Juda zerur bolup arada bir zat,
Gözläp ýörkäm kitaplaryň arasyn.
Solup giden sahypalaň içinden,
Çykdy meniň bir köneje suratym.
Ynha, meni şo-ol ajaýyp ýyllaryň,
Pursatlaryň gujagyna çagyryp.
Müýnsüz gözlerini dikip dur maňa,
Şo-ol öňküje özüm – tanyş çagalyk.
Şol dem şol suratyň gujagna dolup,
Geldi ýyllaň perdesini serpesim.
Ýöne başarmadym, bozup bilmedim,
Wagtyň aramyza çeken serhedin.
Ähli zady unutdyran suratym,
Sende bütin dünýäň mährini gördüm.
«Ynsan, saňa yza dönme ýok» diýip,
Ýyllaň ömre basan möhrüni gördüm.
...Ah, biziň oýnumyz juda pes gelýär,
Ýüwrük dünýäň şemal kibi badyndan.
Şonuň üçin soňra ökünmez ýaly,
Her bir günüň gadryn biliň, adamlar!
Kakamyrat Rejepow