sabyrly
13.04.2024 16:20
Dostlar, birwagtlar jahyldyk bizem,
Göz astyndan syn ederdik gyzlara.
Taban murtlarmyzy şemala tutup,
Durmuşyň akyşyn almazdyk sere.

Ýetginjekdik, bar küýümiz okuwdy,
Daşymyzdan guwanardy eneler.
Çärýeklerde ýaryşardyk, bäsdeşdik,
Dokuzynjy «a»-lar, onunjy «b»-ler.

Klaslarmyz bir-birine goňşudy,
Üýşüşerdik zalda jaňyň sesine.
Biz jedel ederdik oglanlar bolup,
Sapak başlar, gijä galardyk ýene.

Söýülsek-de, käýelsek-de o ýyllar,
Günsaýyn ösýärdik şatlykdan ýaýnap.
Biz gedemsijedik öz ýanymyzdan,
Boýny monjuklyja gyzlary saýlap.

Sapak gutarardy, gapyň agzynda,
Syrlyja ýylgyrşyp garaşýardyk kän.
Ine, şeýdip söýüpdik biz gyzlary,
Ýöne gyzlar bizi söýdülermikän?

Annasoltan KEKILOWA
30
38
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.