyña kast etmeklik durmuşynda haýsydyr bir stressli ýagdaýy başdan geçirenden soň bolýar. Meselem, mekdepdäki meselelerden, gatnaşygyň kesilmeginden, söýýän adamynyň ölüminden soň, ene-atasynyň aýrylyşmagyndan ýa-da iri maşgala dawa-jenjelinden soň.

Howsala bildirýän alamatlar:

• Janyña kast etmek ýa-da ölüm barada gürrüñ açmagy

• Ol elmydama ýanyňyzda bolmajagyny aýtmagy

•Çykgynsyzlygy ýa-da günäli duýýanlygy barada aýtmagy

• Dostlaryndan ýa-da maşgalasyndan daşlaşmagy

• Ölüm, aýralyk we ýitgi barada aýdym, goşgy ýa-da hat ýazmagy

• Özüne gymmatly bolan zatlary başgalara paýlamagy

•Islendik işe ýa-da güýmenjä gatnaşmakdan boýun gaçyrmagy

Konsentrasiýa ýa-da dury pikirlenmek bilen bagly meseleleriniň ýüze çykmagy

• Töwekgelçilikli hereketlere gatnaşmagy

• Mekdebe ýa-da sporta bolan gyzygyny ýitirmegi

Bu sanawa gabat gelmegi ýetginjegiň özüni öldürmek islegi baradaky 100% subutnamasy däl. Emma gysga wagtyň içinde gabat geleni üç sandan köp bolsa, ýetginjek bilen gürleşiň we ony näme bimaza edýäni bilen hökman gyzyklanyň.

Möhüm! Ýakyn adamlaryň goldawy aýyklaýjy bolup biler – iň gaharjaň herekedine pozitiw jogap we ideg gaýtargysyny alan ýetginjek pikirini üýtgedip bilýär we janyna kast etmäge synanyşmakdan yüz öwürmegi mümkin!


Dowamy bar...



[u]©Çeşme: UNFPA Türkmenistan.com[/i]
31
49
aloevera
16 Dekabr 2023
Ýetginjekleriň telefonda oýnaýan käbir oýunlary hem janyna kast etmeklige getirip bilýär.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.