awadan
23.12.2024 06:39
Iñ soñkyhekaýa 4-nji bölüm
– Ylahym, Arslan gursun! Sen entegem gideňokmy, bisyrat? Indi men seni nätsemkäm? Başda gümüňi çekmelidim seniň.
– Men gideýin, Merjen. Ejeň gaharyny getirmäýin. Sen maňa sagaljagyňy söz ber.
– Söz berýän, Arslan. Inşalla, sagaljak bolaryn.
– Men geler duraryn, Merjen. Sen meniň kişmişimsiň. Sen meniň üzümimsiň. Bilýäňmi şony?
– Öň aýdypdyň-a. – Merjen çala ýylgyrdy.
– Ine, bolýar, ýylgyrdyň. Meniň dünýäm açyldy. Mydama ejeň gözüniň öňünde duşuşyp durmarys, kişmişim…
– Bu zamanyň ýaşlarynda utanç-haýa galmandyr. Ine, öýüňe gelip, diýjegini diýip dur. Ýok bol-a, masgara!
– Mendenem göwnüň garalýan bolaýmasyn seniň? – Öwez aga otagyň içini bulam-dölem eden aýalyna habar gatdy. – Seniň puluň bilen işim bolan däldir.
– Eý, toba! – diýip, Ogulbibi eje ýakasyny tutdy. – Men senden näme üçin göreýin?! Ogurlajak bolsaň, ol puly maňa bermezdiň ahyryn.
Ogulbibi eje pulunyň ýitenini ilki hiç kime aýtmandy. Boş gapjygyny telim gezek açyp-ýapypdy. Oturan-turan ýerlerini telim gezek barlapdy. Edil jyn kakan ýaly, hiç ýerde ýok. Ýoklugam hiç, onuň bilen oňşup bolsa. Ol köp oýlandy, ahyry-da pulunyň ýitenini boýun almakdan başga çäre tapmady.
Ogulbibi eje bazardan çykyp gaýdanyny indi, gör, näçinji gezekdigi näbelli sapar ýatlaýar. Onuň bazarda artyk-süýşük alan zady ýok. Bir ýerde güllüje owadan ştapel bar ekeni. Şondan bir geýimlik alasy geldi. Emma puluna dözmändi. Merjeniň iýjek-içjegine gidip dur, derman üçin gidip dur. Doktor-tebibe-de bir aklyk emlemeseň, ýüzüňe seretjek däller. «Merjen jan bir aýak üstüne galsyn, soň geýeýin köýnegi» diýipdi.
Ine, bolany. Hawa, ýene bir geň zat, ol pulunyň ownuklaryny harçlanypdy-da, irisini saýlap goýupdy. Ol pullaryň ählisi diýen ýaly ýüzlükdi.
Ogulbibi eje bazardan çykyp, awtobusa mündi. Awtobusda adam o diýen kän däldi. Onsoňam gapjyk Ogulbibi ejäniň elindedi. Ol golaýyna hiç kimi getirmändi. Iki sany degenek ýigit onuň beýle ýanragynda durdular. Ýöne olaryň bolşy ogurlyk etjege meňzemeýärdi. Olaryň biri «Goşuňyzy göterişeli» diýdi welin, şol mahal bir işler edäýdimikän?
Awtobusdan düşmekçi bolanda, bilet üçin pul çykaranda gaçan bolaýmasyn?! Sürüji ony howlukdyrypdy. Ogulbibi eje-de howlukma bolanok. Howlukdyrsalar aljyraýar.
Pulunyň ýitenini ol iki ýigitden görjeginem, awtobusdan düşjek bolanda gaçyranynam bilmän kösenýän Ogulbibi eje aýdara söz tapmady.
– Ol iki ýigit jadygöý bolaýmasa senden pul alyp bilmez, sebäp senden büre sypsa-da, pul sypmaz – diýip, Öwez aga kesgitledi. – Seniň gapjygyň eliňdedi ahyryn.
– Hawa, elimdedi.
– «Elimde» diýmek – demir seýfiň içinde diýmek. Sen puluňy gaçyransyň.
– Gaçyraýdymmykam? – diýip, Ogulbi bi eje böwrüni diňledi.
– Aý, ýok, muňa-da ynanyp biljek däl. Kimden gaçsa-da, senden pul gaçmaz, keýwany.
– Wah, eger-eger kelläme saňsar daşy degen ýaly-da, hiç oýlanyp ýetirip bilemok.
– Nirede goýanyň ýadyňa düşýän däldir.
– Wah, men gapjygyň içinden pul çykarmasam näme?! – Ogulbibi eje gözlerini süzüp, oýa batdy. – Arslan ýerçekendenem göwnüm garalman duranok.
– Bukara ol nädip girýär?
– Wah, ol haýasyz öýe girdi-dä.
– Gelende näme?
– Alla bilýär onuň näme edip, näme goýanyny?! Her bir hereketini synlap durup bolýarmy näme? Içgili erkeni özem. Şondan her zat çykar.
– Ine, munyňa «Hä!» diýjek.
Ejesiniň gürrüňini diňläp ýatan Merjen dyňzap gelen gözýaşyny saklap bilmedi: sojap aglamaga başlady. Muňa her kim özüçe düşündi. Eger şu dert-alada bolmadyk bolsady, Öwez aga-da, Ogulbibi eje-de gyzyny Arslana rowa görmezdiler. Itiň hory bolup ýaşaýan, entek bir bişen kerpiçden jaý-beýlekem gurup bilmedik Arslanyň hossarlaryny olar öz deňleri saýmaýardylar. Diýenleri bolsa gyzlaryny has barjamly, daşarysy-içerisi gurat bolan derejeli ýere çykarmakçydylar. Emma Merjen edil dogalanan ýaly bolup, diňe Arslan diýip durdy. Ene-atanyň bolsa bu ýagdaýda gyzynyň göwnüni görmekden başga çäreleri ýokdy.

Dowamy bar ☘️
8
84
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.