barlagcy
21.12.2020 22:49
Juda zerur bolup arada bir zat,
Gözläp ýörkäm kitaplaryň arasyn.
Solup giden sahypalaň içinden,
Çykdy meniň bir köneje suratym.

Ynha, meni şo-ol ajaýyp ýyllaryň,
Pursatlaryň gujagyna çagyryp.
Müýnsüz gözlerini dikip dur maňa,
Şo-ol öňküje özüm – tanyş çagalyk.

Şol dem şol suratyň gujagna dolup,
Geldi ýyllaň perdesini serpesim.
Ýöne başarmadym, bozup bilmedim,
Wagtyň aramyza çeken serhedin.

Ähli zady unutdyran suratym,
Sende bütin dünýäň mährini gördüm.
«Ynsan, saňa yza dönme ýok» diýip,
Ýyllaň ömre basan möhrüni gördüm.

...Ah, biziň oýnumyz juda pes gelýär,
Ýüwrük dünýäň şemal kibi badyndan.
Şonuň üçin soňra ökünmez ýaly,
Her bir günüň gadryn biliň, adamlar!

Kakamyrat Rejepow
24
283
barlagcy
20.12.2020 13:36
Aýdan sözlerimi saña
Geñ görersiñ òýdip gorkýan
Soñ meni bir kelesaña
Deñ görersiñ öýdip gorkýan

Hemä agşam hemem irden
Horlanýaryn hyrydardan
Kem ýerimi hemmelerden
Öñ görersiñ öýdip gorkýan

Ýollaryña garaýarkam
Umytlarymy üwreýärkäm
Hoş söziñe ereýärkäm
Doñ görersiñ òýdip gorkýan

Söýgi diýilýän daragtyñ
Bersin saýalamak bagtyn
Şatlygy görmeli wagtyñ
Gam görersiñ òýdip gorkýan

Söýgimiñ odunda sunça
Garalsamda gara tüñçe
Meniñ bardygymy öziñçe
Soñ görersiñ öýdip gorkýan.

Ýeñen barmy ýeserlikden
Kösenen kän kesirlikden
Bir gün ýekesiremekden
Möññirersiñ öýdip gorkýan.

Gurbanýaz Daşgynow
13
165
barlagcy
19.12.2020 15:59
Ynanmazlyk.

Ynanmazlyk_başga zat däl, özümiz,
Biziñ göwünlerde garamytyl duman,
Ol öz ýakan odumyzyñ közüdir,
Adamlyk girewe goyulan humar.

Çalym edýär, alasarmyk ýorguda,
Çygly el deý süññümizden ötüpdir.
Bir jandara mymyk tüýüñ ornuna,
Ot_awuly tiken bolup bitipdir.

Anta çenli pese düşen mertebe,
Eziz ýaryñ sowuk görnen gujagy.
Biri erkinlige janyn örtese,
Biri bedew ata duşar duşagy.

Biriniñ sözünden kükese anbar,
Diýýäris: "Ne beýle gözleri ýiti".
Bir_birege ynanmaýan adamlar,
Wah, ulanyp ýörler ak göwün iti.

Gözbaşy nirede? Megerem mekir,
Biri bir ynamy döwendir gadym.
Ine, şondan bäri bu gurumly kir,
Köpleriñ darajyk göwnünde ýatyr.

Biz aklajak bolup bolsak-da heläk,
Ol gizlenen hakykatyñ gäbidir.
Onuñ añyrsynda gorky bar, sebäp,
Ynanmazlyk ejizleriñ däbidir.

Mämmetnazar Babanazarow
16
157
barlagcy
18.12.2020 15:41

Başar.

"YNSAN" diýen ady ödejek bolsañ,
Ýüregñi ynsaba ezmegi başar.
Bagtyñ ýodasyndan ýörejek bolsañ,
Ýoluña yşk gülün ýazmagy başar.

Ene_ata eziz iliñi syla.
Sebäp, iliñ güýji deñelýär sile.
Halal bolsañ,özüñ goşarsyñ ile,
Il_günüñ oduna ýanmagy başar.

Hars urup gözleme gawunyñ gowsun.
Öwmegin özüñi, özgeler öwsün.
Gazanjyñ ojagyñ toýlaryñ sowsun,
Topraga örküñi dañmagy başar.

Goý, joşsun ýüregiñ, döresin gazal,
Halkyñy wasp et_de, söýgüsin gazan.
"Päk zähmet" diýilse, bar zatdan ozal,
Ýaltalyk ýoluny ýapmagy başar.

Altmyş ýaşa, ýetmiş ýaşa, ýûz ýaşa,
Ynsan mertebesin göter sen arşa.
Meńzemän epgege, añzakly gyşa,
Kalplara nur bolup ýagmagy başar.

Nurýagdy Seýtliýew
14
153
barlagcy
16.12.2020 20:37
Günlerimizi güle gaplap geçirdik
Ýa giç galdyk ýada ýakdy kejirlik
Seni görüp gurşanynda ejizlik
Beynim besdir geçmişiñi ýeñ diýýär
Men nädeýin ýurek ýene sen diýýär.

Asman basýa ykbal basýa egnimi
Elden gitdi juwanlygy begligi
Yza berýär ýanan söýgiñ tegmili
Ýogsa ýazgyt geljek sary eñ diýýär
Men nädeýin ýurek ýene sen diýýär.

Serde ýakyp oý pikirleñ niçesin
Boýlanymda öz kalbymyñ köçesin
Ýitiribem iñ mähriban ejesin
Ölenoklar alyp ýörler dem diýýär
Men nädeýin ýurek ýene sen diýýär.

Zer seçsede öñkilerçe däl günler
Garalypdyr gyzyl öwsen bägüller
Çynym bilen şatlanamda kä günler
Gülkülerem haý bir zada kem diýýär
Men nädeýin ýurek ýene sen diýýär.



15
159
barlagcy
13.12.2020 15:21
Ir säher oýanýan
Ýerbe ýer bar zat
Göýä meniñ gözlerim şatlykdan doly
Asmana garaýan şeýle päkize
Şondada göwnüme bir zat kem ýaly.

Ýuwunýan ardynýan garbanýan bir az
Howlugamok ugraýan okuwa sary
Mähirli görüşýän deñ duşlar bilen
Şondada gòwnüme bir zat kem ýaly.

Gezelenje çykýan ýakyn uzaga
Synlaýan durmuşy ýodany ýoly
Durmuş gyzgalañda ýol şüweleñde
Şondada göwnüme bir zat kem ýaly.

Öýlendim jaý gurdum ulag edindmim
Daşyndan synlasañ bar zat jem ýaly
Çaglrym oýnap ýörler howluda
Şondada göwnüme bir zat kem ýaly

Kyblam atam!
Käbäm enem!
Ezizlem!
Sizsiz bu durmuşym gury gum ýaly
Ne ýašlykda ne ömürde many bar
Ýüren gumdan doly dünýe hum ýaly
Bir uly kürsüni eýeläp ýörin
Şondad göwnümebir zat kem ýaly.

Sapa Homadow


17
181
barlagcy
08.12.2020 18:14
SEN HEMIŞE GARA MENIÑ ÝOLUMA!

Men kän ýerde ýüregiňi duýaryn,
Men bar zatda düşünerin halyňa.
Ömrümi yşkyna girew goýanym,
Duýgularym alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!

Asman tüme dönse, ýyldyzlar öçüp,
Baglara gyş gonsa, guşlary uçup,
Ynan, geler diýip, bar zatdan geçip,
Şol ynamyň alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!

Kinniwanja şatlyk bolsam gussaňa,
Zemin göwnüm telwas eder Asmana,
Menziller kär etmez bagra basmaga,
Söýgim meni alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!

Bu bir durmuş, käte dünýäň daralsa,
Üşeseň, ýyljajyk mähre zar bolsaň,
Men ýeterin, şu jahanda bar bolsam,
Söýgim meni alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!

Gülşirin HANOWA.
14
234
barlagcy
barlagcy
06.12.2020 17:32
Sallanjyrap erkiñ alar eliñden Ah bu gyzlar, ah bu gyzlar, bu gyzlar. Lak ataýsañ bela goýar diliñden. Ah bu gyzlar, ah bu gyzlar, bu gyzlar. Saçyña seredip ,Daýy'' diýýäler Siz indi öýdäkiñ paýy
barlagcy
barlagcy
04.12.2020 08:56
Amal bolmajagny añ etmez ykbal, Ömrüñ manysydyr yşk doly ahwal, Arzuwda öteräk bolmagym ahmal, Belki kalpda, belki añyñdadyryn… Aljyratsa durmuş aýlap başyñy, Kimler “goldar”, kimler “gallar” daşyñy,
barlagcy
barlagcy
03.12.2020 00:01
Köz galdyryp gursagynda bu gijäň, Sen gidip barýarsyň… Salgym deý galgap. Ýüregim üzülip-üzülip gitdi, Bir demde reňkini üýtgetdi bar zat. Seň yzyňdan garap durun heýkel deý, Ne-hä soragym bar, ne-de