tmyigit76
19.12.2023 12:13
PIFAGOR








Özüniň baý ylmy hem-de döredijilik eserlerini nesillere miras goýan alymlaryn biri-de Pifagor Samosskiýdir.
Taryhçylaryn bellemegine görä, alym
586-589-njy ýyllar aralygynda «Samoss» atly grek adalarynda doglupdyr. Hut şu ýerde doglandygy sebäpli oňa Samosskiy diýipdirler. Onuň kakasyna
Menesarh, ejesine bolsa Pertenis diýer
ekenler. Alymyň kakasy zergärçilik bilen
meşgullanypdyr, ol gymmat bahaly daşlardan ajaýyp sungat eserlerini döredipdir. Ylmy çeşelerdäki maglumatlara göri, onuň geljekde üýtgeşik zehinli adam boljkdygy hakynda hossarlaryna aýdypdyrlar.

Alymyň matematika, geometriýa
ylymlaryndaky bitiren işleri aýratyn
bellärliklidir. Her bir mekdep okuwçysy «Pifagoryň teoremasy» atly teorema
bilen tanyşdyr. ...Pifagor geometriýa degişli bolan köp sanly ylmy işleri ýazýar. Alyma meşhurlyk getiren «Pifagoryň nazaryýeti» şu günki günde hem giňden ulanylýar. Pifagor matematiki gatnaşyklara degişli bolan işleriň üstünde hem işleýär, proporsiýalar nazaryýeti bilen baglanyşykly käbir işleri amala aşyrýar. Pifagor aýratyn hem sanlar we olaryň gurluşy, zatlaryň gurluşyna düşünmek ýaly işlere uly üns beripdir. Ähli tekiz geometrik şekilleri, ýagny nokatlary, çyzyklary we tekizlikleri jemlände, kämil altylyk alynýar diýen netijä gelipdir. Adalatlygy we deňligi sanlaryň inedördülligi gornüşinde gorüpdir. Dokuz san hemişeligiň nyşany hökmünde getirilipdir.

Ol bulardan başga-da, fizika, astronomiýa, lukmançylyk, aydym-saz sungatyna degişli birnäçe ylymlar bilen hem meşgullanypdyr.

Pifagoryň ýaşlykdan sungatyń dürli görnüşleri bilen gyzyklanysyny nazarda tutup, onun ilkinji mugallymy Germodamas geljekki alymy saza, suratkeşlige, grammatika ugrukdyrypdyr. Mugallymynyň birnãçe eserleri, sazlary, goşgulary ýatdan öwretmegi, alymyň geljekde beýik derejelere ýetmegine, saz sungatyna degişli gymmatly işleri döretmegine sebäp bolupdyr.

Pifagor sazyň we akustikanyň nazaryýetini işleýär. Özüniň «Pifagoryň gammalary» işini ýazmak üçin alym sazyň heňlerini öwrenýär, köp sanly
esaslandyryjy ylmy-barlaglary geçiryär. Pifagor tapan proporsiýalaryny
matematiki dilde aňladýar.

Alymyň döreden matematika mekdebinde ilkinji gezek Ýeriň şar şekillidigi baradaky pikir öñe sürülýär. Asman jisimleriniň hereketleriniň kesgitlenen matematik gatnaşyklarda bolýandygy alymyň «Dünýäniň sazlaşygy» we «Sazyň gurşawy» işlerindebellenilyär. Biraz soňrak
bu işleriň esasynda astronomiyada düýpli öwrülişikler edilyär.


Oňa ilkinjileriň hatarynda tebigatdaky owazlaryň barlygyny duýmaklyk başardypdyr. Alym öz tejribesi üçin dörtburçluk şekilinde ýarym iş gural, ýarym saz guralyny ýasapdyr. Grek sazandalary tebigatda goşmaça bäş owazyň bardygyna göz ýetirseler-de, olary açmakda kynçylyk çekipdirler. Haçan-da olar bu işe teoriýada çemeleşip ýörkäler, Pifagor oňa amalyýetde çemeleşip başlapdyr.
Onuň owazlary duýmak üçin ýasan gurallary häzirki günlerimizde saz gurallary bolup hyzmat edyär.

Alym 18 yaşynda bilimini artdyrmak
maksady bilen Müsüre gitmekçi bolupdyr, ýöne onuň bu niýeti amala aşmandyr. Sebäbi şol döwürler Müsüriň gapysy grekler üçin ýapyk bolupdyr. Soňra ol Lesbos adalarynda bilimini artdyrmaga başlapdyr. Ol adada güýçli filosof Ferekid Sirosskiden fizika, lukmançylyk, dialektika we beyleki ugurlar boýunça öwrenipdir. Adada birnäçe ýyl ýaşandan soň, onda Milete gitmek we ol ýerde ýaşap ýören güýçli filosof Fales bilen duşuşmak islegi döräpdir. Alymyň bu arzuwy amala aşyp, 80 ýaşlaryndaky Fales Miletskidenem bilim alypdyr.

Ol tiz wagtdan öz döwrüniň güýçli alymy bolup yetişipdir. Hususy mekdebini
döredip, onda döreden usulyyetini ulanyp sapak beripdir. Sapak wagty diňleýjlere gürrüň etmek we soraglar bermek gadagan bolupdyr. Ol şeýdip okuwçylarda çydamlylyk, sabyrlylyk, dogumlylyk yaly häsiýetleri terbiýeläpdir. Alymyň okuwçylaryny «pifagorçylar» diýip atlandyrypdyrlar. Ol okuwçy alanda olaryň bilim derejelerini, başarnyklaryny barlap, soň alypdyr. Ýaşan ömründe örän köp işleri edip ýetişmegi başaran alym biziň eýýamymyzdan önki 490-njy ýylda 80 yaşynda aradan çykypdyr.
36
110
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.