barlagcy
03.12.2020 00:01
Köz galdyryp gursagynda bu gijäň,
Sen gidip barýarsyň…
Salgym deý galgap.
Ýüregim üzülip-üzülip gitdi,
Bir demde reňkini üýtgetdi bar zat.

Seň yzyňdan garap durun heýkel deý,
Ne-hä soragym bar, ne-de haýyşym.
Ýöne ynan, hanjar sünçdi kalbyma,
Taýgançak ýodada
Öňküler ýaly
Daýanara meni tapman, taýyşyň…

„Ýollaryň ak bolsun“ diýýän deý asman,
Henizem seçip dur ap-ak garyny.
Menem mydam ak ýol diläpdim saňa,
Men nirden bileýin, täsin durmuşda
Käte ak ýollaňam taýdyrýanyny…

/Kakamyrat Rejepow”
11
97
Greenleaf
3 Dekabr 2020
?????
sahet_ashyrov
3 Dekabr 2020
Gowy gosgy maladis Atabay??
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.