awadan
22.12.2024 08:43
Iñ soñkyhekaýa 2-nji bölüm
Ogulbibi eje gyzynyň ýanynda ümsüm oturmazlyk üçin başga gürrüňe geçdi:
– Bazarda bir bendäniň gapjygyny ogurlapdyrlar. «Garader saçyp gazanan pulumdy» diýip, bende hunybirýan aglady. Nebsim-janym agyraýdy bendä. «Gara bagtym» diýip, özüme käýinýän şol ýerde. Düýnki kakaň getiren pulunyň ählisini gapjyga salyp, ýanyma alan bolsam nätjek! Şol wagt meniňkini ogurlan bolsalar, elimi serip, boş galybermeli-dä. Bir hojalygyň bir aýlyk iýjegi-dä.
– Olaram iýmeli-dä, eje.
– Iýmesin. Ogurlap gün görenden, aç öläýsin!
– Ony diýme, eje. Goý, ölmesin!
– Ölmez, gyzym, ölmez. Onda-da olar ýalylar ölmez. Ölmeg-ä däl, wah, şol ýalaka hiç zadam bolanok. Iýenleri haram bolsun! Hudaý derdi-belany şolar ýalaka berse bolmaýarmy?! Hana, alkaşlar sowuk köçede özlerini bilmän ýatyrlar. Sowuk alaýjak ýaly olary. Eger-eger, hiç zadam bolanok. Ýamanyň ýanyndan keselem gaçýar.
Ogulbibi daýza bu aladalardan dynmak isledimi ýa aslynda göwnünde baryndan boldumy, ýene gudaly gürrüňe dolandy.
– Gyzym, dogrujamy aýtsam, men-ä seniň Arslanyňdan göwnüm suw içip baranok. – Gyzynyň: «Näme üçin?» diýip sowal bererine garaşdy. Emma ejesiniň meýlini bilen Merjen dillenmedi. – «Köp içýär» diýýärler. Bir agzyna degensoň, hiç doýdumy ýokmuş. Akylaryň toýunda entirekläp ýörenini özümem gözüm bilen gördüm.
– Öň içenokdy ahyryn, eje.
– Häzir çaksyz içýär.
– Meniň kesellänimi içine sygdyryp bilmän içýärmiş ol, eje.
– Şol gezek Akylardan öýüne ýetip bilmänmiş. Allamyradyň aýaly Tagangül ertir ir bilen: «Mallaryma ot bereýin» diýip barsa, agylyň işiginde bir gara ýatyr diýýär. Tagangül Allamyrady turzup gelipdir. Görseler, Arslan penjegini başyna büräp ýatanmyş. Allamyrat yralap turuzsa: «Meni bu ýere kim getirdi? Men öýde ýatyrdym-a» diýip goh edýärmiş. Gije nähili sowuk boldy şonda?! Hiç zadam bolmandyr oňa. Hüňürdenip turup gitdi diýýär Tagangül. Aýdýan-a, olar ýalylar gezip ýör, ogrular gezip ýör…
– Essalawmaleýkim, Ogulbibi eje!..
«Gurt agzasaň, gurt geler» diýleni. Diňe gurt däl, agzasaň Arslanam geljek eken. Gapynyň agzynda Arslan direnip dur. Durmak-da nä durmak. Aýak üstünde zordan dur. Ogulbibi eje ony görüp, laňňa ýerinden galaýdy.
– Ogulbibi eje, maňa sögmäň. Sögesiňiz gelse-de, şu sapar sögmäň… Aý… ý… sögmäň. Iň gowusy-ha, Ogulbibi eje, maňa sögüň. Sögüň maňa! Men öýde-de sögünji az eşidemok. – Arslan entirekläp içeri girdi. – Men gelmeli däldim. Özem içip gelmeli däldim. Içmesem, gelip bilmedim. Köp gezek geljek boldum, utandym. Soň utanjymyň üstüne arak eňterip, gaýdyberdim. Öwez aganyň işe gideninem gördüm. Soň: «Maňa, goý, Ogulbibi ejem käýesin» diýdim.
Ogulbibi daýza Arslanyň haýyşyny nagt etdi:
– Yzyňy ýel çalmanka, ugra! Bizi metdi-masgara etjek bolma. Onsuzam derdim özüme ýetik.
– Daýza, men şol derdi çekişmäge geldim. Näzili derdiňiz bolsa beriň maňa, men çekeýin!
– Sen çekişme, ol dert meniň egnimde. Alla ony meniň başyma salypdyr, bir özüm çekerin. Ugra!
– Beýle diýmeseňizläň. Men derrew
gitjek. Ýöne, Ogulbibi eje, Merjene iki agyz, bary-ýogy ikije agyz sözüm bar. Siz maňa düşüniň, edil öz gyzyňyza düşünişiňiz ýaly. Iliň diýjek zadam az bolmaz, onam bilýän. Men ýüregimdäkini aýdaýyn, soň göni uçup gitjek. Bolýarmy?
Ogulbibi eje onça-munçany görüp ýören aýal bolansoň, serhoş bilen jedelleşmegiň peýdasyzdygyna düşünýärdi. Ýene şol wagtyň özünde bu ülhidiň gapyda gernelip duranyna nazary kaklyşandan gyzynyň gözleriniň uçganaklanyny-da görüp ýetişipdi. Eýsem-de bolsa, abaý-syýasat etmese, munuň gelşiksizdigini-de bilýärdi.
Ene naýynjar dillendi:
– Merjeniň ýagdaýyny özüň gowy bilýäň. Sen bir artyk azar berme.
– Ýeke agyz sözüm bar. Aýtmasam, ynjaljak däl, Ogulbibi eje. Alla kessin, ýeke agyz söz.

Dowamy bar ☘️
8
91
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.