awadan
20.12.2024 07:38
Owadan gyzyñ mañlaýyhekaýa 5-nji bölüm
Siz-ä tanaýan ýok ekeni şu töwerekde. Ýaňy gelýäkäm öňümden çykandan soraýan. Soraýan welin birem bilenok-da. “Kyýas bilen Humaýdyr. Göçüp gelenlerine bir ýylam bolanok. Ýaş maşgaladyr” diýip, näler düşündirip aýdýan welin, gyran degenleň birem bilenok. “Göçüp gelen eriň gursun” diýip, arasynda saňa-da gargynýan. “Aýnadan dagyň kellesini
çykarmazmyka” diýip, aýagaldygyna äpişgelere-de seredişdirýän. Eger-eger…
Ýeňňesi Humaýyň ýüregine dagyn düşdi. Onuň içini it ýyrtdy. Çydamady.
— Onsoň nätdiň – diýdi.
— Wiý, nätmekden Hudaýjanyň özi saklasyn. Gapjygymda allanäme adres ba. Seň ýazyp beren adresiň. Şo ýadyma düşäýdi. Bir gyzjagazyň eline tutdyrdym welin, şart-murt, derrew getiräýdi. Men, aňkasy aşan aýlanyp ýörüpdirin-dä şu jaýyň daşynda.
Biläýmändirin-dä… Ynansaň bar-a, gyz, şu kösenşime tapmadyk bolsam, göni gaýtjakdym yzyma. Ikiňizem ýüzüňizi Babaly görsün diýjekdim. Kyýasyňam, seňem…
Nurtäç dymyp oturyp bilmez. Obadan ýöriteläp gelensoň, burny deşilen ýaly sesini çykarman otursa niçik bor?! Onda gep kändir. Ol entek geplär. Näçe ýokuş görse-de, ýeňňesini diňlemäge Humaý boýun boldy. “Mugt gürrüň. Diňläýin oturaýyn” diýdi. Kalba giňlik salmagyň iň arzan emeli şu.
— “Etaž jaýyň tuwaledem içinde bormuş” diýip kän eşidipdim. Heýç ynanamokdym-da şonda. Ine, gözüm bilenem görüp otyryn ind-ä. Bolsa-da, gyz, mynyňyzdan ys-a gelenok. Ýa gireňzogammy?.. Aý,
ýok, tuwalede girmän-ä onuň bilmersiňiz, ä? Ýöne ys gelmez ýaly bir zat edensiňiz siz…
Ýeňňesi gürrüňden gürrüň ýasaýar. Asyl sepinem bildirenok. Bildirmezem. Nurtäjiň şondan başga işi bamy nä?! Bar işi – gaýynlary bilen äriniň, onsoňam çagalarynyň nanyny, naharyny bişirmek, kirini ýuwmak. Galan işi – gybat. Gybat bolmasa dünýe onuň gözüne türmeden enaýy görünmez. Ýanynda adam bolmasa bi aýdyp oturan gürrüňleri onuň gursagyna sygmaz, içini byjyklar. Nurtäç çydamaz, öler. Şu gutulgysyz hakykat.— Astyňyz-üstüňiz, dört tarapyňyz biton-la, gyz, siziň. Ölmän nädip ýaşaýaňyz?! Sadagasy gitdigim, adam pahyryň jany gaty berkden-ow. Hiý, gör, myny, bitonyň içinde-de ýaşap ýör-dä, gyz, birenaýy bolup.
Nurtäç aladasyz aýal. Näme diýse-de ondan geň däl, gelşip dur. Ondan kine saklamak aňy ýukalygyň alamaty. Şuňa akly çatyp durka, Humaý ýeňňesinden göwün etmez. Humaý aňynyň ýuka bolanyny islänok.
— Hakyt pilite-dä, gyz! Bir seret myňa… Hökümet diýýän-ä, şuň dagyn alajyny tapyp bilenokmyka?! Adamlara ýamanlyk diýib-ä edýän däldir ýogsa şuny. Çig kerpiçden salmal-a şuňňaly jaýy dagyn. Ana, obada gül ýaly jaýlary dikeldip ýörler-ä çig kerpiçden. Ýa arzan düşýämikä şu hazan almyş beton-piliteler. Aý, ýok, arzana düşmeli däl. Düýn dälmidi Magtym çekimçiň: “Simunt gymmatlaýa, simunt” diýip, ulukjyn alyp ýöreni. Simuntdan ýasalýandyr-da şu pilitelerem. Gyran degen höküwmediňem ugry gaçyp ýör öýdýän. Nurtäç biriniň körpe oglunyň keýwanysy. Äri iýjegini-iýjegini getirip dur. Dört çagasy bar, dördüsem ogul. Gaýynlary bilen agzyny alartman ýaşaşyp bilýär.
Äri bilen harçaňlaşyp duranyny gören ýok. Emma ärinden nadylsyran bolýar. Oňam sebäbi belli. Ile öýkünýär. Hemme erkekler şeýledir öýdýär. Onuň gyzyl ýaly äri bar. Tapylgysyz. Humaý: “Dünýede şundan mes ýaşaýan ýok – diýdi. – Kem zady ýok, bi heleýiň”. Eýse, onuň ýeňňesi ýaly bolasy gelmedi.
Nurtäjiň gününi arzuw etmedi.
— Sagat näçe bolduka, gyz? Bir seret-le… Bu-uw, eýýämmi? Turdum onda men-ä. Üçdäki awtobusa ýetişjek bolaýyn. Salgy bir ber, gyz! Nirden nädip gitmeli? Yzyňy tapmagam gara görgüdir, ýene soraşdyryp ýörmelidir. Humaý salgy berdi.
— Öýe aýtjak-goýjak zadyň bamy, gyz? Men-ä gitdim.

Dowamy bar ☘️
7
89
alma___
20 Dekabr 2024
Dowamyna garaşýan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.