GARAŞÝAN GYZYŇ IÇGEPLETMESI
«Sen gelersiň» diýip açyldy aýnam,
Üstümden burk urýar gülleň çeçegi.
Jemperimi geýsem, häzir gelersiň,
Üşeýän, onda-da üşäp geçeýin.
Enemiň ýerinem ir ýazdym şu gün,
Bilemok, nämüçin ýok şu gün işdäm.
Zalym bolma, iň bolmanda, jaň edip:
«Ejem goýberenok» diýip degiş-dä.
«Sen gelersiň» diýip oýa batdym-da,
Köçäňizden iki ýana gatnadym.
Indem däli ýaly otagma sygman,
Ýekän-ýekän okap çykdym hatlaryň.
Hawa, gelşipdirmi, täze tikindim?
Gözelligiň reňklerine mäkäm men.
Nämeler samraýan, näme diýp durun,
Eý, Allam, kim bilen gürleşýärkäm men?!
Ýa-da köçämiziň itlerne ahyr,
Çeýneldiňmi, gaçdyňmy ýa howuza?
Ýa başga birine berdiňmi göwnüň?
Birinji aýdanym bols-a gowy zat.
«Sen gelersiň» diýip açyldy aýnam,
Üstümden burk urýar gülleň çeçegi.
Jemperimi geýsem, häzir gelersiň,
Üşeýän, onda-da üşäp geçeýin
Amangeldi ÝEGENOW