sabyrly
28.03.2024 13:33
Gözlermiñ içine gorky gaçypdyr,
Ýerdäki möhletim bolupdyr tamam.
Dirilik suwumy ajal içipdir,
Saklandy zaman.

Günähim dag ýaly sogabym zerre,
Edilmeli işler galypdyr ýarym.
Ýalñyşlarym üçin garaşýar dürre,
Duýýan ýok halym.

Bizi bendi eden hokga baz dünýe,
Gara görkezenok ýakyn uzakdan.
Ynsany barmakda oýnan Iblisler,
Ýatyr duzakda.

Geçmiş kino deýin lentadan geçip,
Tanadym özümi giç boldy emma.
Ýaradan öñünde gara der seçip,
Hasap berdim her bir ýazylan jümlä.

Boljak zatlar gözlerimde janlanyp,
Düýşde Tañrym maña syryn açypdyr.
Sorag jogap günün, ýat edip bu gün,
Kalbymyñ içine gorky gaçypdyr.

© Süleýman TEKÄÝEW
25
29
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.