sabyrly
15.03.2024 13:29
ÝAGŞY NIÝET HAKDA
Bir gezek hytaýly halypa şägirdine:
— Gaýrat et–de, şu otagy siňňin synla-da, mele reňkli bar zady ýatda saklajak bol — diýipdir.
Onsoň ýigit otaga syn edip ugraýar. Onda suratlaryň agaç çar-çuwasy, diwan, perdeler, asylan karnizler, partalar, kitap sahaplary,  başgada ençeme zat mele reňkli ekeni.
Halypa:
— Indi gözüňi ýum-da, mawy reňkli zatlaryň baryny sana — diýipdir.
Ýigit aljyrap.
— Men mawy reňkli zat görmedim! — diýipdir.
Onda mugallymy:
— Gözüňi aç-da, gowuja seret hany. Bu ýerde mawy zat kän ahyry — diýen.
Dogrudanam, mawy güldan, fotosuratlaryň çarçuwalaram mawy reňkli, halam, goja halypanyň köýnegem şol reňkde ekeni.
Halypasy:
— Seret, näçe zady gözden salypsyň! — diýipdir.
Okuwçysy:
— Munyňyz al bolýar! Men siziň aýdyşyňyz ýaly, mawy däl-de, diňe mele reňkli zatlary gözledim  — diýen.
Mugallym ýylgyrypdyr-da:
— Menem hut şony saňa görkezjek boldum-da. Sen diňe mele reňkli zatlary gözläniň üçin diňe şolary görýärdiň. Durmuşda-da şeýle bolýar. Sen diňe ýaramaz zat gözleýäniň üçin şoňa duşýarsyň, ýöne gowyny gözden salýarsyň.
Ömrümizde bolýan ýagşy zatlaryň hiçisini gözden salmaly däl. Sen erbetlige garaşsaň, hökman şo-da amal bolar. Ýagşylyga garaşsaňam, ýagşy zada duşarsyň.Her bir ýagdaýyň gowy tarapyny görjek bol. Indiden beýläk ähli zatda hem, her bir zatda hem ýagşy zat gözläp ugrarsyň.

ONSOÑ ÝARADANY GÕRDÜLER
Bir gezek keramatly üç kişi tokaýdan gidip barýan ekeni. Olar bütin ömrüne Hak gullugynda bolupdyrlar: biri takwalyk, söýgüdir ybadat bilen gününi geçirse, beýlekisi – ylym, danalyk, paýhas ýoluny saýlapdyr. Üçünjisi – amal, gulluk borçlaryny berjaý edip gezipdir.Olar näçe gulluk, amal-ybadat etseler-de, niýetine ýetip, Hak nuruny görüp bilmändirler. Ýöne şol gün weli, keramat görüpdirler!Birdenkä ýagyş ýagyp ugrapdyr, onsoň olar kiçijik ybadathana giripdirler-de, bir-birege gysylyşyp duruberipdirler. Olar bir-birine egin berenlerinde, eýýäm üçden köpdüklerini duýupdyrlar. Haýran galmadan sandyraşyp, bir-birine bakypdyrlar.Olar Ylahdan biriniň bardygyny duýupdyrlar. Ol kem-kemden açylyp-ýaýylyp göze ilip ugrapdyr, nur çaýylypdyr. Bu ne gudrat
— Ylahy nury görüpdirler!
Olar şonda dyza çöküp, mynajat edipdirler:
— Eý, Ýaradan-a, ne beýle duýdansyz geldiň?! Biz ömrümizi Seniň ýoluňa sarp etdik. Ýöne beýle hormata — seni görmek hözirine ýetip bilmedik. Indi bu günem ol bize miýesser etdi.Şonda Ýaradan aýdan:
— Sebäbi bu gün siziň üçüňizem bir ýerde. Bir-birege ýanaşyp, bir göwre-ten bolduňyz, şonuň üçinem Meni gördüňiz. Men hemişe siziň içiňizdedim, ýöne meni aýan edip bilmeýärdiňiz, sebäbi siz bitewülik däl-de, bölekdiňiz. Gudrat-keramat bitewülik —jebislikde döreýändir.
29
49
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.