Iñ soñkyhekaýa 3-nji bölümOgulbibi eje hamana gyzynyň öňünde goýlan zatlary ýygnamagy unudaýan ýaly, öz işi bilen boldy. Bir zady aldy, bir zady goýdy, garasaý, çalt öýden çykdy.
– Men senden hasabat soramaga geldim, Merjen!
– Sora – diýdi-de, Merjen mylaýym ýylgyrdy.
– Näme üçin gülýäň meniň sowalyma?
– Dogrudanam, sen ýetik öýdýän?
– Ýok, men ýetik däl, men asla serhoş däl. Meniň gara çynym.
– Meniňem çynym. Sen hasap soranyňda, eýsem men aglaýynmy?
– Sen bu derdi bir özüň çekýändirin öýtme. Seniň keseliň ezýetini men gijelerine çirim etmän çekýärin. Indi men ýadadym. Ýürege düşdi keseliň. Bes et indi! Men saňa kesellemegi gadagan edýän! Düşünýäňmi maňa?.. – Arslan bagyryp, ýere çökdi.
– Özümem bizar boldum.
– Sen maňa gerek! Düşün, sen maňa juda gerek! Men seni ömrümiň sütüni saýdym. Men indi öýlenýänçäm, beýdip size gelmeli bolmaýyn. Gepleşdikmi?!
Merjen ýene ýylgyrdy-da, başyny atdy.
– Men daşarda durup sygyraryn. Sen şonda bir bahana bilen daşary çykarsyň.
– Çykyp bilmesem nädeýin?
– Çykyp bilmeseň, onda men näçe gezek sygyrsam, şonça gezek baş at. Men duýaryn. Görmesemem, seniň baş atanyňy bilerin.
– Bolýar, men baş ataryn.
– Özüňem: «Men kesel» diýip, birjigem pikir etme. Bar pikiriň men bolaýyn. «Ynha, men sagaldym. Arslan janymyň ýanyna ýöräp barýan» diý. «Arslan jana durmuşa çyksam, mende hiç hili dert galmaz» diý. Galmazam! Gülşüp ýaşarys. Seni depäme göterip gezerin.
– Goýsana, oglan.
– Meniň çynym. Seni depäme göterip gezerin! Il näme diýse, şony diýsin! Seniň ýaly gowy bolsa, goý, illerem öz söýgülilerini depelerinde götersinler. Sen juda gowy, Merjen. Aý, sen ony bileňok. Ony men bilýän. Diňe men duýmagy başardym seniň ajaplygyňy. Biz garrarys, çagalarymyzy ýetişdireris, diňe şondan soň keselläris. Onda-da ilki men, soňra sen. Her zadyň öz wagty bar, Merjen. Häzir biziň başga aladalarymyz bolmaly.
– Seni begendirip bilmezmikäm öýdüp gorkýan, Arslan. Ýogsam seniň bilen bolasym gelýär. Ynanaý. Saňa hyzmat edesim gelýär. Ýöne meniňki şol birmahalky gyzlaryň aýdýany boljak öýdýän. Men Ajal ikiňiziň araňyzda: ýa seniňki, ýa-da Ajalyňky bolmaly. Sen ýanymda bolsaň, ajal meniň depämde. Ol maňa senden has golaýrak. Onuň hökümi seniňkiden rüstemräk. Saňa ýetirmän, meni şol alarmyka diýýän.
– Beýle diýme! Sen ol nejisiň adyny tutma! Ony ýüregiňden çykar. Sebäbi saňa ruhdan düşmek bolmaýar. Men gadagan edýän. Düşünýäňmi? Sen meni diňlemeli. Sebäbi men – erkek. Men seniň… – Ol «äriň» diýmegi gelşikiz saýan bolarly. – Men seniň hojaýynyň, eýäň bolmaly.
– Seni diňleýän-ä, Arslan.
– Gowy diňläňok! Diňleýän bolsaň, beýdip uzak ýatmazdyň.
– Men ýatamog-a, otyryn.
– Saňa oturmagam bolmaýar. Sen turmaly, ýöremeli.
– Wah, turup bilemok.
– Bilýäň. «Turup bilemok» diýip özüni ynandyrypsyň. Şol ynanjyňy ýok edip, hany, ýeriňden tur!
– Mejalym ýok, Arslan.
– Men saňa: «Tur!» diýýän. Men buýurýan!
Merjen örän gorka, bütin durky bilen galdyrap turmaga synanyşdy. Ysgyn-deramatsyzlyk onuň aýagyna-da, eline-de göwnündäkini etdirtmeýärdi. Arslan gelip, onuň turmagyna kömekleşdi. Turuzdam asyl.
Öý goşlary, alnynda duran sarsmaz haýat Merjeniň daşyndan aýlanyp başlady. Ol duşundan geçip barýan diwardan ýapyşmak isledi. Oňa eli ýetmän, entirekledi.
– Başym aýlanýar, Arslan. Men ýykylýan!
– Meniňem başym aýlanýar. Ýöne, gör, ýykylamog-a! Senem ýykylmarsyň. Men tutup durun! Baş aýlanmaň häzir galar.
– Galar… – diýip, Merjen dodagyny çalaja gymyldatdy.
– Men aýtdym-a, sen hökman sagalaýmaly.
– Edeniň bar bol-a! – Ogulbibi eje hasanaklap gelip, olaryň arasyna girdi.
– Ogulbibi eje, Merjene degmäň.
– Hany, güm bol şu ýerden! Heý, mysalaň gursun, porsap ölmüş. – Ogulbibi eje Merjeni haýdan-haý düşegine tarap çekdi. – Wah-wah, näme üçin turduň, balam? Eýýäm ýüzüňe der inipdir. Näme üçin beýtdiň?
– Arslan isledi.
Dowamy bar ☘️