okyyjy
24.11.2024 02:11
73” BELGILI TUSSAG
Bu aýdýanlarym gaty bir öňrägem däldi, men bir döwür Hytaýda bir marşalyň hususy lukmany bolup işledim. Marşal meni gowy görýärdi, men onuň iň ynamdar adamlarynyň birine öwrülipdim. Men daşary ýurtlam bolsam, karargähiň içinde islendik ýere arkaýyn girip-çykyp bilýärdim. Ýurtda syýasy ýagdaýlaram barha çylşyrymlaşýardy. Şeýle-de bolsa men ýurduň syýasy ýagdaýlary bilen içgin gyzyklanmazlyga çalyşýardym. Ýöne şonda-da telim gezek şäher talaňçylyklaryna, ýesirleriň öldürilişine, adamlaryň köpçülikleýin gyrylyşyna şaýat boldum. Emma häzir size gürrüň bermekçi bolýan wakam meniň Hytaýda bolan bäş ýyllyk döwrümde ýadymdan çykmajak esasy wakalaryň biri boldy:"

… Biz Han-Çeou şäherindedik. Bir gün 74 tussagy atuw jezasyna höküm etdiler. Tussaglar jezalandyrylanda lukmanam hökman ýanlarynda bolaýmaly. Şonuň üçin men Gün dogan badyna irgözinden bardym. Jezalandyryjy toparyň serkerdesi hem öz esgerleri bilen eýýäm garaşyp duran eken. Az salymdanam atuw zejasy ýerine ýetirilmäge başlandy. Her sapar on iki sany tüpeňiň mäşesi deň gysylanda güýçli towhuldy ýaňlanyp gidýärdi. Her gezek “ot aç” diýip buýruk berlende, hatara duran tussaglaryň biri kemelýärdi. Şol garma-gürmeligiň arasynda yzdan ikinji hatarda ýetmiş üçünji setirde duran tussagyň hiç zat bolmaýan ýaly, sesini çykarman kitap okap duranyny görüp, aňk bolup galypdyryn. Dogrudanam ol kitap okap durdy. Kem-kemden golaýlap gelýän ölüme barmysyňam diýmän, daşynda bolup duran elhençlikleri görmeýän ýaly kitap okap durdy. Zalp atylýan tüpeňiň gümpüldisi, gaňşyrawugyňy ýakyp barýan däriniň hem-de ýürekbulanjy ganyň ysy birjigem onuň ynjalygyny gaçyranokdy. Bir adamy şular ýaly ýagdaýdaka şeýle özüne çeken kitabyň nähili kitapdygyny, dogrusy, gaty bilesim geldi. Ýuwaşlyk bilen tussagyň arkasyndan baryp, egninden üstaşyr nähili kitap okaýarka diýip seretdim. Mihael Maýýeriň “Ýetdirmeýän Atlanta” (“Atlanta Fugiens”) atly kitabydy. Onuň okap duran kitaby hytaýça bolan bolsa, men, belkem, beýle geň galmasam galmazdym, ýöne ol eser latyn dilindedi. Saklanyp bilmän oňa şeýle diýenimi duýman galdym:
– Eliňizdäki kitap adama soňky demlerinde teselli beribiljek kitapmy?
Tussag kitapdan gözüni aýyrman, suwara iňlis dilinde maňa jogap berdi:
– Kämahal, adamyň bir ömür alada edip gazanan tejribesiniň hem biliminiň boş, biderek zatdygyna ýa-da beýle däldigine sanlyja minudyň dowamynda-da göz ýetirse bolýar. Hatda ölüm alkymlap gelenem bolsa, muňa pursat bar…
Onuň beren jogabyna näme diýjegimi bilmedim.
Et bilen gandan döreýän diwaryň öňünde nädip edil bular ýaly sowukganly bolup bolýandygyna haýran galypdym.
Ol tussagyň ýanyndan aýrylybilmän durdym, ol bolsa meni bütinleý unudypdy. Jezalandyryjy toparyň serkerdesi her sapar gylyjyny galdyryp, ýatyranda bir bendäniň bedeni eleme-deşik bolýardy hem-de ýüregiňi elendirip, şalkyldap ýere gaýdýardy. Ol bir töwra tussagyň bolsa, bolup duran zatlara başam galdyrman şol kitap okap durşudy, göýä diýersiň, bu älemden başga bir äleme geçen ýalydy.
Zor etse otuzynda görünýän bu ýaş ýigidiň ýüzi nuranady, ýagtydy. Şol bir bolşuny üýtgetmän kitabyň sahypasyny agdaranda, men durup bilmedim, ondan:
– Size näme kömek edip bilerin? Ahyrky niýet-arzuwyňyz, zadyňyz ýokmy? – diýip soradym.
“Meni ölümden halas et” diýip, ýalbararyna garaşdym. O bolsa başyny galdyrdy-da, içi gülýän gözler bilen meni synlady. Hut şol pursat özümi çuňňur ukuda ýaly duýdum. Ol bolsa ýene parahat äheňde:
– Ählimiziň öljek wagtymyz öňünden bellidir. Egni harby lybasly şu ýaş serkerde eline gelişmeýän gylyjyny galdyryp-ýatyrmak bilen ölüme höküm edýändirin öýdýär. Emma ol ýalňyşýar, lukman jan. Allanyň huzuryna kimiň haçan çagyryljagy belli däldir, sizi menden öň çagyraýmaklaram ahmal. Adamlary öldürmek ýa-da ýaşatmak hukugyny olara kim beripdir? Siz gödek ýalňyşýaňyz – diýdi-de, ýene okamagyny dowam etdi...

# Dowamy bar.
11
124
okyyjy
24 Noýabr 2024
@alma___, hawa, menem paýlaşaýyn diýdim, okamadyklaram okar ýaly
alma___
24 Noýabr 2024
Gyzykly eser öñem goýlypdy mañada gùýçly täsir etdi şu eser
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.