tmyigit76
20.12.2023 20:39

Simpsonlaryň öňdengörüjiligi






Basleşigiň 3-nji şerti üçin. Moderator Relax-yň "simpsonlaryň 2024-nji ýyldaky öňdengörüjiligi..."atly postyna salgylanýas"



Dünýäde millionlarça muşdagy bolan «simpsonlar maşgalasy» multiserialy özüniň täsin öňdengörüjiligi bilen köpleri haýrana goýup gelýär. Olaryň öňden görüjilikli sahnalary häzirki wagtda hem doly anyklanyp bilinenok. Biz bu postda bu multiserialdaky öňünden aýdylan we ýüze çykan taryhy wakalaryň birnäçesine seredip geçeris.



Ilki bilen multfilmiň taryhyna gysgaça ser salyp geçeliň.


«Simpsonlar maşgalasy» multiserialy 1985-nji ýylda ekranlarda görkezilip başlandy we dünýädäki iň uzyn dowam eden multfilm hasaplanýar. Onuň umumy 35 sezony 759 bölümden durýandygy bellenýär.


Met Greýnin tarapyndan ýazylan «Dowzahdaky durmuş» atly uly göwrümli roman golliwud ýazyjysy Jeýms Brokyň ünsüni çekýär. Broks Greýnin bilen habarlaşyp: "ýakyn wagtda meň üçin animasiýa taýýarlamagyňy isleýärin"- diýip aýdýar. "Dowzahdaky durmuş" romanynda wirtual tanyşlyk, söýgi, ölüm we körekör heläkçiliklerden gorkmak ýaly temalara orun berilýär.


Greýniniň aňyna «Simpsonlar maşgalasy» diýen at gelýär we "Dowzahdaky durmuş" romanyň ady "simpsonlar maşgalasy" diýip üýtgedilýär. Onuň ilkinji epizodlaryndaky gahrymanlaryň daş şekili we häsiýeti häzirkiden tapawut edýärdi. Şonuň üçin bu multilmi käbir döwletlerde mawy ekranlarda görkezmek gadagan edilipdir.



Simpsonlar maşgalasyndaky käbir öňdengörüjilikli epizodlar.



#1. D. Trampyň prezidentlige saýlanyşy.




2000-nji ýyllarda ekranlara çykan "Bartyň gelejege gaýdyşy" atly bölümde Liza atly personažyň dilinden D. Trampyň ABŞ-da prezidentlige saýlanandygy we ýurdy bankrot edenligi aýdylýar. Şondan 16 ýyl soňra bolsa Tramp B. Obamanyň ýerini prezidentlige saýlanyp, bütin dünýäni haýrana goýdy



#2 Karona wiruslarynyň ýaýraýşy.




Korona wirus hakda hemmämiz bilýändiris. Bu hakda multfilmiň 1993-nji ýyldaky 4 nji pasylyndaky bolümleriniň birinde açyk aýdyň görkezilýär. Ondaky Spirnkf atly bir şäherçäni aziýadan gelen bir kesellik eýeleýär. Multfilmdäki alyp baryjy ony Osakadan gelen grip"" diýip atlandyrýar. Başga bir sahnada bolsa bu kesselik bilen kesellänleriň Amerika ugradylýan ýükleriň içine üsgürýändigi görkezilýär. Gamer simpson bu ýüki açanynda bolsa şäher halky tiz wagtda bu keselligi ozüne ýokuşdyrýar.



#3. Ebola wirusynyň ýaýraýşy




Multfilmiň 1997-nji ýyldaky bir bölüminde Marji hanym ogly Barta "Bilesigeliji Jorç we ebola wirusy" atly hekaýany okap berýär. Kitabyň daşynda muny aýdyň görüp bolýar.17 ýyldan soňra ebola wirusy hakykatdan hem Afrikada güýçli epidemiýa öwrülýär möwç alýar.



#4. Wideo jaňlar.




Ýene bir öňden görüjilik. Multfilmiň gahrymany Liza gelejege düşýär. Ol şonda ejesi bilen wideo jaňlar arkaly habarlaşýar. Şol wagtlar bolsa telefonlaryň ýaňy-ýaňy kämilleşip, köpçülige ýaýrap başlan wagtlarydy.

Wideo jaňlary amala aşyrmak bolsa haýran galdyryjy görünýärdi.Bu tehnologiýa bolsa 15 ýyldan soň smartfonlarda hakykata öwrüldi.



#5 Gresiýanyň ykdysady krizisi




Multfilmiň 2013-nji ýylyň ýanwar aýyndaky bir bölüminde Multfilmiň personažy Gamer "Foks news" telekanalyna çykýar. Şonda ekranyň aşagyndaky hereketlenýän ýazgylar bilen görkezilen habarlarda "Ýewropa Gresiýany ebaýda ýerleşdirer" diýen ýazgy görkezilýär. Üç ýyldan soň bolsa Gresiýa güýçli ykdysady krizise duçar bolýar. Bütin ýewropa ony dikeltmek milliardlarça pul sarp edýär.



#6 Googlyň dünýäni gurşap almagy




2011-nji ýyldaky çykan epizodlaryň birinde Google-niň dünýäniň ýaryna ýolbaşçylyk edýändigi görkezilýär. Daş-töwrege serediň. Häzir nämeler bolup geçýär. Elbetde Google häzirlikçe durmuşymyza doly ýolbaşçylyk edenok. Emma ol durmuşymyzyň ähli ugurlaryna gaty tiz girip gelýär we ornaşýar.


Mümkinçiligiňiziň çäklidigi sebäpli biz diňe şu faktlar bilen oňýarys. Emma olaryň öňünden boljagyny aýdylan sahnalary sanardan köp:(Meşhur sirkçiler Fik Freýd we Roýuň üstüne ýolbarsyň hüjüm edip ony parçalaýşy,[1990] Nýu-ýorkdaky ekizek söwda merkezine amala aşyrylan terroristik herekler sebäpli waýran edilmegi[1997] 2014-nji ýyldaky fotbol boýunça dünýä çempionatda Germaniýanyň Braziliýany ýeňjegi we FIFA-nyň karrupsiýallary, Amerikanyň hökümediniň dünýä telefon jaňlaryny diňleýändigi, Amerikanyň prezident saýlawlygyna ses berlişiň galplaşdyrlyşy...ş.m.)




Ýene bir bellemeli zat, bu multiserial hakda dünýäde gaty köp garaýyşlar bar. Olaryň käbirinde simpsonlary düşürijileriň ilýuminatlara, massonlara we beýleki gizlin guramalar bilen iş salyşýandygy aýdylýar.


Başga bir (meniň üçin dogry hasaplaýan) çeşmede aýdylşyna görä, simpsonlar hiç hili öňden görüjilik edip bilenok. Olar haýsydyr bir dünýäni dolandyryjylar ýa-da gara niýetli adamlaryň öňünden meýilleşdiren erbet işlerini multfilmde öňünden syzdyrýar.(Amerikanyň Siriýany weýran etmegi, wirusyň ýaýradylmagy) Hatda käbir sahnalaryň ýüze çykan taryhy wakalaryň bolanyndan soňra düşürilip ýaýradylandygy anyk faktlar bilen aýdylýar. Meselem:D. Trampyň köpçülikde basgançakdan düşüp gelýän sahnasy, Trampyň öz adyny prezidentlige goýanyndan soň düşürilendigi aýdylýar. Emma onuň prezident boljagynyň 2000-nji ýyldaky düşürilen sahnada görkezilmegine mültfilmiň ssenariýasyny ýazan Den Greni şeýle düşündiriş berýär: "Şol waglarda Tramp prezident bolmaga hereket edýärdi. Şonda meň pikir edişimçe, Tramp Amerika prezident bolsa, ol dünýäniň iň tasin we gülküli prezidenti bolardy we Trampa meňzeş adamlar ýurdy pulsuz galdyrmagy mümkindi. Şonuň üçin biz Trampy prezident hökmünde görkezdik. Ýöne özümiz hem muňa ynanamyzokdyk.Tä Tramp prezident bolýança".


Siz bu hakda näme pikir edýäňiz?Pikirleriňizi teswirlerde galdyryň...



Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy

44
261
arazowa
20 Dekabr 2023
Gowy maglumatlar.🖒100 like basardymda elimde bary yekeje
altyyeva
20 Dekabr 2023
Beh shu Simpsons y hic gormedik ekenim
arazowa
20 Dekabr 2023
Sonky duşundiriş dogrumyka diyyan
arazowa
20 Dekabr 2023
Gaty tasin.
tmyigit76
20 Dekabr 2023
@Relax, hawa. Sag boluň
Relax
20 Dekabr 2023
suratlary gowy toplapsyñ👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.