Netiket: sosial ulgamlarda nädip we näme üçin mylakatly bolmaly?dowamyGaharlandyryjy gylyk-häsiýet
Sosial ulgamlarda bloklanmazlygyňyz üçin şulary etmeli däl:• Gereksiz postlarda, konkurslarda, ýaryşlarda ähli gabat gelen adamlary bellemäň.
• Günde 3 postdan köp we ýüzlerçe gysga storisleri paýlaşmaň. Kontentyň sanyna däl-de, hiline üns beriň. Şahsy gürrüňleri diňe şahsy habarlaşmada saklaň.
• Sosial media – pikirleriňi paýlaşyp bolýan ajaýyp ýer, emma durmuşyňyzyň her bir minudy barada ol ýerde gürrüň bermek gerek däl.
• Postlara has köp üns çekmek maksady bilen aşa köp heşteg ulanmak gerekli däl. 10-a çenli ýeterli.
• Kimdir birini kemsidiji postyň ýa-da suratyň aşagynda bir adamy bellik etmek – göwne degiji hereket.
• Öz-özüňi repost edip, gaýtalap durmak.
Kimdir birini birugsat köpçülik çatyna ýa-da gruppasyna goşmak.
• Kimdir birini saňa podpiska bolmagy üçin yzarlamak, soňam ol adamdan otpiska bolmak.
• Awtoryny görkezmezden onuň awtor ýazgylaryny ogurlamak.
• ÝAZGYNY ULY HARPLAR bilen ýazmak, şeýle harplar kimdir birine gygyrýan ýaly duýguny berýär.
• Ýazgy post edilenden soň onuň tekstini üýtgedip, ilki başdaky manysyndan doly aýyrmak.
Gender duýgurlyk
Internetdäki gender rollary – wawwaly tema. Şu temada bir zady post etmezden, ýa-da başga biriniň postuny paýlaşmazdan ozal bu babatdaky öz pozisiýaňy kesgitlemek. Ýerliksiz belliklerden/özüňi alyp baryşdan we şol esasdaky ýakymsyz netijelerden gaça durmak üçin gender duýgurlygy zerur. Gönüläp aýtsak, kabul ederli hereketleriň araçägini duýmak we bilmek zerur.
• Bir jedeliň jynsy esasdaky kemsidilmelerine getirmäge ýol bermäň.
• Gender belliklerine/stereotiplerine ýol bermäň.
• Eger zenana onlaýn giňişliginde erkegiň bolmagy oňaýsyz bolsa (ýa-da tersine), ony gününe goýuň.
• Sosial ulgamlarda aýalparaz/erkekparaz postlary öňe sürmäň, paýlaşmaň.
• Jemgyýetçilik ýa-da hususy bir çärä gatnaşýan bolsaňyz, paýlaşmaga rugsadyňyz bolmazdan adamlaryň suratlaryny sosial mediýada paýlaşmaň - bu şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi.
• Eger siz biriniň sahypasyna ýazylmaga rugsat soran bolsaňyz, garşydaky adam siziň haýyşyňyzy ret eden bolsa – gaýtadan ýazylmagy haýyş etmäň. Beýle hereket şol adamy yzarlajak bolýan ýaly duýgy döredýär.
Howpsyzlyk/Gizlinlik
Adamlar beýleki adamlar bilen habarlaşyp, dürli oýunlary oýnap, profillerine üýtgeşmeleri girizip we ş.m. bilen sosial mediýada köp wagt sarp edýärler. Şeýle-de bolsa, bu işiň erbet tarapy bar: howpsuzlyga üns bermezlik.
Howpsyzlyk we gizlinlik baradaky soraglar sosial ulgamlaryň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Hiç bir sosial ulgam ondaky bolup biljek meselelerden goralan däl. Yzarlanyş, şahsy maglumatlaryň ogurlanmagy, ýasama/galp suratlaryň ýaýradylmagy we sosial ulgamlar arkaly gorkuzmak/haýbat atmak ýaly dürli ýagdaýlar häli şindi bolup dur. Ýaşyna we jynsyna garamazdan her bir adam pidasy bolup bilýär.
Sosial ulgamlardaky howpsyzlyk temasyny
ŞU ÝERDÄKI MAKALADA jikme-jik düşündirdik.
Sosial mediada jenaýatçylykly hereketler
Adamyň sosial mediada jenaýatçydygyny ýa-da berlen sosial roluna kän bir gabat gelmeýändigini nädip tapawutlandyrmaly?Jenaýatçylykly hereket - beýleki adamlara fiziki, psihologiki, maddy ýa-da sosial taýdan zyýan berip biljek hereketlerdir. Şeýle hereket diňe bir başgalara hakyky zyýan ýetirmek bilen çäklenmän, jenaýatçynyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegine hem sebäp bolup biler. Hatda kanuny bilmezlik hem jenaýata çekilmezlik üçin bahana däldir. Şonuň üçin, banlanmazlyk we (has erbedi) haýsydyr bir kanuny bozmazlyk üçin sosial mediany işjeň ulanmaga başlamazdan ozal onuň düzgünlerini öwrenmeli.
Töhmet atmak, şahsyýetiňi galp ýa-da başga biri edip görkezmek, paýyş sözleri ulanmak, zorluga öjükdirmek, azar bermek we şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi çynlakaý zyýan ýetirip biljek hereketler üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilner.
NETIJE
Sosial media biziň hakyky durmuşymyzyň dowamydyr. Şonuň üçin wirtual dünýäde hem gönüden-göni, dogry, sypaýy we oňyn gatnaşykda bolan adamlarymyz bilen gündelik durmuşdaky ýaly hereket etmegimiz gerek.©Çeşme: www.UNFPATürkmenistan.com