sabyrly
14.04.2024 17:38
Sen gidensoñ ýaşaýyşyñ
Ak garasy deñ boldy.
Üýtgäp dünýä garaýyşym
Maña bar zat geñ boldy!

Durmadym kän gürläbem
Kemäberdi gülmämem
Ala gohly dünýämem
Ses sedasyz sem boldy!

Bilmän näme aýdanym
Nirden kemter gaýdanym?!
Söýüp diñlän aýdymym
Bir düşnüksiz heñ boldy!

Gözlerim elek-çelek
Terse aýlanýar pelek.
Düýnki şadyýan melek
Haly harap teñ boldy?

Diýdiñ gara gözleriñ
Özgelere dözmerin...
Şol derman deý sözleriñ
Gör kimlere em boldy!

Ýakyp yşgyñ kitabyn
Syrdyñ ýüzden nikabyñ
Gol tutuşan nikalyñ
Aýt kim boldy? Kim boldy?
 
Gülnäz NUREKOWA
26
48
Bkm
14 Aprel 2024
O bolmasa bashgasy yok diymañ O bolmasa ö ba e ba yene 30 sany harp ba
alma___
14 Aprel 2024
Cowu goşgy 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.