Iñ soñkyhekaýa 6-nji bölüm– Kime bor öýdýäň, pulumy ogurlan näletkärde gargynýan. «Ýasyna ýarasyn» diýýän. «Halalja pulumyzdy» diýýän.
– «Arslan ogurlandyr» diýmediňmi näme?
– Arslan alan däldir, kakasy. Seniň diýýäniň näme?! Arslan onuň ýaly peslik etmez.
– Arak içýänden her zada garaşyber. Olarda messep bolmaz.
– Beý diýme, kakasy. Soňky döwürde ol zährimary agzyna almadyk barmy?!
– Onda kim alsyn puluňy?! «Öýe getirip sanadym» diýmediňmi näme. Ony pişik iýipmişmi? Öýde Merjen ikiňizden başga adam ýok ahyryn.
– Men alamok. – Merjen aljyraňňy gürledi.
– Goýsaňyzlaň, kakasy. Merjen jana onuň ýaly mojuk söz aýtmaň. Heý, Merjen jan beýle iş edermi? Puly awtobusda galdyrdym. Indi ýadyma düşýär, pul tölejek bolup, gaçyran bolmaly men ony.
– Keýwany, saňa-da düşüner ýaly däl. Haýsy sözüňe ynanmaly seniň?
– Soňky aýdanyma ynan. «Güman imandan aýrar» diýipdirler. Şol pul diýip biz adamçylykdanam çykyp barýas öýdýän.
– Näme üçin: «Kişmişim!» diýmediň?
– Kişmiş onsuzam gurap galan zat. Sen – üzümim! Saňa üzüm diýjek. Özem montyja üzüm sen.
Ogulbibi eje gyzy aýna ýüzüni öwrüp samrap ýatandyr öýtdi. Käte ol halys ysgyndan düşende öz-özi samraýardy. Emma häzirki bolşy samrama çalymdaş däldi. Gürrüňi örän akylly-başlydy, üstesine-de, daş ýüzden ýene bir erkek adamyň sesi-de eşidilýärdi. Ol ýuwaşlyk bilen ýerinden galdy. Emma gyzynyň sesi ony aýak çekmäge mejbur etdi.
– Gel-dä, beýleden. Näme gaçyp ýörsüň?
– Ejeňden çekinýän. Men oňa söz beräýdim-dä: «Indi gelmäýin» diýip.
– Diýeniňde näme?! Hany, şol gaýtalaýan sözüň?
– «Erkegiň sözi müň bolar» diýenimmi?
– Hawa, şol akylyňa eýeräýerler.
– Aý, ejeňi ynjytmaýyn. Onsuzam aladasy ýetikdir özüne, men bir azar bermäýin.
– Senden bize azar bolmaz. Gaýta, biziň azarymyz saňa ýetýär.
– Beýle diýme, Merjen. Heý, seniň azaryňy men ýüksünerinmi?!
Olar dymdylar. Bu süýjüligi bozmaga Ogulbibi eje ýürek edip bilmedi. Olaryň gürrüňini diňlemegi özüne peslik bilse-de, ondan gulagyny aýryp bilmedi. Olardan bir hoşluga, nähilidir ýeňillige garaşýardy.
– Meni köp garaşdyrýaň, üzümim – diýip, ýene Arslan dillendi.
– Çäräm ýok, men ýaşamak üçin, elimden gelen zadyň baryny edýän, Arslan.
– Sen ondanam artygyny et.
– Ine, eşidersiň, meniň nämeler edenimi, ýöne ölenimden soň. Haýran galarsyň meniň ýaşajak bolup çytraşanyma.
– Sen beýle agyr sözi aýtma!
– Meni diňle, Arslan. Meniň ýeke mümkinçiligim – gürlemek. Şol mümkinçiligimem sen bir elimden alma.
– Bolýar, meniň monty üzümim, arkaýyn gürläber.
– Saňa ýüregimdäkini aýdaýyn. Indi aňýan, men sagalmaryn. Sagaljak bolsam, bäş aýlap keselhanada ýatanymda sagalardym. «Däri-dermanyny öýünde içibersin» diýip keselhanadan ugratdylar. «Öýünde ölsün» diýmek bu. Men seni nähak özüme bagladym. Ejemiň aýdyşy ýaly, şol başda ýüzüňi dalap kowup goýbermeli ekenim.
– Kowanyň bilen gidiberjek Arslan barmy?!
– Giderdiň. Näme gitmän, ýüzüňi dalasam ýa kemsitsem, giderdiň!
– Onyň dogry, kemsiden bolsaň, golaýyňa gelmezdim.
– Ine, indi diňle. Men seni nähak özüme baglaýan. Men seni begendirip bilmen, diňe garabagt ederin. Bu derdiň talaby şeýle.
– Onda senem meni diňle, Merjen. Men seniň keseliňe öňräkden ýolukdym. Eger ýetseň, sen meniň perizadym bolarsyň. Eger…
– Hawa?
– Aýtmaýyn.
– Aýtmasaň, senden gaty görerin!
– Bolýar, boýun alaýyn. Eger perizadym bolmasaň, sen meniň hüýrüm bolarsyň. Depämiň täji bolarsyň. Ynan, mende soňky günlerde şeýle bir pikir döredi: Merjenimi bir gezek bagryma bassam diýýän. Soňundan ölmäge-de kaýyl men.
Dowamy bar ☘️