okyyjy
07.12.2024 18:40
Kiçijik şäherler

Men kiçijik şäherleri söýýärin!
Ol ýerde hemme zat sadadan-sada.
Uly şäherlerde tapylgysyz zat,
Bu ýerde ýer bolýar myhmanhanada.

Bu şäherde hemme tanyş, mähriban,
Hilesi ýok, allary ýok gepinde.
Onuň bir çetinde güläýse biri,
Derrew eşidýärler beýle çetinde.

Bu kiçijik şäherjigiň göwni giň,
Ol bagyşlap bilýär, gynaman jany.
Ilki: «Ajap şäher, owadan şäher!»
Soňam «Oba!» diýip, çykyp gidýäni.

Bü ýerde kän hapa işler edilmez,
Asylly işlerem edilmez kelte.
Çüňki bütin şäher anygna ýeter,
Ýerden tylla halka galkanda erte.

Bu şäherde dul gapysy kakylmaz,
Gyzylmy-ak, mele şerapdan doýup.
Bu şäherde gündiz ýagty söýerler,
Garaňky gijäni parahat goýup.

Bu şäherde söz diýeniň — namysdyr.
Şoň üçinem ikilik ýok gepinde.
Onuň bir çetinde aglaýsa biri,
Derrew eşidýärler beýle çetinde.


***

il

Il diýeniň — işçi, daýhan, şahyrdyr...
Iliň elmydama oňatdyr päli.
Ýöne adam diýen ýalňyşýar käte,
Olar perişde däl ýalňyşmaz ýaly.

Olar ýalňyşýarlar. Boýun alýarlar.
Emma ýürekleri oňat pällidir.
Giden ildir — işçi, şahyr, daýhanlar...
Il diýeniň bolsa, ýalňyşýan däldir.

***

Giderin, giderin,
Uzakdyr ýollar,
Söýerin. Işlärin.
Aglap-gülerin.
Kim men? Näme
Gadym dünýäň ýüzünde?
Men bulary ölemden soň bilerin.

Aýagymy düzdüm döwrüň aýagna.
Sesine ses goşdum beýik döwrümiň.
Bir aladam; näçe sahap bolarka,
«Saýlanan günleri»
Ýaşan ömrümiň?

***

Sen örtenme aýralykdan, ezizim
Bilýäň ahyr gylygyny kärimiň.
«Şol gidişi, köwlenmeýär öýüne,»
Diýip, alyp durma öýüň tärimin.

Men ýetmän ölmerin seniň ýanyňa,
Bararyn ajalyň syrtmagyn kertip.
Senden näçe menzil daşlaşan bolsam
Şonça-da seň bilen ýaşaryn artyk.


***

Günlerimiz,
Ömürlermiz ötinçä
Merjen dänesi deý düzülmelidir.
Söýgüde
duýgular bolmaly inçe,
Çala galplyk etseň, üzülmelidir.


Söýginiň derdine hormat goýmaly,
Şo dert bilen önýär tämiz duýgymyz.
Biz
elmydam
hesret çekip söýmeli,
Degýän bolsa şol hesrete söýgimiz!


Gurbannazar Ezizow
11
84
okyyjy
Thursday 02:56 wagtda
@beghanym, wah gelleje näsini aýtýaň şeýle bolsa
alma___
9 Dekabr 2024
👍👍
beghanym
8 Dekabr 2024
Şu sözlere düşinip manysyny duýsady häzirki ýaşlar durşy bilen altyna gaplaýmaly pähimden doly
PILOT👮‍♂️✈🛩
8 Dekabr 2024
🧡
flowers_
8 Dekabr 2024
👍💜
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.