tmyigit76
19.12.2023 22:18
Tanymal perzent





Gara saçly we mele saçly aýallaryň ikisinin hem bir günde ogullary bolýar. Olar otuz ýyldan soň ýene-de kesel- hanada duşuşýarlar.

Mele saçly ene oglunyň görnükli sazanda bolup ýetişendigini aýdyp magtanypdyr. Gara saçly ene bolsa: «Oglum traktorçy hem kombaýnçy, Ol ýer sürýär, hasyl ýygnaýar» diýipdir. «Seniň ogluň ýönekeý, hiç kim tarapyndan tanalmaýan adam bolup ýetişipdir» diýip, mele saçly aýal aýdypdyr.

Gün geçip-geçmänka, gara saçly aýalyň ýanyna uzak obadan ogly gelýär, ýagdaýyny soraýar, enaniň derdi ýeňlän ýaly bolýar. Mele saçly enäniň ýanyna bolsa hiç kim gelmeýär. Gara saçly enäniň ogly ertesi hem gelýär. Mele saçly enaniň ýanyna ýene hiç kim gelmeýar. Üçünji gün gara saçly enaniň ýanyna ýene gallaçy ogly öz üç ýaşlyja perzendi bilen gelýar. Olar ýanlary bilen durli ir-iymiş getirýarler, enanin ýanynda uzak wagtlap oturýarlar. Enaniň gözlerinde şatlyk uçganaklaýar. Mele saçly enaniň ýanyna bolsa ýene-de hiç kim gelmeýär, halyndan habar almaýar


(W.A. Suhomlinskiniň «Hakyky adamy
nähili terbiýelemeli?» diýen eserinden).
52
244
bagulya
20 Dekabr 2023
Oki dusundim @tmyigit76,
bagulya
20 Dekabr 2023
Salam name ucin sizin sonky goyan postunyzy mana okamaga rugsat yok
okayjy
20 Dekabr 2023
Men başgarak görnişini okapdym 🤔🙃
tmyigit76
20 Dekabr 2023
@Serwi, sen aýtdyň. Bolaýdy :)
alma___
19 Dekabr 2023
Alym bolmak añsat,adam bolmak kyn
nuranow
19 Dekabr 2023
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.