barlagcy
08.12.2020 18:14
SEN HEMIŞE GARA MENIÑ ÝOLUMA!

Men kän ýerde ýüregiňi duýaryn,
Men bar zatda düşünerin halyňa.
Ömrümi yşkyna girew goýanym,
Duýgularym alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!

Asman tüme dönse, ýyldyzlar öçüp,
Baglara gyş gonsa, guşlary uçup,
Ynan, geler diýip, bar zatdan geçip,
Şol ynamyň alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!

Kinniwanja şatlyk bolsam gussaňa,
Zemin göwnüm telwas eder Asmana,
Menziller kär etmez bagra basmaga,
Söýgim meni alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!

Bu bir durmuş, käte dünýäň daralsa,
Üşeseň, ýyljajyk mähre zar bolsaň,
Men ýeterin, şu jahanda bar bolsam,
Söýgim meni alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!

Gülşirin HANOWA.
14
234
Sada
12 Dekabr 2020
???Gaty gowy
S_guvanjova
9 Dekabr 2020
??????
sahet_ashyrov
9 Dekabr 2020
Malades gowy gosgy
Doctor
9 Dekabr 2020
? ? ? ? ? ?
Greenleaf
8 Dekabr 2020
Barlagcy hawa menem Hudaýa şükür oňat öýdä ýolka zat bezäp jigilem bn juda çalt geçýär wagtam. Siz nähili şläp ýörsüňizmi sag aman. Okuwçylar bn dil tapyşmak hem kyndyr özä
barlagcy
8 Dekabr 2020
Greenleaf,salam Gulnur gowumy yagdaylar . Howa gosgy ince yazylypdyr
Greenleaf
8 Dekabr 2020
Söýginiň barlygyna ynam oýarýar. Onuň güýji barada çuň pikirlendirýär. Minnetdar?????????❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.