Gijäñ göbeginde, ýumulmaz gözlem,
Wyždanymyñ sessiz hüwdüsin diñläp.
Gyzgynjagy bilen aýtmaly sözlem,
Galypdyr heñläp.
Agzymy dolduryp nahar iýýärin,
Kimler, açlygyndan mejalsyz ýatyr.
Men bolsa, gündelik işlerim hakda,
Edýän howatyr.
Ýaraglar jan alýar, jaýlar ýumrulýar,
Bigünä çagalar gömülýär ýere.
Ökünýän, elimden hiç zat gelmänsoñ,
...Kömek edere.
Uýalýañ baryna göz ýumýanyñdan,
Gelýän habarlara, gulagym dykýan.
Ertire nä umyt kimler janyndan...
...Özüme bakýan.
-Ýüregñe batyryp jadyly periñ,
Dünýäñ derdi bilen oda ýanýarsyñ!
Ynsanlyk namyna bar edýän zadyñ,
Goşgy ýazýarsyñ!
© Süleýman TEKÄÝEW