Dünýäde iň ýagty ekranly smartfon hödürlendi
Realme kompaniýasy häzirki wagtda iň ýokary pik ýagtylygy bolan ekrany we Qualcomm çibini alan GT Neo6 SE smartfonyny hödürledi. Bu barada ixbt.com portaly habar berýär.
Smartfon BOE-den 1,5K durulygy (2780х1264 piksel) we 6000 nit rekord pik ýagtylygy bolan 6,78 dýuýmlyk LTPO OLED ekrany bilen üpjün edildi, ýöne adaty režimlerde ýagtylyk 1000 we 1600 nite barabar. Şeýle-de, 2160 Gs ýygylyk bilen PWM-den goragyň we Gorilla Glass Victus 2 aýnasynyň bardygy bellenilýär.
Smartfonyň öndürijiligine Qualcomm Snapdragon 7+ Gen 3 çibi, 8, 12 ýa-da 16 GB operatiw ýat, şeýle-de 256 ýa-da 512 GB içerki saklaýjy jogap berýär.
Esasy kamerada 50 Mp durulykly Sony IMX882 datçigi ulanylýar. Öňünde 32 Mp selfi kamerasy bar.
5500 mAs sygymly akkumulýator 100 Wt zarýad berşi goldaýar. Realme GT Neo6 SE-niň beýleki aýratynlyklarynyň arasynda Android 14 esasly Realme UI 5.0 sistemasynda birnäçe emeli aň funksiýalarynyň goldanylmagy we frontal kameranyň üsti bilen hereketli dolandyryş, IK porty, güýçli wibromotor, NFC, ekranasty barmak yzlaryny skanerleýji, IP65 goragy aýratynlandyrylýar.
Täze smartfon Hytaýda 8/256 GB wersiýasy üçin 1699 ýuan bilen bahalandyryldy. 16 GB operatiw ýady we 512 GB saklaýjysy bolan uly model 2399 ýuana düşer.