sabyrly
02.04.2024 13:32
Gussañ gara şalyn egnine atyp,
Köplügiñ içine gaçan ýekelik.
Otyr ol, dünýäni bir pula satyp,
Arzuwlarnyñ hüwdüsine irkilip.

Ýagşy kysmatdan paý, ýetmändir oña,
Olam bary bilen oññut edip ýör.
Bagtly adamlara seredip siñe,
Ahmyr gözlerinden hallan atyp dur.

Olar, baýlyklarnyñ hiç parhynda däl,
Şeýle durmuş oglanjygyñ islegi.
Bir wagtlar, ýañlanypdy şu ýerde,
Deñ-duşlary bilen gülki sesleri.

Geñirgäp seredýär, deñinden geçen,
Utanyp özüni gizlejek bolýa,
Monjuk deý, lowurdan gözleri bilen,
Kalbyndan bir zatlar sözlejek bolýa.

Bokurdagny ýaryp haýkyrsam diýýä,
Gursagnyñ içinde gurçuklan sözler.
Derdinden, dowzaha dönsede dünýä,
Hasratyn gizleýä şat güler ýüzler.

Her garañky gijäñ, bir säheri bar,
Bir gün, aýaklary topraga ýeter.
Umytlaryn baýdak tutup garaşýar,
Oña, saglyk gerek, barzatdan beter.

© Süleýman TEKÄÝEW
27
66
sabyrly
28.03.2024 13:33
Gözlermiñ içine gorky gaçypdyr,
Ýerdäki möhletim bolupdyr tamam.
Dirilik suwumy ajal içipdir,
Saklandy zaman.

Günähim dag ýaly sogabym zerre,
Edilmeli işler galypdyr ýarym.
Ýalñyşlarym üçin garaşýar dürre,
Duýýan ýok halym.

Bizi bendi eden hokga baz dünýe,
Gara görkezenok ýakyn uzakdan.
Ynsany barmakda oýnan Iblisler,
Ýatyr duzakda.

Geçmiş kino deýin lentadan geçip,
Tanadym özümi giç boldy emma.
Ýaradan öñünde gara der seçip,
Hasap berdim her bir ýazylan jümlä.

Boljak zatlar gözlerimde janlanyp,
Düýşde Tañrym maña syryn açypdyr.
Sorag jogap günün, ýat edip bu gün,
Kalbymyñ içine gorky gaçypdyr.

© Süleýman TEKÄÝEW
25
29
sabyrly
27.03.2024 12:19
Barlygyñ içinde ýok saýdylarmy?!
Ýa-da özüñ ýok saýdyñmy barlykdan.
Duýgulañ zibile okladylarmy?!
Ýagşy ýazgyt çykmanda dört barmakdan.

Mum kibi yşygyñ yzyndan kowup,
Tümlükde gezmäge endik etdiñmi?!
Müñ ýola umydyñ ganatyn döwüp,
Soraglaryñ arasynda ýitdiñmi?!

Ýere agram salýanyñdan utanyp,
Ajalyñdan owal ýere girdiñmi?!
Durmuş erteki däl bizem şazada,
Düşündiñmi dünýäñ niçk ýerdigni?!

Hany, şowly günler bagta ýetirýän,
Bar derdiñem aýdyp bormy sözüñde!
Özünden ýüz esse ýüki göterýän,
Eýsem bir menmikäm ýeriñ ýüzünde!

© Süleýman TEKÄÝEW
33
70
sabyrly
24.03.2024 16:23
Öz-özüňden göwnüň geçer kem-kemden,
Gözleriň şöhlesi öçer kem-kemden.
Kem-kemden dyzyňa düşer agyry,
Gyzlar «aga» diýip, tutar adyňy.
Kem-kemden köpeler saçlaryň agy,
Kem-kemden azalar saçlaň garasy.
Baýyrlar dag bolup görner gözüňe,
Asman bolup görner daglaň gaýasy.
Aklyň bardyr, huşuň gider kem-kemden,
Deňiň gider, duşuň gider kem-kemden.
Kem-kemden kemeler kuwwatyň, güýjüň,
Ýada düşer zol-zol geçmişiň, düýnüň.
Kem-kemden agzyňda dişiň azalar,
Ýagşy-ýaman edýän işiň azalar,
Kem-kemden kemelip barýandyr keýpiň,
Täze eginbaş hem geýdiň-geýmediň,
Barybir görkezmez seni gelşikli,
Bireýýäm modadan galan eşikli
Zordan süýegiňi süýräp ýörensiň,
Öz-özüňi özüň güýmäp ýörensiň.

Şu ýerde birsalym sägin, şahyrym,
Düşürme özüňi sussupeslige.
Özgeleri şygryň bilen gorkuzma,
Guwan çagalarňa, buýsan nesliňe.

Perzentlerde gaýtalanar ýaşlygyň,
Gojalsa-da, yşgy öçmez aşygyň.
Öz-özüňden göwnüň geçmesin hergiz,
O diýýän zatlaryň öňdedir heniz.

Atamyrat ATABAÝEW
33
35
sabyrly
16.03.2024 15:43
GARAŞÝAN GYZYŇ IÇGEPLETMESI

«Sen gelersiň» diýip açyldy aýnam,
Üstümden burk urýar gülleň çeçegi.
Jemperimi geýsem, häzir gelersiň,
Üşeýän, onda-da üşäp geçeýin.

Enemiň ýerinem ir ýazdym şu gün,
Bilemok, nämüçin ýok şu gün işdäm.
Zalym bolma, iň bolmanda, jaň edip:
«Ejem goýberenok» diýip degiş-dä.

«Sen gelersiň» diýip oýa batdym-da,
Köçäňizden iki ýana gatnadym.
Indem däli ýaly otagma sygman,
Ýekän-ýekän okap çykdym hatlaryň.

Hawa, gelşipdirmi, täze tikindim?
Gözelligiň reňklerine mäkäm men.
Nämeler samraýan, näme diýp durun,
Eý, Allam, kim bilen gürleşýärkäm men?!

Ýa-da köçämiziň itlerne ahyr,
Çeýneldiňmi, gaçdyňmy ýa howuza?
Ýa başga birine berdiňmi göwnüň?
Birinji aýdanym bols-a gowy zat.

«Sen gelersiň» diýip açyldy aýnam,
Üstümden burk urýar gülleň çeçegi.
Jemperimi geýsem, häzir gelersiň,
Üşeýän, onda-da üşäp geçeýin

Amangeldi ÝEGENOW
33
41
sabyrly
15.03.2024 13:29
ÝAGŞY NIÝET HAKDA
Bir gezek hytaýly halypa şägirdine:
— Gaýrat et–de, şu otagy siňňin synla-da, mele reňkli bar zady ýatda saklajak bol — diýipdir.
Onsoň ýigit otaga syn edip ugraýar. Onda suratlaryň agaç çar-çuwasy, diwan, perdeler, asylan karnizler, partalar, kitap sahaplary,  başgada ençeme zat mele reňkli ekeni.
Halypa:
— Indi gözüňi ýum-da, mawy reňkli zatlaryň baryny sana — diýipdir.
Ýigit aljyrap.
— Men mawy reňkli zat görmedim! — diýipdir.
Onda mugallymy:
— Gözüňi aç-da, gowuja seret hany. Bu ýerde mawy zat kän ahyry — diýen.
Dogrudanam, mawy güldan, fotosuratlaryň çarçuwalaram mawy reňkli, halam, goja halypanyň köýnegem şol reňkde ekeni.
Halypasy:
— Seret, näçe zady gözden salypsyň! — diýipdir.
Okuwçysy:
— Munyňyz al bolýar! Men siziň aýdyşyňyz ýaly, mawy däl-de, diňe mele reňkli zatlary gözledim  — diýen.
Mugallym ýylgyrypdyr-da:
— Menem hut şony saňa görkezjek boldum-da. Sen diňe mele reňkli zatlary gözläniň üçin diňe şolary görýärdiň. Durmuşda-da şeýle bolýar. Sen diňe ýaramaz zat gözleýäniň üçin şoňa duşýarsyň, ýöne gowyny gözden salýarsyň.
Ömrümizde bolýan ýagşy zatlaryň hiçisini gözden salmaly däl. Sen erbetlige garaşsaň, hökman şo-da amal bolar. Ýagşylyga garaşsaňam, ýagşy zada duşarsyň.Her bir ýagdaýyň gowy tarapyny görjek bol. Indiden beýläk ähli zatda hem, her bir zatda hem ýagşy zat gözläp ugrarsyň.

ONSOÑ ÝARADANY GÕRDÜLER
Bir gezek keramatly üç kişi tokaýdan gidip barýan ekeni. Olar bütin ömrüne Hak gullugynda bolupdyrlar: biri takwalyk, söýgüdir ybadat bilen gününi geçirse, beýlekisi – ylym, danalyk, paýhas ýoluny saýlapdyr. Üçünjisi – amal, gulluk borçlaryny berjaý edip gezipdir.Olar näçe gulluk, amal-ybadat etseler-de, niýetine ýetip, Hak nuruny görüp bilmändirler. Ýöne şol gün weli, keramat görüpdirler!Birdenkä ýagyş ýagyp ugrapdyr, onsoň olar kiçijik ybadathana giripdirler-de, bir-birege gysylyşyp duruberipdirler. Olar bir-birine egin berenlerinde, eýýäm üçden köpdüklerini duýupdyrlar. Haýran galmadan sandyraşyp, bir-birine bakypdyrlar.Olar Ylahdan biriniň bardygyny duýupdyrlar. Ol kem-kemden açylyp-ýaýylyp göze ilip ugrapdyr, nur çaýylypdyr. Bu ne gudrat
— Ylahy nury görüpdirler!
Olar şonda dyza çöküp, mynajat edipdirler:
— Eý, Ýaradan-a, ne beýle duýdansyz geldiň?! Biz ömrümizi Seniň ýoluňa sarp etdik. Ýöne beýle hormata — seni görmek hözirine ýetip bilmedik. Indi bu günem ol bize miýesser etdi.Şonda Ýaradan aýdan:
— Sebäbi bu gün siziň üçüňizem bir ýerde. Bir-birege ýanaşyp, bir göwre-ten bolduňyz, şonuň üçinem Meni gördüňiz. Men hemişe siziň içiňizdedim, ýöne meni aýan edip bilmeýärdiňiz, sebäbi siz bitewülik däl-de, bölekdiňiz. Gudrat-keramat bitewülik —jebislikde döreýändir.
29
49
sabyrly
14.03.2024 13:32
Ýol ugrunda başy açyk, aýak ýalaň bir pukara kişi oturan ekeni. Gün jazyrdadyp onuň tenini-başyny ýaksa, siňekler ýüzüne-bedenine çozupdyr. Ol siňekleriň derdinden nalap, dadyperýat edipdir.
Şol wagt onuň gapdalyndan ýany birtopar janpenaly bir baý adam paýtunly geçip barýan ekeni. Gedaýy gören baý aýak çeken. Oňa nebsi agyrypdyr. Ol gedemlik bilen şeýle diýen:
— Şu gün keýpim kök meniň. Elimem açyldy. Islän zadyňy sora, derrew berjaý edeýin! Dünýäde bar zada erkim ýetýär! Bar kişi menden gorkýandyr!Ýürege düşgünç siňeklerden hem jöwzadan ejir çekýän pukara şeýle diýipdir:
— Allanyň haky üçin meni siňeklerden dyndyrsana! Olara bu ýerden git diýip buýruk ber! Ýogsa janymy aljag-a olar! — diýen.Ulumsy baý egnini gysypdyr-da:
— Ýok! Siňekler maňa tabyn däl! Men siňekleri kowup bilemok! — diýipdir.
Baý giden dessine gedaýyň ýanyna çar tarapdan ylgaşlap gelen adamlar:
— Bagty geleniň biri! Belki, baý saňa mal-mülk, baýlyk berendir! — diýşipdirler.Pukara bende ýüzüni-gaşyny bürüşdirip:
— Men ýaňky baý adamyň beýle güýçsüzdigini bilmändirin! Ol meni hatda siňeklerdenem dyndaryp bilmedi! Ýogsa dünýäde siňekden ejiz jandar ýog-a! — diýipdir.

ÖKÜZ HEM ENE ARSLAN
Öküz uklap ýatan şir çagasyny görüpdir, onsoň ony süsüp öldüripdir, soňam gaçyp gidipdir. Çagasynyň ölendigini gören urkaçy şir, ahy-nala edipdir, nagra dartyp, öküzi näletläpdir.Ony gören ýekegapan şeýle diýen.
— Eger çagaň ulalyp, ýolbars çykansoň beýleki haýwanlary öldürse, iýse, näçe enäniň sen ýaly jebir çekjekdigi barada oýlandyňmy beri?
26
48
sabyrly
13.03.2024 19:13
Birleşse ýürekler ilki oňlajak,
Ýaşlaryň ejesi-dädesi bolsun.
Saýlaň, päk söýgini ýokdur geňlejek,
Saýlanyňyz ynsan sadasy bolsun.

Ömür ýoluňyzda ýagşa sataşyp,
Geziň bir-birege ýag deý gatyşyp.
Kalbyňyzda ýansyn yşkyň ataşy,
Goluňyzda bagtyň badasy bolsun.

Goýuň munda bir zat, ýitmäň dereksiz,
Özüňizi hergiz duýmaň gereksiz,
Dünýä umman bolsa uçsuz-gyraksyz,
Ojagyňyz bagtyň adasy bolsun.

Içine goşulyp ýagşy illeriň,
Ýarany boluň siz ýagşy pälleriň.
Menzile ýetirjek uly ýollaryň,
Iň ilkinji inçe ýodasy bolsun.

Oňuna bolanda her bir ädimiň,
Günleriň süýjüsi bolar dadanyň,
Bereket isleýän her bir adamyň,
Ilki kanagatly mädesi bolsun.

Hemra bolsun size abraýlar, atlar,
Nusga alsyn sizden ýakynlar, ýatlar.
Bir bakyşda dörär dörejek zatlar,
Gözüňizde yşkyň jadysy bolsun.

Göreji boluň siz yşkyň gözüniň,
Haýadan tuwagy boluň ýüzüniň.
Bäş harpdan ybarat «söýgi» sözüniň,
«Bagt» atly sazlaşan notasy bolsun.

Jänegül Gurbanowa
30
46
sabyrly
12.03.2024 14:36
Dolap ýene çagalygma,
Ma­ňa jaň et­se­ne, eje!
Be­led-ä sen meň gy­lyg­ma,
Ma­ňa jaň et­se­ne, eje!

«Sag-aman­my se­nem?» di­ýip,
«My­dar ed­ýän me­nem» di­ýip,
«Okuw­la­ryň ne­neň?» di­ýip,
Ma­ňa jaň et­se­ne, eje!

Dur­mu­şyň kän eken a:ly,
Çyl­şy­rym­ly my­sal ýa­ly.
Okuw­dan soň giç­lik, hä­li,
Ma­ňa jaň et­se­ne, eje!

Kä­ýe, gyz­sa gyz­syn çe­tim,
Ýe­ke çap­maz ýa­ly atym.
Be­rip dün­ýäň ne­si­ha­tyn,
Ma­ňa jaň et­se­ne, eje!

Şol ta­nyş­ja söz­leň aý­dyp,
Öz dün­ýä­ňe ge­tir gaý­dyp,
Ta­lyp og­luň ça­ga öý­düp,
Ma­ňa jaň et­se­ne, eje!

Iý­di­ri­bän iý­me­di­gim,
Geý­di­ri­bän geý­me­di­gim,
«Oka!» di­ýip goý­ma­dy­gym,
Ma­ňa jaň et­se­ne, eje!

Sen­siz ýal­ňyz­ly­gym sy­zyp,
Kin­di­wan­ja öý­käm ýa­zyp,
Ar­zuw­laň ter­ti­bin dü­züp,
Ma­ňa jaň et­se­ne, eje!

Ynan­jaň og­lu­ňy gol­dap,
Öz ýa­nyň­dan bir gyz bel­läp,
Owa­dan su­ra­tyn ýol­lap,
Ma­ňa jaň et­se­ne, eje!

Duý­gu­dan gö­züm ga­ma­şyp,
Git­me­zim ýa­ly aza­şyp,
Gö­wün­lik be­rip aza­jyk,
Ma­ňa jaň et­se­ne, eje!

Aňy­ma ýag­şy­ny gu­ýup,
«Ýa­man­dan ga­ça dur!» di­ýip,
«Hak hos­sar eje­dir» di­ýip,
Ma­ňa jaň et­se­ne, eje!

Ka­ka­ma-da aýt sa­lam­my,
Ja­ny sag, ba­şy aman­my?
Ko­wup ba­şy­myň du­man­ny,
Ma­ňa jaň et­se­ne, eje!

Saparmuhammedow  YLÝASOW
34
32
sabyrly
11.03.2024 18:29
Durmuşyň iň esasy iki güni: doglan günüňiz we onuň sebäbine düşünen günüňizdir.

Eger hakykaty aýtsaňyz, hiç bir zady ýatda saklamak gerek bolmaz.

Her kim Aýa meňzeşdir, hiç kime görkezmeýän garaňky ýüzi bardyr.

Arzuwlaryňyzy kiçeldýän adamlara üns bermäň, pes adamlaryň häsiýeti şeýle. Ýöne, hakykatdanam, beýik kişiler siziňem beýik bolup biljekdigiňizi ynandyrarlar.

Adamlar özlerini söýdürmek üçin köp zat ederler, özgelere gabandyrmak üçin bolsa hemme zat ederler.

Men bir garry adam, köp keselleri bilýän, ýöne bulaň köpüsini görmedim.

Mertlik dert bilen söweşmekdir, dertleriň ýoklugy däldir.

Her gün etmek islemeýän zatlaryňyzy ediň, bu siziň jogapkärçiligiňizi aňsatlyk bilen ýerine ýetirmäge kömek edip biler.

Sowatsyz sowatsyzdan beýik bolup bilmez.

Bagyşlamak gülleriň özüni basan aýaklara berýän ysydyr.

Şatlygyň manysyna düşünmek üçin ony paýlaşmaga adam gerek.

Adamyň ýekeje ýaragy bardyr, olam gülki.

Akylsyzlar bilen dawalaşmaň, töwerekdäkiler tapawudyňyzy saýgarmazlar.

Goh hiç zadyň subutnamasy däldir, ýumurtga guzlaýan towuk hem hamala astroid guzlaýan ýaly gygyrar.

Dogruçyllyk ýiten sungatlaryň iň beýgidir.

Täze pikirli adam pikirini subut edýänçä samsykdyr.

Dostlaryňyz sizi ýaş görünýäňiz diýip öwýän bolsa, onda siz garransyňyz.

Mark TWEN
28
86