awadan
19.12.2024 17:03
Owadan gyzyñ mañlaýyhekaýa 5-nji bölüm
Kyýas Humaýy gujagyna gysdy. “Oglanjykdyr. Öňünden bilýän-ä men. Çaga galjakdygynam öňünden bildim. Mynam bilýän. Oglanjykdyr. Ine, gör-de duruber, meň diýenim dogry bolar” diýip, düşnüksiz hümürdi bilen aýtdy. Humaý oýkanjyrady:
— Gysmasana gaty. Demim gysýa.
Göwrede çaga galany hak. Sag-salamat ýaşalyp ýörülse, ol Humaýa çeker. Humaýa çekse-de, oglan bolar. Olaryň tohumynda gyz dogurýany seýrek. Şujagaz pikir onuň kalbyna umyt saldy, beýnisine ynjalyk berdi.
— Birden gyzjagaz bolaýsa.. Bu-uw, ejem bilen kakamyň-a gözüne görnübilmen. Birhili görülýä-dä birinji çagaň gyz bolsa. Utanylýamy, nämemi? Señ üçinem şeýlemi?.. Zyýany ýok, gyz bolsa-da. Bir zat bolup dursa boldu-da. Bu gezek gyz bolar, ikinji gezek ogul. Dogry dämi?.. Senem ýöne-e gyz dogrup ýörmersiň-ä. Arasynda… hany entek şuny bir göreli. Belki, Hudaý, ogul bolaýady-da. Süýşsene bärik!
Humaý gyz dogranda-da, oglan dogranda-da tapawudy ýok, onuň kakasy Mergen. Ýöne çaga dil açansoň, Mergene kaka diýmez, Kyýasa diýer. Ähtimal, ol Mergeni tanamazam.
Kyýas bu zatlary bilmez. Humaý bu barada hiç kime hiç zat aýtmaz. Içinde saklar. Bu syry günä göteren kimin göterip ýörmek oňa biçak gymmat düşer. Ölýänçä ini müňk-müňkde bolar.
Bu syry diňe mähek daşy gizligin saklap biler.
Humaý özüni mähek daşyna deňemäge gaýrat tapmady.
Ýaýdandy. Bir syry, ýekeje syry içine sygdyryp bilmese, Humaýyň ojagy ýykylar. Maňlaýgara bolar. Oňa gargarlar. Humaýa hiç kim düşünmez. Humaý bu syry o dünýä alyp gider. Aýtsa-da, şo taýda aýdar. Magşar gününde. Şondan bärde aýtmaz. Ol äht etdi. “Aýdan günüm taklap janym çykaýsyn” diýdi.
— Humaý!
— Hä?
— Oglan bolsa adyna näme dakarys?
— Waý, bilmedim men-ä. Pikirem etmändirin şony.
— Onda näme dakaly diýsene?! Neme dakaly. Şöhrat dakaýaly, hä? Gowy ad-a şo?!
— Hawa.
— Wiý, ýa-da Daýanç dakaly. Men-ä gowy görýän şony. Erbet däl-ä. Sen nähili görýäň? Ejem dagam gowy görer şol ady. Ýa bolanokmy?
— Bolýa-la…
— Wi-iý, Humaý, birden ekiz oglumyz bolaýsa, hä! Hany elläp göreýin… Ep-eslije bar, how, şü. Ekiz bolaýmasyn?! Bir aýlyk diýdiňmi? Bir aýda şuňňaly bolsa, tüweleme, ganymat, bolubilýä.
Kyýas begenýär. Humaýyň garnyny gaýta-gaýta sypaýar. Häzir onuň gözleri gülýär. Gözedürtme garaňkylygam bolsa, onuň gözleriniň gülýändigini Humaý bilipjik ýatyr. Kyýasyň begenji ýürekden. Ol şu gije uklabam bilmez. Ol kesekiniň çagasyna guwanýar. Özüniňkidir öýdýär. Ol özüni erkek sanyna goşýar.
Aýbyny bilmeýär.
Humaý ärini gözli kör saýdy. Onuň betbagtlygyna agysy tutdy. Asyl agladam. Özem ses etmän aglady. Aglan halatyň ses etmek hökmanmy diýsene?! Ýassykdaşy aglar-da, Kyýas bilmezmi? Bildi.
Eginlerini silkip-silkip ýatyşyndan çen tutup bildi. «Samsyjak” diýdi.
— Goý, how, aglabermeli bomy çagam bolýa diýip. Gaýtam begenmeli sen. Men-ä begenip ýatyryn şumat. Bi bolsa… Goý, how!
— Begenjimden aglaýan-da men.
Ol Kyýasy ogşady. Çem gelen erinden. Maňlaýyndan, gözünden, ýaňagyndan, boýnundan.Bäş günden soň Nurtäç geldi. “Baldyzjygymyň içi gysýandyr, bir göreýin-le diýip gaýdyberdim” diýdi. Humaý begenmedem, gynanmadam.
— Gowy edipsiň – diýdi.
Nurtäç jibrinip gepledi:
— Nähili edenim-ä özüm gowy bilýän-le. Öň bilmändirin. Bilen bolsam gaýtmazdym. Atam direlip gelýänem bolsa gaýtmazdym.
— Näm boldy, gyz, beýle?
— Wah, bilmedik bolan bolýa-da. Öldüm-ä men seň tünegiňi tapjak bolup. Hakyt masgara bolaýdym-da, gyw. Görmedigim görde galandyr-la… Özüňiz bir kösenmän tapýaňyzmy, gyz? Ýa daşarygam çykaňzokmy? Çykýanam dälsiňiz siz. Ýaýdanyp duransyňyz. Bir çyksaň münmek işdir. Münseňem düşmek. Ýaňy özüm itiň günini gördüm-ä.
Humaý ýeňňesine çaý berdi. Nurtäç täzeden tükezzibana tutduryp ugrady:
— Goňşularyňyzy bir tanaýaňyzmy, gyz? Tanaýan dälsiňiz-le.

Dowamy bar ☘️
5
121
alma___
20 Dekabr 2024
Gyzykly 👍👍
awadan
19 Dekabr 2024
@okyyjy, 🤗Sagbol
okyyjy
19 Dekabr 2024
Gyzykly hekaýa👏🏻👏🏻👏🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.