ÝAZMASY AGYR DÜŞEN GOŞGY
Bütin oba garaşyp dur.
Ýola bakýar hemmeler.
Atasy pyşyrdaýar:
“Geler. Geler. Geler”.
Gelnejesi pyşyrdaýar:
“Gelermikä? Kim biler...”
Agasy göwünlik berýär:
“Geler-le... hökman geler”.
Gök toraññyñ saýasynda
Ýüzläp adam dymyp dur.
Çekizeli ak haltadan
Turşy damja damyp dur.
Ýygnanyşdy babadaşlar,
Içginler hem daşgynlar.
Ne signal bar, ne şowhun-
Dymyşyp dur maşynlar.
Geldi dürli maşynlar -
Gyzyl, sary, ýaşyl, ak.
Geldi garaşylmaýanlar.
Garaşylýan gelenok.
Göýä pikir hem etmän
Bu gürrüñler babatda.
Ak guş kimin irkilip,
Ene ýatyr tabytda.
Göterlerne garaşyp dur
Köpi gören agaç at.
Ene ýatyr üstünde
Giñ mañlaýly, Agajet.
Şol enäniñ ogluna
Garaşyp dur hemmeler.
Geldi tanyş, nätanyş -
Geldi şondan öññeler.
...Ol henizem gelenok.
Meger, häzir ýoldadyr.
Đñ söýgüli ulagy
Samolýot däl, "Wolgadyr”.
Ýöne weli uçurýandyr
Samolýota deñeçer.
Şondan yza-ha galmaz,
Oñarsa öñe geçer.
Ol henizem gelenok...
Meger, häzir ýoldadyr.
Ýa-da iki eli hem
Ullakan stoldadyr.
Tüweleme, uly adam
Bolup gitdi indi ol.
Ýañy bolsa has ullakan
Bir stula mündi ol.
“Sypaýmasyn birden!” diýip,
Oturandyr ýapyşyp.
Owadanja gelinler
Çaý çekýändir çapyşyp.
Üýtgeşikdir öñündäki
Kişmiş, kemput, şokolad.
Ýa gök çaýyñ humaryna
Ýazýandyr bir doklad.
Ýok, ýok, özi doklad ýazmaz,
Ýazýandyrlar başgalar.
Ýaranjañlar her sözüne
Ellerin çarpyşarlar.
Ol bolsa özi ýazýan dek
Gülümsirär, ýylgyrar.
Ýazanlar onuñ deregne
Utanjyrar, ýygrylar.
...Ýigrimi ýyl mundan ozal
Gutarypdy bir WUZ-y.
Ony oña gutardan hem
Tabytdaky ezizi.
Güýzde pagta ýygypdy.
Gyşda körek çöpläpdi.
“Oglum ullakan okuwda!”
Buýsanç bilen gepläpdi.
Howdan gurdy, gazy gazdy
Laýa batyp dyzyndan.
Ýygnanjasyn lükgeläp
Ibererdi yzyndan.
Ogly üçin ak mütgelden
Bir haltajyk tikindi.
Üçlügini, manadyny,
Şaýysyny, köpügni-
Artdyranja puljagazyn
Atdy şonuñ içine.
Şeýde-şeýde kyrk ýaşynda
Ak çozupdy saçyna.
Ogly okuwyn gutardy.
Ene dertläp ýykyldy.
Ol şonda sypap otyrdy
Bir gözeliñ çokulny.
Dakýardy enäñ pulundan
Her barmagna bir ýüzük,
Gulagyna teneçir,
Bilegine bilezik.
Söýüşdi, gujaklaşdy.
Paýtagtdan jaý tutundy.
...Enesinden utanmady,
Ene ondan utandy.
Ene käte paýtagta
Gezmäge gelen wagty,
Gelni diýdi: “Ýok etsene
Bu porsy garabagty!”
Ogly diýdi: “Ýakymsyz
Ysyñ bar-la, jan eje.
Bu eýýamda arassa
Bolmaly myhman, eje!”
Ene diýdi: “Wah, jan ogul,
Her niçe porsasak-da,
Ulalansyñ, ýetişensiñ
Şu porsuja gujakda...”
Soñra bolsa uzak gije
Ýorganynda aglardy.
Dañyñ atarna mähetdel,
Otla tarap ylgardy.
...Şeýde-şeýde günler ötdi,
Aýlar ötdi nobatly.
Edeni şowuna boldy.
Durmuş ony aýnatdy.
Her sözünde bir oýun,
Her elde bir desmaly-
Bir ýyl bäri saklap otyr
Has uly bir stoly.
Bu gün bolsa enesi
Amanadyn tabşyrdy...
Gelen telegrammany
Stolunda ýygşyrdy.
Ony aýalyndan başga
Görkezmedi hiç kime.
Är-heleý karara geldi:
“Barsak bor-la üçüne!”
#3000 harpdan köp bolsa goýup bolmaýanlygy sebäpli goşgyny iki bölek edip goýmaly boldy.
dowamy bar...