okyyjy
15.10.2024 03:25
Ýaňy dogan aý,
dünýä ýylgyryp bakýar.
Hemem, göni bakman seretýär gyýa.
Göýäki diýersiň, aşyk ýigdine
Agasyndan ogryn seretýän uýa.

Täsin ýylgyrşynda gör näçe syr bar,
Yşkdan kalby dolan juwana meňzeş.
Günler geçer, tegelener juwan aý,
Dogum wagty gelen jenana meňzeş.

Siňe bakyň, oňa! Görersiňiz siz.
Onuň her ýerinde garalar bardyr.
Çuň çökede, beýik daga çalymdaş,
Onuň hem kalbynda ýaralar bardyr.

Aý ýaşsa - garalyp galan bu zemin,
Aldanan ýigidiň kalbyna meňzär.
Aý doganda - nura dolan bu zemin,
Ekiz ogly bolan zenana meňzär.


Amangeldiýew Durdymyrat
7
72
okyyjy
14.10.2024 01:04
Gel, geç goňşy gyzy saçak başyna,
Sen töre geç, sen şol ýere ýaraşýaň.
Sen habar getirdiň joraň hakynda,
Habar gowşurmagam saňa ýaraşýar.

Oňa erwet nazar aýlap bilmedim,
Belkem, ony söýendirin bimahal.
Onsuz galdym - diýip, aglap gezmedim,
Söýgä bagrym daglasam-da birmahal.

Soňky gezek, aýsyz agşam duşuşdyk,
Toýuna çagyrdy, gyýyldym şonda.
Biz söýgini deň-je ikä bölüşdik,
Yzy mende galdy, yzasy onda.

Sen habar berýänçäň, unudypdymam,
Hem, ony özümden edipdim jyda.
Pozulypdyr toýy ýakyn arada,
Dogrysy – gynandym, gyýyldym juda.

Heran-haçan ýollarymyz kesişse
Sözleşerin,
Salamyna garaşman.
Ýok, ol indi: "Ýaraşaly!" - diýmesin,
Ony bagyşladym, ýöne ýaraşman.


Amangeldiýew Durdymyrat
12
66
okyyjy
12.10.2024 07:00
Sonam

Şelpe dek şabradyp zülpi taryňy,
Messana-messana gez, Sonam, bu gün.
Bagyňda besledik, alma-naryňy
Bileje gülüşip üz, Sonam, bu gün.

Indi sapasy bar çeşme boýunyň,
Ruh berýär ynsana oýnan oýunyň.
Şonuň saglygyna watan toýunyň
Şirin-şerbetini süz, Sonam, bu gün.

Ýüzdükçe ýüz tutup sen azatlyga,
Eziz Watandaky beýik şatlyga,
Hem gözel ýadygär, hem şaýatlyga,
Özüň-de bir dessan düz, Sonam, bu gün.

*** * * *** * *
*** * * *** * *



Baglady yşkyň perisi bir zülpi tara meni,
El degip tirilmedik bir jübüt nara meni,
Äkidiň dostlar bu gün ýara meniň habarym,
Gorkmasyn, gorkuzmaýar bu uzak ara meni.

Guş bolup, ganat açyp, perwaz ederdim başyna,
Bilsem-de onuň üçin aljaklar ara meni,
Indi sonam söýmese, äşgär diýsin sözüni,
Goý atam, enem diýip, goýmasyn zara meni.


Gara Seýitliýew
8
139
okyyjy
08.10.2024 23:14
Ýyldyz — jümmüşinde termoýadro sinteziniň reaksiýalary bolup geçýän (ýa-da öň bolup geçen), öz grawitasiýasynyň güýji bilen saklanýan, ýagtylyk goýberýän massiw gaz şary.
Ýere iň ýakyn ýyldyz Gün bolup, ol G spektral klasynyň adaty wekilidir. Ýyldyzlar grawitasion gysylmanyň netijesinde gaz-tozan gurşawyndan (esasan, wodorod bilen geliden) emele gelýärler. Ýyldyzlaryň jümmüşindäki maddalaryň temperaturasy million kelwin, ýüzündäki maddalaryň temperaturasy bolsa, müň kelwin bilen ölçelýär. Ýyldyzlaryň aglaba köpüsiniň energiýasy içerki oblastlarda wodorodyň geliýe öwrülmeginiň ýokary temperaturadaky termoýadro reaksiýalarynyň netijesinde bölünip çykýar. Ýyldyzlar ýygy-ýygydan Älem-jahanyň esasy jisimleri diýlip atlandyrylýarlar, sebäbi olar tebigatdaky ýagtylyk ýaýradýan maddalaryň esasy massasyny özlerinde saklaýarlar. Ýene bir bellärlikli mesele hem, ýyldyzlaryň otrisatel ýylylyk sygymy bardyr.
Güne iň ýakyn ýyldyz Sentawr proksimasy bolup durýar. Ol Gün ulgamynyň merkezinden 4,2 ýagtylyk ýyly (4,2 ýgt. ýyly = 39 Pm = 39 trillion km = 3,9·1013 km) uzaklykda ýerleşýär.
Ýönekeý göz bilen seredilende (gowy görüş ýitiliginde) asmanda her ýarym şarda 3000 sanydan, jemi 6000 töweregi ýyldyz görmek bolýar. Ýerden görünýän ähli ýyldyzlar (şol sanda iň kuwwatly teleskoplar bilen görülýänler) galaktikalaryň ýerli toparynda ýerleşýär.

Ýere iň yakyn ýyldyzlaryň sanawy:
1. Sentawr Proksimasy
2. Alfa Sentawr
3. a2 Kentawr
4. Barnardyň ýyldyzy
5. Sirius
6. Eridan
7. 61 guw
8. Prosion
11
228
okyyjy
07.10.2024 08:42
Meň kakamyň - bir aýby bar durmuşda,
Kä ýumrugny gysýar, käte dişini.
Şu gün iş ýerinde adalat gözläp,
Ertesi gün täzeleýär işini.

Meň ejemiň - bir aýby bar durmuşda,
Ol - wepadarlyga ömrün baglaýar.
Zähmet çekýär, kakam işsiz galsa-da,
Çagalary üçin bagryn daglaýar.

Doganlarmyň - bir aýby bar durmuşda,
Aga ak, gara-da gara diýýärler.
Hor-homsy günde-de namys, ahlagy
Ähli duýgylardan öňde goýýarlar.

Dostlarymyň - bir aýby bar durmuşda,
Olar - ula-kiçä hormat goýýarlar.
Dünýewi hem dini pikir ýöredip,
Ynsap hem wuždana nika gyýýarlar.

Duşmanlarmyň - bir aýby bar durmuşda,
Mertligi bar zatdan öňde goýýarlar.
Käte ýeňýär olar, käte ýeňilýär,
Haýsy bolanda-da merdem dymýarlar.

Her kimiň özüne görä keşbi bar,
Hemme häsiýet jemlenmändir bir başda.
Şol keşpleri hemmelerden gözleýän,
Ynha, bu-da, meniň aýbym durmuşda.


Amangeldiýew Durdymyrat
13
84
okyyjy
06.10.2024 09:23
Ene-ata keramatdyr, çigit ýaly şek bolmasyn.
Ogullaryn öýerseler, gelinleri çet bolmasyn.
Aglamasyn dideleri, ýürekleri gyýylmasyn,
Duýulsa-da garrylygy, ýüzlerine urulmasyn.
Bu jahana gelmegmize Ylahy perman – Ene-ata.

Ynjamasyn, göwünleri näzikdir ter güllerdenem,
Uzak bolsun ömürleri aýlardanam, ýyllardanam,
Agtyklary gelip dursun uzak-uzak ýollardanam,
Şanyna şygyr aýdylsyn, baldan süýji dillerdenem,
Bizi kemala getiren, mysaly bagban – Ene-ata.

Habar berýär tejribesin, ýygyrtlary ýüzleriniň,
Bu dünýäniň terjimesi, manysyn bil sözleriniň,
Çuňňur mähir, söýgi bardyr garaýşynda gözleriniň,
Çakylykçysydyr olar – seniň ömriň ýazlarynyň,
Hemme derde Ylahy em, mysaly derman – Ene-ata.

Her kime nesip etmändir, gör-de çykar netijäni,
Bar wagty bir gadryny bil, amanatdyr hemmäň jany
Deregine seni goýar, mazarystan bolar jaýy,
Içiňi çekip aglarsyň, geçdi öýdüp ömrüň saly,
Bu duýgyny saňa, bilseň, goýandyr miras – Ene-ata.


Amangeldiýew Durdymyrat
12
55
okyyjy
04.10.2024 17:03
Her kim gidýär ýat ile,
dollarda bar hyýaly,
Maňa-da: "Ýör!" - diýýärler,
gitmek nämäme derkar?
Öz ilimiň kem däl-ä –
suwy hem myssyk nany,
Ýat ilde mysapyrlyk
çekmek, nämäme derkar?

Ýat şäherde işleýän,
şoňa içim ot ýaly,
Ýurdy taşlap ýat ýurda
barmak, nämäme derkar?
Mähribanlamyň keşbin
küýseýärkäm aýsaýy,
Ýyllyk aýraçylyga
dözmek, nämäme derkar?

Ýetişýärkä ülkämde
gyzyl bägül, ak bägül...
Ýat ilde gara bägül
ýygmak, nämäme derkar?
Önüp durka toprakdan
gara altyn, ak altyn...
Del topraga alyn der
dökmek, nämäme derkar?

Ata Watanda gedaý
bolup, gün görüp bilsem,
Gaýry Watanda bir köşk
gurmak, nämäme derkar?
Ajal ýakamdan tutsa,
maslygym ýurtda galsyn,
Gaýra ýurtda gümmezli
mazar, nämäme derkar?

(Sözüň makullajak az,
garşy çykjak kän wagty,
Pikirleriňi kagyza
ýazmak, nämäňe derkar?)


Amangeldiýew Durdymyrat
9
101
okyyjy
03.10.2024 23:26
Gözýetimiň aňyrsynda gözleriň,
Menä seni, senem bagty gözlediň.
Saňa gowuşmajak hatyma siňdi,
Saňa aýdyp ýetişmedik sözlerim.

Gitdiň... Gaçdy söýgimiziň mazasy,
Bozuldy söýginiň ähti, wepasy.
"Bize höküm edip bilmez" - diýipdiň,
Aýralygyň hemişelik jepasy.

Ynsan ejiz eken, ykbal öňünde..
Muny maňa öwredipdiň bir kemsiz.
Gitdiň sen-ä, öz bagtyňy agtaryp,
A men bagty tapdym,
Ýöne ol sensiz.


Amangeldiýew Durdymyrat
10
195
okyyjy
03.10.2024 05:53
Suratyň elimde galdy ýadygär,
Seretmekden doýmaz boldy gözlerim.
Aklym – seni unutmana çalyşýar,
Kalpda – seniň keşbiň boldy gözlegim.

Gitdiň, başa goýup yşgyň mähnetin,
Şol mähneti sen hem boýun alypdyň.
Gulagymda şol gijeki söhbetiň:
"Ykbal ýolumyzy aýra salypdyr".

Şondan bäri öýkeli men ykbaldan,
Seni özgä, meni özgä ýazypdyr.
Aýralygy "sakçy" edip arada,
Aramyza ýowuz serhet salypdyr.

Ýöne her niçigem bolsa, dildarym,
Ýolda-yzda gabatlaşsak gaçmagyn.
Söýgümize goýlan serhet ýeterlik,
Indi, dostlykdan bir ara açmagyn.

Saňa garşy asla kine saklaman,
Edip ýörmen indi dady-perýadym.
Kalbyň aglamasyn, gülsün ýüzüň hem.
Elimde-hä, ýylgyryp dur suratyň.



Amangeldiýew Durdymyrat
15
148
okyyjy
01.10.2024 23:35
Saçdy Muhammet

Owwal deslap baryp Haýbar dagynda,
Kapyrlar ganyny saçdy Muhammet.
Leklaherde, Sekwan, Käbil şährinde,
Jepa çekip dini açdy Muhammet.

Aşyklar baş olup, yşka münende,
Tura nazar düşüp, daglar ýananda,
Byrag gökden gelip, ýere inende,
Refref münüp, arşa uçdy Muhammet.

Mikaýyl, Ysrafyl, Ezraýyl bile,
Geldiler, durdylar Jebraýyl bile,
Seýr etdi Selsebil, Zenjebil bile,
Kewser arygyndan içdi Muhammet.

Magrajyň gijesi seýre baranda,
Ýa Jebraýyl emin bile ýörände,
Behişt gapysynda gelip duranda,
"Bismillah!" diýip, işik açdy Muhammet.

Magtymguly, özge dini bozdylar,
Yklym-yklym, şäher-şäher gezdiler,
Jepa çekip, Yslam dinin düzdiler,
Altmyş üç ýaşynda göçdi Muhammet.

Sallallahu Aleýhi Wesellem



Magtymguly Pyragy
19
124