Owadan gyzyñ mañlaýyhekaýa 6-nji bölüm— Salam aýtsaň bolany. Sag-aman bar, gyz, gitseň. Özüňem gelip dur. Indiki gelende Röwşen janam alyp gel.
Nurtäç yzyna öwrülip hekgerdi.
— Asyl geläýmen. Kim gelse şo gelsin. Men-ä gelmen. Oba göçýänçäňiz Nurtäj-ä gapyňyzy açmajak bolar. Şuny bek bilip goýaý.
Humaý ýeňňesiniň oýnudygyna-da, çynydygyna-da düşünmedi. Düşünjegem bolmady. Näme etsin düşünip?! Çaky, ýeňňesiniň jaýa pisindi oturmandyr. Ol şuňa düşündi. Ýeterlik dälmi şunuň özi?!
Humaý göwresinde çaga galandygyny Nurtäje aýtmady. Aýtsa, kän oturyp, kän ýaňrar öýtdi. “Onsuzam az geplänok” diýdi.Ertesi günortanlar gapy kakyldy. Kimkä bu? Kyýas-a däldir. Şol-a belli. Nurtäjem düýn gelip gitdi. Onuň-a indi “Humaý öýünden gyzyl paýlap otyr. Gapysyny kakana bir penje berýämiş” diýiläýende-de geljegine kepil geçip biljek ýok. Düýnki bolup oturyşy şeý diýmäge doly esas berýär. Onda kim bu?
Humaý çak urdy: “Mergendir”. Humaý ýaýdandy: “Açmalymy, açmaly dä?..”
Gapy gaýtadan kakyldy: tyrk, tyrk, tyrk..
Bu tyrkyldylarda dözüm ýok. Olarda ümsümligi bozmaga het edýän asudalyk bar. Humaý muňa üns bermedi. Dözümli kakylsyn, dözümsiz kakylsyn, tapawudy ýok, hemmesiniň soňy bir netijä syrygýar:
Gapynyň aňyrsynda biri garaşyp dur. Humaý şuňa pisint etdi.
Gapy üçünji gezek kakyldy:
— Kimsiň?
— Açsana, Humaý, men!
Şol! Humaý: “Aýtdym-a – diýdi. – Bildim-ä şodugny”. Onuň süňňi düşnüksiz galpylda duwlandy. Ol muňa pitiwa etmedikden boldy. Heşelle kakdy:
“Ýüregi gürsüldäp durandyr şumat. Agzyndan çykaýsam-çykaýsam diýýändir”. Şeýdip galagoplygy ýeňmegiň emelini tapandyryn öýtdi.
— Sen kim?
— Mergen – men. Eýýäm ýadyňdan çykaýdyňmy? Açsana gapyny.
— Açjakgä! Nämüçin geldiň?
— Açaýsana! Bir zat aýtjak. Gorkma!
— Aýdyber näme aýtjak bolsaň. Şo taýdanam eşdilýä.
— By taýda beýdip durmak birhili-dä, Humaý!
— Bar, gyýw, git, ärim gelmeli häzir.
— Ol-a bäşden bärde gelenok. Bilýän-ä men.— Gelmese-de açjakgä.
— Açaýsana, Humaý! Derrew gitjeg-ä Gorkma… Elimi degirsem bar-a, söz bereýinmi, elimi degirsem, heleý boldugym.. Erkek adamyň sözüni berýän, Humaý, ynanaý!
… Humaý ynandy.
Ine-de, Mergen! Humaýy öldüren Mergen! Kyýasyň betbagtlygyny ölçeren Mergen! Ol öňküsinden görmegeýleşen ýaly. Onuň görkünde kemlik ýok ýaly.
Humaýyň ýigreneni – jüýkburun. Mergen jüýkburun däl. Humaýyň halamaýany – gür biten gaş. Mergeniň gaşlary gür däl. Humaýyň ýek görýäni süýrikelle. Mergeniň kellesi süýrem däl.
Ähtimal, şu tetelli zatlar onuň üçin Mergene sataşanyndan soň şeýledir. Humaýyň muňa hä diýesi gelmedi.
Mergen iki elini arkasyna tutyp, gapa söýendi. Boýnuny burdy. Oýurgandy. Humaýyň gözlerine göni garap:
— Meň gelmek niýetim ýokdy – diýdi.
Garşysynda durup, bedenindäki üznüksiz saňňyldyny bir ritme düzen Humaýyň: “Onda nämä geldiň?” diýip, heniz bermedik sowalyna-da ugrybir jogap berdi:
— Düýn palça gitdim. Neme diýdi, heniz öýlenmänsiň diýdi, basym bir Aý ýaly gelne öýlenersiň diýdi. Göni seň salgyňy berýä. Begenip gaýtdym…
Humaý: “Çypdyrýa – diýdi. – Çaklap urýa. Göwni islänsoň diýen bolaýýa. Palçam ýokdur häli görseň, beýlekem”.
— Men-ä entek oňňaly palçy görmändim. Eşidipdim, ýöne görmändim. Meň beren pulum-a halallap aldy şo. Palçy diýeniň şoňňaly bolaýsa…
— Halallap alanny näbilýäň?
— Wi-iý, bilmän näme?! Aýdýan zatlary hakykat.
— Waý, bar, git gyýw! Men seni tanamogam, bilemogam.
— Dur, dur, häzir gitdim, ine, gitdim… Wi-iý, neme, Humaý? …
Humaý onuň gözlerinde nälaçlyk gördi. Ýöne nebsi agyrmady. Asla nämüçin ol nebsini agyrtmaly?!
— Palçy heleý maňa ýene bir zat diýdi, aýdaýynmy?
Humaý: “Oňly zat aýtmaz bi” diýdi. Mergen onuň:
Dowamy bar ☘️