awadan
21.12.2024 12:51
Owadan gyzyñ mañlaýycolor="red">hekaýa 7-nji bölüm
“Aýtma” diýerine garaşyp durmady:
— Näme diýdi, ikiňiz bir-biriňize mynasyp gaty bagtly ýaşarsyňyz diýdi. Goç-goç ogluňyz bolar diýdi.
Humaý arzuw etdi: “Kyýas geläýbilsedir şumat”. Şol bir wagtyň özünde-de: “Toba etdim, toba etdim, gelmäwersin, gelmäwersin” diýdi. «Geläýesi ýok-la entek” diýip, diwaryň ýüzünde arabaň tigirçegi kysmy sallanyp duran sagada seretdi. Sagadyň peýkamlary onuň göwnüne teselli berdi.
Mergen hut palçynyň özüne öwrüldi. Humaýyň nämeleriň pikirini edýändigine çenli bilip duran boldy.
— Bäşden bärde gelmeýä ol. Sagat ýaňy on iki bold-a.
Mergen Kyýasa ol diýýär. Ony Humaýyň äri saýmaýar. Onuňça Kyýas Humaýyň ýanynda ýaşap ýören bir biweç keseki. Belki, Mergen özüni Humaýyň äriniň ornunda goýandyr… Goýsa goýubersin. Onuň islegi şol. Ýöne ol isleg bitmez. Haýsy bir islän zadyň bolup dur?!
— Bar, gyýw, git, indi.
— Humaý, men ýene gelerin.
— Waý-eý, adamda utanç-haýa bolmasa…
— Gitdim, häzir gitdim, ine gitdim…
Mergen ynama kast etmedi. Gitdi.Kyýas düýş görüpdir. Bir ýerlerde uly köl, kölüň orruk-ortasynda çaklaňja adajyk, adajygyň üstünde-de aýaklayny suwa salyp Kyýas otyr diýýä. Kyýasyň elinde çeňňek bolup, ol balyk tutmakçy bolýamyş. Çeňňege ilki bir balyk düşüpdir. Asyl ol balygam däl diýýä. Balyk sypatyna giren adamyň hut özümiş. Edil ertekidäki ýaly adam dilinde gürläp ýatyrmyş. Onuň näme diýip gepleýändigi Kyýasyň hakydasynda galmasa-da, adam dilinde sözleýändigi çyn diýýä. Kyýas: “Ertekidäki tylla balygy tutdum” diýip begenipdir. Çeňňege ikinji balyk düşüpdir. O-da adam dilinde gürleýär diýýä. Kyýas: “Onda bu näme?” diýip geň galypdyr. Geňem galmandyrda, birhili gorkjak bolupdyr. Soňam: “Hä-ä, bildim, bi tylla balygyň dogany bolmaly” diýip, öz ýanyndan çak urupdyr, rahatlanypdyr. Onsoň üçünji balygy tutypdyr. Olam ýaňkylar ýaly adam dilinde gepläp başlapdyr welin, Kyýas: “Bu-da bir dogany” diýipdir. Soň başga-başga düýşler başlanypdyr…
Humaý düýşi gowulyga ýordy.
— Balyk gören bolsaň ogluň boljakdyr – diýdi.
— Men üç balyk dagyn gördüm, how. Göremogam, asyl tutdum. Näçe balyk görseň. Şonça ogluň bolýamyka ýa? Ä?
Kyýas muny howsala bilen aýtdy. Ýöne onuň äheňinde ahmyr duýulmady.
Humaý:
— Şeýle bolaýmasa – diýdi.
— Mysal üçin, men on sany balyk tutsam, on sany oglum bolarmy?.. Aý, ýok, oňňaly bolmaga haky ýok…
— Bilmedim onda men-ä.
— Be-eý, walla!.. Aý, ýok, bolýa…
Humaý: “Şu zatlar gowulyk bilen gutarmaz” diýdi. Ol Mergeni halys ýürekden ýigrendi.Kyýas işe gitdi. Humaý penjiräniň öňünde söýenip kän durdy. Näme etmeli? Oýlandy, ölçerdi-de, ol ahyry öýüne gidermen boldy. Ýöne näme üçin? Näçe günlük?
Humaý öz-özüne jogap bermäge gyssanmady. Bu şäherden – bu namutlykdan çykmaga howlukdy. Ol girelgäniň agzynda Mergene sataşmady. Sataşmandygyna-da begendi. Muny ajaldan gutulan adamyň soňky ömrüne barabar gördi. Ýoluň iki gyrasy durşuna bagdy. Tomsuna bu baglaryň kölgesi örän goýry bolýardy. Howur ýerden asmana göterilýärkä bu agaçlar gözüňe dürtüler durardy. Häzir welin olarda gözilginçlik ýok.
Neşelendirilip geýdirilen mahmal donlar ütüm-ütüm edilipdir. Şahalardaky apbasy ýapraklar selçeňleşipdir. Ýalaňaç çybyklaram bar ýaly… Hawa, gyşam ýetip gelýä-dä.Atasy öýünde ony ýeňňesi garşy aldy. Nurtäç saglyk-amanlyk soraşmady.
— Hä-ä, gördüňmi? Bildim-ä men. Ol hazan almyş bitonyň içinde içiň gysjagyny. Şo gün aýtmadymmy?
Dowzah-a siziň onyňyz barypýatan. Şäherde köşgüň bolanda-da, ataň öýüňden enaýy däldir. Oba ýeri-dä. Senem şeýdip geliberseň asyl gidesiňem gelmez. Geple ýalanam bolsa!..Humaýyň ýeňňesine hä diýesi geldi. Diýmedi.
— Ejem dagy ýokmy – diýdi.
— Ejeň bilen kakaň-a Kemman agsaklaň hudaýýolusyna gitdi. Soňurrak gelerler. Jigileňem okuwda. Resulam işe gitdi. Oň-a bu gün isminidirem. Ertir günortandan bäri…
Humaýyň ýüzi asyl-asyl. Gaşlary bürjeşip dur. Gözleri öçügsi. Nurtäç welin muny duýarly däl.

Dowamy bar ☘️
9
192
awadan
21 Dekabr 2024
Soñy
awadan
21 Dekabr 2024
keserdiler. “Tüweleme, göz degmesin” diýmek hiç kesiň huşunda ýokdy. Olaryň huşunda başga bir zat bardy: “Şuňa öýlenen-ä gönener, bagtly bolar”. Älhepus, owadan gyzdy.
awadan
21 Dekabr 2024
Humaýyň dodaklaram ýukady, ýumşakdy, ykjamdy, bal ýalydy. Ýüzünde halka gurap, Aý ýalkym atardy. Alkymynda, bileklerinde gögerçiniň höwesi bardy… Ol şeýle gyzdy. “Gurjakdan-da görmegeý” diýip, adamlar onuň owadanlygyna baha
awadan
21 Dekabr 2024
Sözsoňy ýerine Ýöne birwagtlar-a Humaý çaksyz owadan gyzdy. Gujak gerip duran ýyldyzly garaklarynda egsilmez dogum bardy. Gözleriniň ýokarsynda garlawajyň ganatlary allanäme ýazylyp ýatyrdy. Maňlaýyna çyzyk çekmäge aýlar-a däl, ýyllaram milt edip bilmändi.
awadan
21 Dekabr 2024
Humaý: “Hemmesi düz bor” diýdi. Umyt etdi. Ýöne eýýämden ol ähli zada kaýyl gelipdi. Ol öz günäsini bimöçber saýdy. Özüni ölüme rowa gördi. Ol indi ölmäge-de taýyndy.
awadan
21 Dekabr 2024
Ýeňňesiniň kütekligine Humaý begenmedi, geň galdy. …Humaýyň: “Şu zatlar oňlulyk bilen gutarmaz” diýen pikiri ýene bir gezek tassyklasy geldi. Ýöne gaýrat tapmady. …Adamlar ýeriň aşagynda ýylan gäwşese-de bilýärler. Kyýasam bu zatlary biler. Ir-u-giç biler. Onsoň näm bolar?..
Lilia_
21 Dekabr 2024
Dowamyna garaşýas
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.