barlagcy
04.12.2020 08:56
Amal bolmajagny añ etmez ykbal,
Ömrüñ manysydyr yşk doly ahwal,
Arzuwda öteräk bolmagym ahmal,
Belki kalpda, belki añyñdadyryn…

Aljyratsa durmuş aýlap başyñy,
Kimler “goldar”, kimler “gallar” daşyñy,
Bolup mydam alçy gopýan aşygyñ,
Kä sagyñda, käte soluñdadyryn!

Şatlygyñy kim paýlaşmaz, aýtsana?!
Gussañ meñki aýtmasañam, aýtsañam,
Sen meni has başgaçadyr öýtseñem,
Mydam hak dostlaryñ sanyndadyryn.

Ýol uzakdyr, çig süýt emen adamzat,
Hasrat howuñ bassa kalbyña dyñzap,
Iñ zerur pursatda ýetişse bir zat,
Bil, dileglem bilen ýanyñdadyry

Gulsirin Hanowa
17
133
Greenleaf
5 Dekabr 2020
????? dünýäde gowulygyň, goldawyň bardygyna ynam döredýär
Myhman Myhman
4 Dekabr 2020
Gaty gowy gosgy eken ???
sahet_ashyrov
4 Dekabr 2020
Gowy gosgy manyly soz yok 1nji ?menden
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.