sabyrly
27.03.2024 12:19
Barlygyñ içinde ýok saýdylarmy?!
Ýa-da özüñ ýok saýdyñmy barlykdan.
Duýgulañ zibile okladylarmy?!
Ýagşy ýazgyt çykmanda dört barmakdan.

Mum kibi yşygyñ yzyndan kowup,
Tümlükde gezmäge endik etdiñmi?!
Müñ ýola umydyñ ganatyn döwüp,
Soraglaryñ arasynda ýitdiñmi?!

Ýere agram salýanyñdan utanyp,
Ajalyñdan owal ýere girdiñmi?!
Durmuş erteki däl bizem şazada,
Düşündiñmi dünýäñ niçk ýerdigni?!

Hany, şowly günler bagta ýetirýän,
Bar derdiñem aýdyp bormy sözüñde!
Özünden ýüz esse ýüki göterýän,
Eýsem bir menmikäm ýeriñ ýüzünde!

© Süleýman TEKÄÝEW
33
70
sabyrly
27 Mart 2024
@efsane_tm, sps bu stilde 1nji goşgym onsoñam goşgyny diñläñde känbir ýalñyşlar bukulýar okasañ nirä gacsyn ýalñyşlar şoñ üçin okasañ has gowy düşünip bolýar
efsane_tm
27 Mart 2024
Remezan okanda halapdym.. şuwagt okadym, goşgy tamamlanmandyr, dowamy bar yaly bolupdur, yone gowy goşgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.