barlagcy
18.12.2020 15:41

Başar.

"YNSAN" diýen ady ödejek bolsañ,
Ýüregñi ynsaba ezmegi başar.
Bagtyñ ýodasyndan ýörejek bolsañ,
Ýoluña yşk gülün ýazmagy başar.

Ene_ata eziz iliñi syla.
Sebäp, iliñ güýji deñelýär sile.
Halal bolsañ,özüñ goşarsyñ ile,
Il_günüñ oduna ýanmagy başar.

Hars urup gözleme gawunyñ gowsun.
Öwmegin özüñi, özgeler öwsün.
Gazanjyñ ojagyñ toýlaryñ sowsun,
Topraga örküñi dañmagy başar.

Goý, joşsun ýüregiñ, döresin gazal,
Halkyñy wasp et_de, söýgüsin gazan.
"Päk zähmet" diýilse, bar zatdan ozal,
Ýaltalyk ýoluny ýapmagy başar.

Altmyş ýaşa, ýetmiş ýaşa, ýûz ýaşa,
Ynsan mertebesin göter sen arşa.
Meńzemän epgege, añzakly gyşa,
Kalplara nur bolup ýagmagy başar.

Nurýagdy Seýtliýew
14
153
sahet_ashyrov
19 Dekabr 2020
Gowy gosgy????
barlagcy
19 Dekabr 2020
Greenleaf, hemme adamngowy bolsa durmusyn gyzygy bolmaz
Greenleaf
18 Dekabr 2020
Egerde ählimiz goşgudakylary başaryp bilsedik onda ählimiz gowy adamlar bolardyk ??

Minnetdar?????
barlagcy
18 Dekabr 2020
Dusia, salam Dursun gowumy yagdaylar . Menem gowy Hudaya sukur

Gulnar_03, minnetdar
guli_
18 Dekabr 2020
????????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.