awadan
21.12.2024 21:27
Iñ soñkyhekaýa 1-nji bölüm
Her elinde agyr sumka göterip bazardan gelen Ogulbibi eje zatlaryny hazzar göterip durşuna:
– Merjenim, ýagdaýyň nähili? – diýip, gyzyna habar gatdy.
Düşekde ýatan gyz solgun ýüzüni ejesine tarap aýlady. Gyzynyň gözlerinden ýagdaýyň gowulaşmandygyny aňan ene açyk işikden içerä guýulýan ýagtylygy saklamazlyk üçin bir gapdala çekildi. Nur Merjeniň keşbini ýagtyltdy. Ýalkym onuň ak ýüzünde döwlen ýaly boldy.
Merjen owadanlaşypdy. Ol öňem owadan gyzdy, toparynda oňa taý geljegi ýokdy. Onuň görküni Ogulbibi daýza daşdan-içden dil bilenem birnäçe gezek duýdurypdylar. Göz boldumy-dil, ýa Allanyň inderen derdimi, şol owadan gyz düşege baglandy galyberdi. Ine, indi ol has beter owadanlaşan ýalydy. Agarypdy, gözleri ulalan ýalydy, boýny uzyn görünýärdi. Ösgün kirpiginiň her taýy aýry-aýry bolup durdy.
«Eý, Alla, bu nämäniň alamatyka? – diýip, ene toba etmek bilen ýakasyny çäkleýärdi. – Keselliniň ýüzünden nury öçmezmi?! Bu näme üçin gün-günden owadanlaşyp barýarka? Ýa biziň ondan doýman galjagymyzyň alamatymyka?»
– Ýagdaýyň nähili? – diýip, ene şol başky sowalyny gaýtalady.
Merjen ejesiniň sowalyna näme jogap berjegini bilmedi. Ene muny aňan dek jogaba garaşybam durmady, ýap-ýaňyja bitirip gelen işiniň gürrüňine geçdi.– Gyzym, bazarda zad-a kän. Adyny tutan zadyň bar. Ýöne barysy ot bilen ýalyn, hiç zadyň nyrhyny sorar ýaly däl. Wah, puluň bolsa, bazary tutuşlygyna öýüňe göterip gaýtsaň!
– Eje, bazary öýüne getirip nätjek? Bize artyk zat gerek däl-ä.
– «Gerek däl» diýme, gyzym, gerek, örän köp zat gerek.
– Maňa-ha hiç zat gerek däl.
– Kesel ýatanyňdandyr bu. Ynha, diklenersiň, aýak üstüne galyp, ylgap başlarsyň welin, hemme zat gerek bolar. Bu zatlardan iýip-içip doýmarsyň. Owal-başda bu – doýulman, aç gidilýän dünýädir. Entek seniň görjegiň öňüňde. Hemme zada kem-kemden düşünersiň. Nebsiňem otugar.
Ogulbibi eje bazardan getiren ir-iýmişlerinden ýuwup, mejimä almadyr injir salyp geldi-de, gyzynyň öňünde goýdy.
– Munuň owadandygyny! – Merjen almalaryň birini eline aldy. Synlap-synlap, soňam mejimede goýdy.
– Iý, gyzym, iý, ony gaýtarma.
– Iýesim gelenok, eje.
Enäniň göwnüne bolmasa, gyzynda bir ýetmeýän kemlik erjellikdi. Eger ol erjel bolup, janyna dözüp, et diýlenini edip gidiberse, derrewjik aýak üstüne galaýjak ýalydy. Merjen bolsa özüne artykmaç azar bermezliklerini soraýardy.Mejimäni bir gapdalda goýan ene ýene gyzynyň ýüzüne delmuryp bakdy:
– Onda göwnüň näme isleýär, gyzym, adyny tutan zadyňy bişirip bereýin.
– Hiç zat iýjek däl.
– Bir isleýän zadyň bardyr-a seniň?
– Birje islegim bar, eje.
– Aýt, Merjenim, aýt. Bitireýin!
– Bazardan gelşiňi görüp arzuw etdim… – Merjen nädip aýtjagyny bilmän ýuwdundy.
– Çekinme, gyzym, aýybam bolsa aýdyber. Men öz ejeň-ä. Saňa düşünerin.
– Bazardan gelşiňe seredip, gözüm gitdi, eje. Menem, sen ýaly, elim sumkaly bazara gidip gelsedim diýýän. Köpem däl, diňe birje gezek awtobusa münüp, iller bilen gyslyşyp, iki elimem dolduryp bir gelsedim. Ýekeje gezek!.. Soň ölsem armanym ýok, eje! – Merjeniň demligi tutuldy. Ullakan gözlerine ýaş aýlandy. Gara didesi balkyldap gitdi welin, ýaş aşak indi.
– Beýle diýme, ondan arzuw bolmaz.
– Ynanaý, eje jan, Alladan ýeke dilegim şol.Ogulbibi ejäniň rahatlygy bozuldy. Ol gyzyny nädip köşeşdirjegini bilmän, alakjady:
– Sen meni agyr güne saljak bolma. Seni satyp, inşalla, galyňyňy bazarçylara paýlaryn. Bazardan göwnümiň söýen zadyny aljak. Özüň bilýäň, Arslanyň ata-enesi gelip-gidip durlar. Biz ýüz bersek, ol bendeler aýdanymyza kaýyl geljekler. Olar seniň sagalaryňa howlugýarlar. Sagaldygyň – toýuňy tizlejekler. Toýuňa Tahyr bagşyny çagyrjak. Özüň islediň-ä şony.
Merjen sesini çykarmady.

Dowamy bar ☘️
8
94
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.