okyyjy
16.11.2024 05:37
Gojaldymmy göwnüm ümsüm-le aşa,
Ýene özüm bilen galdym baş-başa,
Irkilip oýandym, gelmedim huşa,
Meger dünýäň özi ajap düýş eken.

Gözüm açdym, huşdyr diýip oýladym,
Çaga boldym, dostlam bilen oýnadym,
Ýigit çykdym, yşga düşüp gaýnadym,
Yşk diýleni düýpsiz dert azar eken.

Geçip gitdi ýigitligim gol bulap,
Leýlisaçlaň zülpün boýuna orap,
Kämil bolup galdym yzyndan garap,
Geçensoň gelmeýän bir döwran eken.

Kämil çykyp bir ojaga baş bolduk
Başda iki bolduk, soňra bäş bolduk
Şol döwürler düşünmekden ýaş bolduk
Her güliň bir öz bahary bar eken.

Üç gül ýetişdirip soldy iki gül
Ýoldaşym ýogaldy galdym ýeke, dul.
Ýarym diri wagty şadym, indi gul,
Nätjek, Ýaradanyň emri şol eken.

Amangeldiýew Durdymyrat
14
88
flowers_
18 Noýabr 2024
Bir ömür 👍👍
erkek
16 Noýabr 2024
Beter gowy goşgy💙🥹
alma___
16 Noýabr 2024
Gowy goşgy 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.