Seçgin musulmanlaryň soltany, Pygamber öwlady, hezre-ti Aly Murtazanyň nesli, Muhammet Mustapanyň mi-rasgäri, päk niýetli ymam Japar Sadyk (Allah oňa rehim eýlesin!) Pygamberimiziň ehli-beýtindendir. Şonuň üçin bu kitaby teperrik hökmünde ol hakdaky ýatlamalardan başladyk. Ymam Japar Sadygyň keramatlarynyň ählisini beýan etjek bolsam, dilim beýle etmekden ejiz geler. Ol ylymlaryň ählisinde, tarykatda, hakykatda, magryfetde kämil derejäniň eýesi, welileriň ulusy hem gözbaşydyr.
***
Habar bermeklerine görä, Japar Sadyk Muhammet bir gün mürit-leri bilen otyrka, olara ýüzlenip:
– Geliň, kyýamat gününde haýsy birimiz dowzahdan halas bol-sak, beýlekilerimize şepagatçy boljagymyz barada birek-birege söz bereliň – diýipdir. Oturanlardan biri:
– Eý, Allahyň Resulynyň öwlady! Biziň şepagatymyza mätäç birimisiň? Seniň aňryň Muhammet alaýhyssalam ýaradylanlaryň ählisiniň şepagatçysy ahyryn – diýip seslenipdir.
– Men öz eden işlerimiň käbiri sebäpli erte kyýamat gününde onuň ýüzüne bakmakdan utanýaryn.
***
Habar bermeklerine görä, Japar Sadyk Muhammet bir gün Abu Hanifeden:
– Kime akylly diýerler? – diýip sorapdyr.
– Haýry şerden tapawutlandyryp bilen adam akyllydyr.
– Olary haýwanlar hem tapawutlandyryp bilýär. Haýwanlar özle-rini urýanyň kimdigini, ot berýäniň kimdigini bilip durlar.
– Şeýle bolýan bolsa, sen nähili adamy akylly hasaplaýarsyň?
– Iki haýyr bilen iki şeriň arasyny açyp, haýyrlaryň has gowusyny, şerleriň hem az zyýan berjegini saýlamagy başaran akylly adamdyr.
***
Içi altynly gapjygyny ýitiren bir adam Sadygyň ýakasyndan ebşitläp tutup:
– Gapjygymy sen ogurladyň – diýip, oňa günä ýöňkäpdir. Ol Sadygy tanamaýar eken. Sadyk:
– Gapjygyňda näçe altyn bardy? – diýip sorapdyr.
– Altynlarym göni müň sanydy.
Sadyk ýaňky adamy öýüne alyp baryp, müň altyny eline sanap beripdir. Soňra ol adam ýitiren altynlaryny tapaýypdyr. Ol Sadykdan alan altynlaryny yzyna getirip, özüniň ýalňyşanyny boýun alypdyr.
Sadyk:
– Biz beren zadymyzy yzyna almaýarys – diýipdir.
Ol adam bir kişiden onuň kimdigini sorapdyr we Japar Sadykdygyny bileninden soň, ökünjiniň çägi bolmandyr.
***
Habar bermeklerine görä, Sadyk bir gün ýeke özi ýol bilen barýarmyş we: «Allah, Allah!» diýip, yzygiderli gaýtalaýarmyş. Bir bedibagt kişi-de: «Allah, Allah!» diýip, onuň yzyna düşüpdir. Sadyk:
– Allahym! Jüpbäm ýok. Allahym! Eşigim ýok – diýip diýmänkä, bir ýerden bir gat egin-eşik eline gütläp düşüp, derrew eşigini çalşyrypdyr. Yzyna düşüp gelýän kişi bu bolan işi görüp, ylgap öňüne geçipdir-de:
– Jenabym! Men hem seniň bilen deň derejede «Allah!» diýdim, şonuň üçin hem bu babatda ortak bolýarys. Köne eşikleriňi maňa ber – diýipdir. Onuň bu bolşy Sadygyň göwnüne ýarapdyr we köne eşiklerini oňa bagyşlapdyr.
***
Sadyk şeýle diýipdir:
– Ozaly gorka, soňy puşmançylyga sebäp bolýan her bir günä guly Haka gowuşdyrar. Ozaly arkaýynlyga, soňy tekepbirlige sebäp bolýan her bir ybadat bolsa guly Allatagaladan uzaklaşdyrar. Özün-den göwni hoş musulman aslynda günäkär gullardandyr. Ötünç so-raýan gul bolsa aslynda hakyky musulmandyr.
Feridetdin Attar (Weliler hakda rowaýatlar)