sabyrly
24.03.2024 16:23
Öz-özüňden göwnüň geçer kem-kemden,
Gözleriň şöhlesi öçer kem-kemden.
Kem-kemden dyzyňa düşer agyry,
Gyzlar «aga» diýip, tutar adyňy.
Kem-kemden köpeler saçlaryň agy,
Kem-kemden azalar saçlaň garasy.
Baýyrlar dag bolup görner gözüňe,
Asman bolup görner daglaň gaýasy.
Aklyň bardyr, huşuň gider kem-kemden,
Deňiň gider, duşuň gider kem-kemden.
Kem-kemden kemeler kuwwatyň, güýjüň,
Ýada düşer zol-zol geçmişiň, düýnüň.
Kem-kemden agzyňda dişiň azalar,
Ýagşy-ýaman edýän işiň azalar,
Kem-kemden kemelip barýandyr keýpiň,
Täze eginbaş hem geýdiň-geýmediň,
Barybir görkezmez seni gelşikli,
Bireýýäm modadan galan eşikli
Zordan süýegiňi süýräp ýörensiň,
Öz-özüňi özüň güýmäp ýörensiň.

Şu ýerde birsalym sägin, şahyrym,
Düşürme özüňi sussupeslige.
Özgeleri şygryň bilen gorkuzma,
Guwan çagalarňa, buýsan nesliňe.

Perzentlerde gaýtalanar ýaşlygyň,
Gojalsa-da, yşgy öçmez aşygyň.
Öz-özüňden göwnüň geçmesin hergiz,
O diýýän zatlaryň öňdedir heniz.

Atamyrat ATABAÝEW
33
35
efsane_tm
24 Mart 2024
gowy goşgy eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.