barlagcy
20.12.2020 13:36
Aýdan sözlerimi saña
Geñ görersiñ òýdip gorkýan
Soñ meni bir kelesaña
Deñ görersiñ öýdip gorkýan

Hemä agşam hemem irden
Horlanýaryn hyrydardan
Kem ýerimi hemmelerden
Öñ görersiñ öýdip gorkýan

Ýollaryña garaýarkam
Umytlarymy üwreýärkäm
Hoş söziñe ereýärkäm
Doñ görersiñ òýdip gorkýan

Söýgi diýilýän daragtyñ
Bersin saýalamak bagtyn
Şatlygy görmeli wagtyñ
Gam görersiñ òýdip gorkýan

Söýgimiñ odunda sunça
Garalsamda gara tüñçe
Meniñ bardygymy öziñçe
Soñ görersiñ öýdip gorkýan.

Ýeñen barmy ýeserlikden
Kösenen kän kesirlikden
Bir gün ýekesiremekden
Möññirersiñ öýdip gorkýan.

Gurbanýaz Daşgynow
13
165
Greenleaf
20 Dekabr 2020
Gorky biziň duýgularymyzyň biri şoň ün gorkuberseňiz hem aýby ýokdurla ????
Myhman Myhman
20 Dekabr 2020
Barlagcy, goroskopdada sen goydynmy? Gowy gosgy eken
guli_
20 Dekabr 2020
?????
barlagcy
20 Dekabr 2020
Dusia, wah howa yone gorkuzyalar gorkmasan gotkar yaly edyaler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.