sabyrly
11.04.2024 16:16
Kalba düşen gurt bolupdyr, gussalam,
Ýyllara şam boldy arzuwmyñ bary.
Üýşüp barýa, bedenimde hassalam,
Gideliñ bäri!

Bütin barlyk, señ keşbiñe giripdir,
Haýsy ýana baksam, seredýär gözleñ.
Gözýaş bilen setirlerme syrykdy,
Aýtmaly sözlem.

Galypdyryn, kör guýulañ içinde,
Keşbiñ göreçlerim jadylan eken.
Umyda tutunyp, ynsan öz-özün,
Aldaýan eken.

Sorag bary sermenip ýör, serimde,
Aýralyga sürgün etdiñ sebäpsiz.
Gelseñde, tapmarsyñ öñki ýerimden,
Özüñ sebapsiñ!

© Süleýman TEKÄÝEW
32
160
sabyrly
16 Aprel 2024
@mokono, onda bilmedim meñkä düzelip gitýä
mokono
16 Aprel 2024
@sabyrly, näçe wagtdan bäri şeýle mende. Girip çykanyň bilen düzelenok
sabyrly
16 Aprel 2024
@mokono, çykyp täzeden girip gör gowlaşar set pesliginden etýär kä mahal
sabyrly
16 Aprel 2024
@manolya, geldim sesiñ eşdip ylgap geldim
mokono
16 Aprel 2024
Tema degişli dälem weli, maňa bildiriş gelenok näme üçinka?
manolya
16 Aprel 2024
@sabyrly, eýýäm gitdiňizmaý🤦🏻
manolya
16 Aprel 2024
@sabyrly, Salam ,oňatmysyňyz...menem bir ugrukdyraýyň (soňky postymy okap görüň)
sabyrly
15 Aprel 2024
@garlawac, sps minnetdar
sabyrly
12 Aprel 2024
@manolya, 👍
manolya
12 Aprel 2024
@sabyrly, bolýa 😃
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.