sabyrly
02.04.2024 13:32
Gussañ gara şalyn egnine atyp,
Köplügiñ içine gaçan ýekelik.
Otyr ol, dünýäni bir pula satyp,
Arzuwlarnyñ hüwdüsine irkilip.

Ýagşy kysmatdan paý, ýetmändir oña,
Olam bary bilen oññut edip ýör.
Bagtly adamlara seredip siñe,
Ahmyr gözlerinden hallan atyp dur.

Olar, baýlyklarnyñ hiç parhynda däl,
Şeýle durmuş oglanjygyñ islegi.
Bir wagtlar, ýañlanypdy şu ýerde,
Deñ-duşlary bilen gülki sesleri.

Geñirgäp seredýär, deñinden geçen,
Utanyp özüni gizlejek bolýa,
Monjuk deý, lowurdan gözleri bilen,
Kalbyndan bir zatlar sözlejek bolýa.

Bokurdagny ýaryp haýkyrsam diýýä,
Gursagnyñ içinde gurçuklan sözler.
Derdinden, dowzaha dönsede dünýä,
Hasratyn gizleýä şat güler ýüzler.

Her garañky gijäñ, bir säheri bar,
Bir gün, aýaklary topraga ýeter.
Umytlaryn baýdak tutup garaşýar,
Oña, saglyk gerek, barzatdan beter.

© Süleýman TEKÄÝEW
27
66
efsane_tm
2 Aprel 2024
soñky bentde bir sozuni iki gezek ulanypsyñ.. "Umytlaryn baýfak tutup garaşýar" birhili bozulmandyrmy? gowy goşgy
flowers_
2 Aprel 2024
Öz durmuşyñyz bardamy?!(şahsy sorag bolsa jogaplamak hökman däl)
tmyigit76
2 Aprel 2024
Gaty gowy bolupdyr 👍🏻
flowers_
2 Aprel 2024
👍🥺
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.