tmyigit76
17.12.2023 18:25
Ýetginjekler janyna kast etmek barada pikirlenýärlermi?

Dowamy...





Ene-ata nämeler edip biler?



Janyna kast eden ýa-da synanşan ýetginjekleriň köpüsi bu barada ýakynlaryna öňünden duýdurýar. Ýöne hemme ene-ata ol alamatlary okamagy we wagtynda öňüni almagy başarmaýar. Käbir uly adamlar çagalaryň özüne zyýan ýetirmegini ýa-da öldürjekligini aýtmaklaryny “ýönekeýje üns çekmek islegi bilen aýtýandyr” öýdýär. Şol üns bermek mümkinçiligi wagtynda ulananyň soň elmydama bu mümkinçiligi sypdyranlygyňyza ökünip ýaşanyňyzdan has gowy.

Üns beriň we diňläň



Ýetginjek ile goşulman başlan bolsa ünsli boluň. Dostlary, bahalary, ukusy, gaharjaňlygy bilen bagly meseleler ýüze çykyp başladymy?

Uly adamlar bilen gürleşýän ýaly, dilini aýnatman, açyk gürleşjek boluň. Öz alada edýänligiňizi, goldawyňyzy we söýgüňizi görkeziň. Bu siziň öz maşgalaňyzda hiç haçan bolup geçmedik hem bolsa, siz şeýle ediň.

Siz we çagaňyzyň arasynda ýeterlik ýyly gatnaşyklaryňyz bar bolsa, öz gorkularyňyz barada gürrüň beriň. Dost bilen sögüşiňiz size uly mesele däl ýaly bolsada, ýetginjek üçin ol uly we irizýän bolup biler. Onuň başyndan geçýänleri kiçeltmäň ýa-da äsgermezçilik etmäň, beýle herekediňiz onuň ýekesiremegini ýa-da umytsyzlygyny güýçlendirer.

Eger ýetginjek siz bilen gürleşmegi özüne birahat görse oňa başga bitarap bir adam bilen gürleşmegi hödürläň, meselem başga bir garyndaşyňyz, molla, türgeni, mekdep psihology ýa-da çagaň öz lukmany bilen.

Sorag beriň



Käbir ene-atalar öz çagalaryndan janyna kast etmek ýa-da özlerine bilkastlaýyn şikes ýetirmek islegi barada sorag bermek islänok. Käbiri şeýle soraglary bilen ýetginjege şeýle pikir etmäge itergi bermeginden gorkýar. Käbirleri “onuň çagasy beýle zatlary hiç haçan pikirine getirmez” diýip oýlanýar. Käbirleri bolsa jogabyň “hawa” bolmagyndan gorkýar.

Soramak soramazlykdan elmydama has gowy. Näme üçin soraýandyňyzy düşündirmek wajyp. Meselem siz oňa “Ölmek isleýändigiňi köp agzaýanyňa üns berdim. Soňky wagtlar ýadaw, ile goşulmaýan ýaly görünýäň. Sen janyňa kast etmek barada pikirlenýän dälsiňa?”

Kömek nädip almaly



Çagaňyzyň janyna kast etmek baradaky pikirlerini eşiden badyňyza kömek üçin ýüzleniň. Saglyk öýlerdäki maşgala lukmanlardan psihoterapewte gönükdirme alyp bolýar. Bu diýmek siziň çagaňyzy psihiki näsag, sizi bolsa erbet ene-ata diýip hasap ediler diýmek däl. Bu siz öz çagaňyzy alada edýändigiňizi aňladýar, tejribeli kömege ýol açýanyňyzy we ony bejergi döwründe goldamaga taýýardygyňyzy aňladýar. Eger siziň ýagdaýyňyz mediki gatyşygy ýa-da dermanlar bilen bejergini talap etmeýän bolsa, psihoterapewt sizi psihologa ýollaýar.

Hünärmen bilen görüşme bellenilen ýagdaýda siziň ýetginjek çagaňyz ýagdaýynyň gowulaşandygyny aýtýan ýa-da gitmekden boýun gaçyrýan hem bolsa hökman baryň. Janyňa kast etmek baradaky pikirler hakykatdan hem gelip, soňam gidip bilýär. Emma çaga ölüm baradaky pikirlerini we krizis wagtyndaky özüni alyp baryşyny kontrol astynda saklamagy öwrenmeli.



Möhüm! Ýetginjege agram salyp, ony bejergä onuň islegine garşy çykyp, “çekeläp” akitmäň. Ene-ata we özüni daşlaşan, düşnüksiz, gadyry gaçan ýa-da janyna kast etmäge ýykgyn edýän ýetginjek arasyndaky dawalar ýagdaýy agyrlaşdyryp biler. Hünärmen bilen maslahatlaşyň, ýetginjege kömek üçin ýüzlenmäge ýardam berjek usullary gürleşiň.

Möhüm! Maşgala taryhyňyzy ýada salyň, kimdir biri maşgalaňyzda depressiýa, alkogol içgileri köp içmek, narkotik ýa-da psihoaktiw serişdelerini ulanmak, zorluk ýaly hereketleri bolan bolsa ony lukmana gürrüň beriň. Başga islendik stress barada, elmydama gaýtalanyp duran tankyt barada gürleşiň.


NETIJE




Ýetginjekler janyna kast etmek barada pikirlenýär. Bu fakt. Ene-atalar öz çagalary bilen elmydama aragatnaşykda bolmaly, olaryň adaty herekediniň islendik üýtgeşikligine üns bermeli. Bu zatlary çagalary bilen gürleşmeli.

Köp ýagdaýlarda ene-ata kömek edip bilýär. Nädip? Goldaw, ideg, üns we maslahat berip. Çaganyň aladasy kiçijek ýa wajyp däl ýaly görünsede çaga üçin olar gaty möhüm. Diýmek ony kiçeltmeli ýa-da äsgermezçilik etmeli däl.

Onuň ýetginjek döwründe siz oňa diňe “eje” ýa-da “kaka” däl, eýsem elmydama ýüz tutup biljek dosty bolmaly.



©Çeşme:www.UNFPA Türkmenistan.com
39
58
askym
17 Dekabr 2023
Dogry
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.