Suw ýüzünde gezen nije gämini,
Bir gün agdarar sen saly, dünýä heý!
Adam ogly barmaz bolsa yzyňdan,
Munda diýp aldar sen maly, dünýä heý!
Kimse bilmez haçan tükener demiň,
Gabyr bolar bir gün basan gadamyň,
Döwran gerdişinde gapyl adamyň
Üstünden salar sen ýoly, dünýä heý!
Habarsyz geler sen, ýaka tutar sen,
Ýagşy eýläp, ýaman eýläp öter sen,
Bir gün aşymyza awy gatar sen,
Owal aldap biýr sen baly, dünýä heý!
Aramyň ýok, kararyň ýok, dynmaz sen,
Gije-gündiz gan içer sen, ganmaz sen,
Ahyr ne belaň bar, soňun sanmaz sen,
Ýykylgyn, ýumrulgyn, loly dünýä heý!
Aýlanar gyş geçer, ýaz, tomus güýz hem,
Tap getirmez oňa dag, deňiz, düz hem,
Ahyry geçermiz üstüňden biz hem,
Guwgaryp galar sen haly, dünýä heý!
Köpleri ýok etdiň, känini tutduň,
Muhammet hak resul janyny ýutduň,
Nemrut, Karun, Süleýmanyny nätdiň?
Şumudy etgeniň häli, dünýä heý!
Hemme adamlary salyp sen gama,
Ýaş, garry yzyňda, sergerdan heme,
Bir mada1eşek sen, gelip sen deme,
Gasygy gam bilen doly, dünýä heý!
Magtymguly, dünýä syryn duýmaz sen,
Bu gün gördügimiz ertä goýmaz sen,
Nije wagtdan bäri iýip doýmaz sen,
Aklyny aldyran däli, dünýä heý!
Magtymguly Pyragy