Kadyr Allam, kändir Senden dilegim!
Kalbyma iman ber, gümandan gora.
Jepasyn berseňde bäş gün pelegiň,
Ahyrýet gününde azapdan gora.
Ýaradylanlara dileg salmakdan,
Il gözüni boýap riýa kylmakdan,
Mollasyrap ýalňyş tälim bermekden,
Ýalançydan tälim almakdan gora.
Bu durmuşda adamçylyk haly köp,
Gysga ömrüň çarkandakly ýoly köp,
Heňňam uzak, Şeýtanyňam aly köp,
Adamyň gepine gitmekden gora.
Zalymyň zulmuna boýun egmekden,
Ýalňyş zada dogry diýip bilmekden,
Barla ýaranmakdan, bendä gülmekden,
Imany terk edip ölmekden gora.
Amangeldiýew Durdymyrat