barlagcy
19.12.2020 15:59
Ynanmazlyk.

Ynanmazlyk_başga zat däl, özümiz,
Biziñ göwünlerde garamytyl duman,
Ol öz ýakan odumyzyñ közüdir,
Adamlyk girewe goyulan humar.

Çalym edýär, alasarmyk ýorguda,
Çygly el deý süññümizden ötüpdir.
Bir jandara mymyk tüýüñ ornuna,
Ot_awuly tiken bolup bitipdir.

Anta çenli pese düşen mertebe,
Eziz ýaryñ sowuk görnen gujagy.
Biri erkinlige janyn örtese,
Biri bedew ata duşar duşagy.

Biriniñ sözünden kükese anbar,
Diýýäris: "Ne beýle gözleri ýiti".
Bir_birege ynanmaýan adamlar,
Wah, ulanyp ýörler ak göwün iti.

Gözbaşy nirede? Megerem mekir,
Biri bir ynamy döwendir gadym.
Ine, şondan bäri bu gurumly kir,
Köpleriñ darajyk göwnünde ýatyr.

Biz aklajak bolup bolsak-da heläk,
Ol gizlenen hakykatyñ gäbidir.
Onuñ añyrsynda gorky bar, sebäp,
Ynanmazlyk ejizleriñ däbidir.

Mämmetnazar Babanazarow
16
158
Greenleaf
20 Dekabr 2020
Barlagcy tüýs ýüregimden turduňyz örän ýerlikli jogap berdiňiz soragyma minnetdar size ??????
guli_
20 Dekabr 2020
Super????
barlagcy
20 Dekabr 2020
Greenleaf,Ynamsyz ýaşamak mümkin däl, mümkin, Ony goramaly beýni hem ýürek. Ýöne ynamlaňňam synýany üçin, Käte ynamlardan goranmak gerek.
Doctor
20 Dekabr 2020
? ? ? ? ? ?
Greenleaf
19 Dekabr 2020
Berekella Barlagcy ynanmazlyk elbetde gowy häsiýet däl, emma adamlara ynanyp iň soňunda aldansaň näme ondan doň süýtde agzy bişen suwy üfläp içer diýenleri bolmazmy eýsem
Myhman Myhman
19 Dekabr 2020
Hakyky...ynamsyzlyk ejizleň işi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.