Gorkyňy asla görkezme! Gaharyňy asla belli etme! Gözleriňdäki kiçijek bir hereket hem, seni ele berip biler.
Adam, arkasynda ýeke bir yz hem, bir kagyz bölejigine çyrmalan ýekeje atsyz sözjagaz hem goýup bilmäninden soňra, nähili ýagdaýda geljege seslenip bilerdi?
Her bir hereketiň ( häsiýetiň) netijesini, şol hereketiň özi döretýändir.
Elbetde bular ýönekeý bir oýunjak, ýöne çagalara dogry ýoly görkezýärler.
George Orwell. "1984" kitabyndan. (Başarşymça özüm terjime etdim)
***
Bir işiň gaýdansoň uludan dem alanyň peýdasy näme?
Adalatsyzlyk ýüzlerçe täjiň soňuna çykypdy.
Ajaýyplyklara bolan söýgi – kalbyň hazynasy.
Feridetdin Attar. "Weliler hakyndaky rowaýatlar" kitabyndan
***
Beýik adamlaryň beýikligi, olaryň pes adamlar bilen gatnaşygynda ýüze çykýar.
Karleýl
Nähili bolmalydygymyz bilen deňeşdirilende, biz häzir oýaly ukuly halda ýaşaýarys.
Uilýam James
Bilim – her-hili durmuş ýagdaýynda dogry hereket etmek ukybydyr.
Jon Hibbon
Kişä gaharyňy getirme, hemmelere rehimdar bol.
Ýazgarmasaňyz, ýazgarylmarsyňyz.
Linkoln
Deýl Karnegi. "Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli" kitabyndan