barlagcy
13.12.2020 15:21
Ir säher oýanýan
Ýerbe ýer bar zat
Göýä meniñ gözlerim şatlykdan doly
Asmana garaýan şeýle päkize
Şondada göwnüme bir zat kem ýaly.

Ýuwunýan ardynýan garbanýan bir az
Howlugamok ugraýan okuwa sary
Mähirli görüşýän deñ duşlar bilen
Şondada gòwnüme bir zat kem ýaly.

Gezelenje çykýan ýakyn uzaga
Synlaýan durmuşy ýodany ýoly
Durmuş gyzgalañda ýol şüweleñde
Şondada göwnüme bir zat kem ýaly.

Öýlendim jaý gurdum ulag edindmim
Daşyndan synlasañ bar zat jem ýaly
Çaglrym oýnap ýörler howluda
Şondada göwnüme bir zat kem ýaly

Kyblam atam!
Käbäm enem!
Ezizlem!
Sizsiz bu durmuşym gury gum ýaly
Ne ýašlykda ne ömürde many bar
Ýüren gumdan doly dünýe hum ýaly
Bir uly kürsüni eýeläp ýörin
Şondad göwnümebir zat kem ýaly.

Sapa Homadow


17
181
Aşyrmyrat
24 Dekabr 2020
Oran gowy ? gosgy
Paradise
16 Dekabr 2020
Gaty manyly gosgy
Greenleaf
13 Dekabr 2020
Örän dogry enemiz atamyz dälmi eýsem iýmedigini iýdirip, geýmedigni geýdirip, bizi şu günlere ýetiren??????????❤❤❤
guli_
13 Dekabr 2020
Ellerine saglyk oran manyly??
Gülhan
13 Dekabr 2020
Manyly ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.