tmyigit76
30.03.2024 15:00


Mähir


Iňlis tymsaly


  Londonyň dükanlarynyň birine ýaş çatynja girip, uzak wagtlap tekjelerdäki oýnawaçlary synlap, bir zatlar maslahatlaşyp durýarlar. Ýaş gelin edil hakyky çaga ýaly gülüp, aglap bilýän gurjajygy eline alyp, adamsyna bir zatlar diýýär. Ol başyny ýaýkap, başga bir oýnawajy saýlap tutýar. Şeýdip olar bellibir karara gelip bilmän esli durýarlar. Ahyrsoňy olaryň ýanyna satyjy barýar:

— Görýän welin, siz öň gaty köp oýnawaç satyn alan bolmaly.

— Ony nämeden diýdiňiz? — diýip, alyjy zenan geň galyp seredýär.

— Şunça oýunjaklaryň içinden zat saýlap bilmän durşuňyz şeýle pikiri döredýär. Diýmek, size çagaňyzda öň bolmadyk, has üýtgeşik oýnawaç gerek, şeýle dälmi?

— Üýtgeşik zat gözleýänimiz-ä bildiňiz — diýip, gelniň ýoldaşy jogap berýär. Ýöne...

— Bilýäňizmi näme? — diýip, gelin adamsynyň sözüni gyssanmaç bölüp, satyja ýüzlenýär. — Biziň kiçijik gyzja- gazymyz bar. Ýöne ikimiziňem işleýändigimiz sebäpli, uzak günüň dowamynda onuň ýanynda bolup bilemzok.

— Bizi onuň juda seýrek ýylgyrýandygy ynjalyk- syzlandyrýar — diýip, gelniň adamsy söze goşulýar. — Şonuň üçinem gyzjagazymyzyň göwnüni göteräýjek, azajygam bolsa, ony öňküsinden şadyýan, bagtyýar edip biläýjek oýnawaç gözleýäs.

— Çaga gussa batanda, ýüregi gysanda, onuň göwnüni göterip biljek nähili oýunjak salgy berip bilersiňiz? — diýip, gelin janygýar.

Ýaş ene-atany sesini çykarman, ünsli diňläp duran satyjy:

— Bagyşlaň—diýip, gussaly ýylgyrýar.
—Gynansak-da, bizde mähir, söýgi satylanok.




Rus dilinden terjime eden Maral Akmämmedowa

37
135
tmyigit76
29.03.2024 22:00




ÇOPAN WE PATYŞA


Erteki



dowamy...

başlangyjy okamak üçin şu ýere bas



Tapgyr-tapgyr oturdy
Patyşasy, weziri,
Iýen däldir mundan öň
Şu günki dek hiç biri.
 
Pes gelmedi bulardan
Galanlaryň-da bary,
Emma welin saçagyň
Egsilmedi nahary.

 
Keýiplerni kökleşip,
Ugradylar myhmanlar,
Gaty razy boldylar
Begler, emirler, hanlar.

 

Şa baran soň öýine
Kän otyryp oýlandy:
Çuň pikirde iki ýan
Öz içinde aýlandy.

 
Başyndaky pikiri
Asyl goýmady ony,
Gyssanjyna ahyry
Çagyrdy wezirini.
 
Ynjalygy bolmady
Gezip, oturyp, ýatyp,
Gelenden soň weziri,
Diýdi oňa ýüz tutup:

 
“Çopan ogly çopana
Näme gerek şol saçak
Maslahat bilseň wezir,
Ony elinden aljak.”
 
“Şahym gulak goýsaňyz,
Bizden size maslahat,
Diňe ýurdyň şasynda
Bolmalydyr beýle zat.”

 
“Onda çapar iberiň,
Getirsinler şu günde;
Ony ele almasam,
Sabyr galmady mende.
 
Eger berse gaýtawul
Kellesini getiriň;
Haýal etmän, permanym
Tizden ýerne ýetiriň.”


Şahyň beren permany
Ýetirildi ýerine,
Çopanmyzyň saçagy
Onyň öňünde ine.
 
Saçak elden giden soň,
Bu biçäre çopanyň
Gara güni başyna
Ýene gaýdyp geldi onyň.

 
Ýer ýumruklap aýaly
Urýar dady-perýady;
“Ylahym patyşanyň
Gyrylsyn bar zürýady”.
 
Zowzanaklap ahyry
Geçdi öýniň törine,
Gaharyna aglady,
Käýinjiräp ärine:

 
“Bu zatlaryň barynyň
Günäkäri sen öziň:
Agla indi ölýänçäň,
Goý seniň çyksyn göziň.
 
Çagyrma diýip kän aýtdym,
Ýadyňdamy, men saňa.
Aldyň alty şaýyňy,
Hezzet edip sen oňa.

 
Hezzet edip eşege,
Kim alypdyr aklygy
Ýersiz ýere mesirgäp,
Götermediň doklugy.
 
Saýgarmadyň geleni
Dostmy saňa ýa duşman,
Indi tutup içiňi
Geçeniňe et puşman.

 
Nämämize gerekdi,
Şalar bilen gatnaşyk?
Olar üçin, unutma,
Bizden gowydyr aşyk”.
 
Bu ýangynly sözleri
Ýagdyrsa-da aýaly,
Gaýtawula çopanyň
Häzirlikçe ýok haly.

 
Ýüzýärdi ol gulaçlap
Çuň pikiriň deňzinde,
Uly ahmyr hem gynanç
Mese-mälim ýüzinde.
 
Aladaly bu döwür
Ýetdi bir näçe güne,
Çopan pahyr kör garga
Baryp ýüz tutdy ýene.

 
Aýtdy oňa jikme-jik.
Bolan işleň baryny
Hem-de ondan sorady
Ar almagyň tärini.
 
Diýdi: “seniň şa bilen
Asyl oýnyň deň gelmez;
Şalar bilen dalaşsaň,
Aňsat işiň oň bolmaz.

 
Ýöne saňa men ýene
Gymmatly zat bereýin;
Patyşaňyz şony-da
Hany alsyn göreýin.
 
Eger başa iş düşse,
Ýetir ahy-zaryňy;
Şonda şadan çykarys
Öňki-soňky aryňy”.

 
Diýdi-de ol çopana
Berdi oňat elguşy:
“Örän oňat idetseň,
Şundan taparsyň aşy.
 
Günde birini gaçyryp,
Guzlaýany gyzyldyr;
Muny oňat saklasaň,
Seňki onsoň hezildir.

 
Elguşyny alan soň,
Çopan gaty şatlandy;
Alkyş okap kör garga,
Öýe tarap atlandy.
 
Öýde ýeke galypdy,
Ol gidende aýaly;
Için tutup, ah çekip,
Ýamandy onyň haly.

 
Dünýäsinden käýinip,
Ah çekýärdi her demde;
Her sagady pahyryň
Geçýärdi gaýgy-gamda.
 
Duýman durka syçyrap,
Çopan girdi gapydan,
“Ýeri niçik boldy” – diýip,
Derrew sorady ondan.

 
“Heý-de meniň öňimde,
Bolarmy bir bitmez iş,
Ynha saňa getirdim,
Gyzyl guzlaýan elguş.
 
Saçagyň hem çeni däl,
Elguşynyň gymmaty,
Dünýäde hiç bir zadyň
Tyllaça ýok hümmeti.

 
Meniň indi işim ýok,
Näme etseň öziň et,
Ine gyzyl gaznasy,
Maksat-myradyňa ýet”.
 
Ýyljyraklap aýaly,
Aldy guşy eline,
Gaýgy-gamyň barysy
Gitdi ýazyň ýeline.

 
Başlap gelen gününden
Berdi günde birini,
Tygşytlady aýaly,
Tapdy onyň ýerini.
 
Çopanmyz hem aýalnyň
Göwnini hiç ýykmady;
Indi asyl ol onyň
Diýeninden çykmady.

 
Başladylar almaga
Gerek-ýarak şaýlaryn,
Tiz wagtyň içinde
Düzetjekler öýlerin.
 
Çäýnek-käse alynyp,
Çalşyrdylar düşegi,
Täzelendi çopanyň –
Çaryk, dony, guşagy.

 
Gün geldikçe köpelip,
Basym bitjekdi bary,
Emma guşyň tiz wagt
Şaha ýetdi habary.
 
Şa eşiden badyna
Gyzylly guş tarypyn.
Çagyrdy-da wezirin,
Gazaply diýdi gepin:

 
“Şu sagadyň özinde
Getirmeli şol guşy,
Gelmese günäliniň
Hökman kesiler başy”.
 
Wezir oňa baş egip,
Işi ýerne ýetirdi;
Ýarym sagat içinde
Guşy köşke getirdi.

 
Ýene ajy aýralyk,
Ýene gaýgy-alada...
Tapawudy öňkiden –
Igenç ýokdy arada.
 
Bakýardylar är-aýal
Bir-biriniň ýüzine,
Ikisi-de alaçsyz
Ýaş aýlady gözine.

 
Doýmaz-dolmaz zalyma
Ikisi hem gargady.
Ýene çopan biçäre
Kör gargaňka ugrady.
 
Baryp oňa ýene-de
Aýtdy ahy-zaryny;
Indi göriň, kör garga
Görkezmekçi zoryny.

 
Görkezdi ol çopana
Äpet uly tokmagy:
Şumy alyp gitdäni,
Ýom-ýok et ol akmagy.
 
Eder ony ýer-ýegsan:
“Kak, tokmagym, kak”-diýseň:
Durar, hiç zat etmez ol;
“Dek, tokmagym, dek”-diýseň.

 
Saçagyňy, guşyňy
Hökman ondan alarsyň;
Şu tokmagyň arkaly
Şadan halas bolarsyň.
 
Alkyş okap kör garga,
Düşdi ýene ýolyna;
Öýe gelip etjegin
Aýtdy ol aýalyna.

 
Şatlandy-da aýaly,
Diýdi: – “Gaty bolupdyr,
Bu zalymyň kör garga
Hötdesinden gelipdir.
 
Asyl meniň özimem
Seniň bilen gideýin;
Bir öziňe kyn bolar,
Menem kömek edeýin”.

 
Tokmaklaryn göterip,
Tirkeşdiler gitdiler,
Batly-batly ýöreşip,
Şa saraýna ýetdiler.
 
Äri alyp tokmagyn,
Girdi saraý içine;
Ortasynda goýdy-da
Çykdy ýene daşyna.

 
Gazap bilen şasyna;
“Edişime bak” – diýdi;
Daşrakda durdy-da
“Kak, tokmagym, kak” – diýdi.

Tokmak böküp başlady,
Eşdeninde bu sözi,
Doldy derrew tozandan
Dury asmanyň ýüzi.

 


Tam-tarsyny tekizläp,
Geçdi köşkiň daşyna,
Bir bökende ony-da
Ýumurdy şa başyna.
 
Wezirinden-şasyndan
Sypdyrmady birisin;
Baryn guma basdyrdy,
Galdyrmady dirisin.

 
Çopan daşdan şatlanyp
“Dek, tokmagym, dek” – diýdi:
“Boldy kän iş bitirdiň,
Indi bärik bök” – diýdi.
 
Tokmak goýup kakmagyn,
Eýesine ýüzlendi;
Şunluk bilen bir kemsiz
Zulum ojagy düzlendi.

 
Guşy, saçagy alyp,
Goýmadylar hiç bir zat
Bu habary eşidip,
Bütin iller boldy şat.


soňy



Aman Kekilow
26
107
tmyigit76
29.03.2024 14:33

Paýhas we Hyjuw


(Hindi tymsaly)


  Mumbaýyň golaýyndaky şäherçede ýaşaýan Çampa atly gyzyň gözelligi baradaky gürrüňler dilden-dile geçip, Mumbaýda okap ýören brah- man ýigidiň gulagyna ýetipdir. Gyzyň obasyna ýöriteläp giden ýigit ony görenden aşyk bolýar. Emma sözde ýeňlip, masgara bolaryndan çekinip, gyz bilen gürleşibilmän gaýdypdyr. Ahyrsoňy yşky kükregini ýaryp barýan ýigit maslahat sorap, halypasynyň ýanyna barypdyr. Ýigidi diňlänsoň halypasy:

— Ol gyzyň şeýle dilewardygy, akyllydygy çyn bolsa, gitmegi-de aňrujy ýüregiňe düwen bolsaň, baharyň gelerine garaş — diýipdir. — Juwan ýüregiň iň ejizläýjek wagty bahardyr. Baharyň joşguny bilen göreşip ýören ýüregi ýeňmek üçin şondan amatly wagt bolmaz.

Ýigit bahar gelenden ýola düşýär. Gyzyň huzu- ryna barybam, ýagdaýyny mälim edýär. Ony diňlän gyz:

— Ylymly-bilimli halyňa, biz ýaly sada oba gyzyna söz aýtmakdan ýaýdanyp ýörmäňiz näme? — diýip ýylgyrýar.

— Şoňa-ha menem haýran — diýip, ýigit gönümel- ligini edýär. — Göräýmäge, paýhas paýlanyşygyn- da zenan maşgaladan on esse artyk paý ýeten erkek kişi halyma, batyrgaýrak bolaýjak ýaly welin...

Gyz:

— Paýhas baradaky gürrüňiňizi has anyk aýdaý- saňyz — diýip, onuň sözüni bölýär. — Owalynda ynsana hyjuw beren Ýaradanyň oňa ol duýgulary jylawlap saklamak üçin paýhasam berendigi baradaky gürrüňi eşidipdim. Ýogsa-da, Ýaradan hyjuwy paýlanda, erkek bilen zenana nähiliräk derejede böldükä? Size şol zatlaram öwredilýärmi?

— Hawa, öwredilýär. Ol üleşikde zenana hyjuwyň ondan dokuz bölegi, erkege bolsa ondan bir bölegi berlipdir.

— Onda paýhas nähili paýlanypdyr?

— Zenana ondan bir, erkek kişä bolsa ondan dokuz bölek berlipdir.

Ýigidiň jogabyny eşiden Çampa ýylgyrypdyr-da:

— Ýaş ýigit, size dogumdan-a paý berlipdir. Ýöne üleşikde ondan bir bölek ýeten paýhasy zenana ondan dokuz bölek ýeten hyjuwyny basmagy üçin ýeterlik bolýarka, şonça paýhas bilen sähelçe hy- juwyňyza erk etmegiň size kyn düşüşine haýran galýan — diýip, aňyrsyna öwrülip gidiberipdir. Sözlejek sözlerini ýerbe-ýer goýubilmändigine göz ýetiren ýigidiň yzyna gaýdybermekden başga alajy galmandyr.


Rus dilinden terjime eden Serdar Şamyradow

35
189
tmyigit76
28.03.2024 18:04




Remezan rowaýaty




  Her ýyl mukaddes Remezan aýy gelende, mundan on ýyl öň eşiden rowaýatym ýadyma düşýär.


  Muhammet pygamberiň döwründe Oraza aýy- nyň günleriniň birinde agzy bekli adamlar agza- çar wagty golaýlanda, bir saçagyň başyna üýşüpdirler. Şonda pygamberimiz iki adama seredipdir-de: «Size rugsat, siz wagtyndan ir iýip-içmäge başlap bilersiňiz» diýipdir. Munuň sebäbini soranlarynda: «Siz bu gün gybat et- diňiz, gybat agzy bekli adamyň orazasyny açýandyr» diýip jogap beripdir. Goňşy ýaşaýan ol ikisi ertesi gün: «Gel, şu gün anyk bolan we bolýan zatlar hakynda gürrüň edeli» diýip maslahatlaşypdyrlar we hakykatda bolýan, görýän zatlaryny aýdyşypdyrlar. Emma pygam- berimiz bu günem olara agyzlarynyň açyk- dygyny mälim edipdir. Şonda iki goňşy:


— Biz diňe hakykatda bolýan zatlary aýdyşdyk, gybat etmedik ahyryn — diýenlerinde pygam- berimiz:


— Haçan-da siz ýanyňyzda ýok adamyň gürrü- ňini edip, siziň gürrüňleriňiz oňa ýetende, sähel göwni ýykylan bolsa, dogrudygyna seret- mezden, ol hem gybat hasaplanylýar.


  Üçünji gün iki goňşy diňe adamlaryň edýän sogap işleri, gowy häsiýetler, ýagşy amallar barada pikir alşypdyrlar. Bu gün olara agzy bekli adamlar bilen bir wagtda agyz açmaga rugsat berlipdir. Diýmek, agyz beklemek diňe aşgazanyňy iýmitden saklamak däl-de, diliňi gybatdan, ýalandan, nalyşdan, igençden, sögünçden hem saklamak eken.




_✍︎Aýgül Nazarowa
69
406
tmyigit76
28.03.2024 13:54

Emeli aň we geljegiň eserleri




 Häzirki wagtda emeli aňyň (EA) mümkinçilikleri günsaýyn ösýär. Ylym, lukmançylyk we sport ýaly ugurlarda emeli aňyň kömeginiň zerurdygy hemmeler üçin mälim bolsa gerek. Häzir emeli aň keseliň alamatlaryny ýazsaňyz, aňsatlyk bi- len size kesgitleme çykaryp berer. Emeli aň si- ze edebiýat barada özboluşly düzme ýazmaga hem kömek eder. Isleseňiz, size islendik eseri dilden okap berer. Eger türgen bolsaňyz, emeli aňyň kömegi bilen berhiziňizi dykgatly meýil- leşdirip bilersiňiz. Soňa galyberse-de, emeli aň siziň şahsy mese- leleriňizde hem psiholog bolup berer.

Soňky wagtda internet ulgamynda emeli aňyň adam aňy gerek bolan ähli hünärleriň ornuny tutup biljekdigi hakda gürrüňler köpelýär. Ýog- sam-da, temasyny salgy berseň, eliňe taýýar ýazgy berýän emeli aňlar ýazyjylaryň, žurna- listleriň hem-de terjimeçileriň ornuny eýeläp bilermi? Eýsem, bu barada dünýä metbuga- tynda nähili pikir-garaýyşlar öňe sürülýär.

Ilki bilen emeli aňlaryň arasynda has meşhur bolan «Chat Gpt»-iň nämedigini gysgaça aýda- ýyn. Bu ýörite platforma bolup, ol öz içine müň- lerçe wezipeleri jemleýär. Ýagny bu özüne aý- dylan hemme zady diýen ýaly bilýän we köp dillere düşünýän kömekçidir.

«Chat Gpt» 2015-nji ýylda «Open AI» kompa- niýasy tarapyndan esaslandyrylyp, onuň esasy maksady adamzadyň peýdasyna emeli aňy mundan beýläk-de ösdürmekden ybaratdyr. Ýaňy-ýakynda bolsa, «Microsoft» «Chat Gpt»-ä on milliard amerikan dollaryny maýa goýdy. Geljekki ykdysatçy hökmünde aýtsam, bu gaty uly möçberdäki maýa goýumdyr.

Emma emeli aňyň mümkinçilikleri sebäpli dün- ýäde birnäçe meseläniň döräp bilmek howatyr- lanmasy hem bar. «Chat Gpt» programmist- leriň ýerini aňsatlyk bilen çalşyp biljekdigi hak- da has köp aýdylýar. Ýeri gelende ýatlasam, käbir adamlaryň geçirip gören kiçijik barlaglary hakda durup geçeýin. «Python» dilinde web sahypasyny döret diýip «Chat Gpt»-ä buýruk berenlerinde, geň galarsyňyz, ol sahypany düzmek üçin gerek bolan kody iberipdir. Soň kod nädogry bolaýmasyn diýip, «Chat Gpt»-iň iberen kodyny «ýalňyşlaryňy düzet» diýip täzeden iberenlerinde, ol bar bolan «ýalňyş- lyklary» düzedip, täzeçe bir kody iberipdir. Mundan başga-da, sizi haýran galdyryp biljek zatlaryň biri: emeli aň keseliňizi anyklaşdyryp biler. Eger-de siz keseliň alamatlaryny «Chat Gpt»-ä iberseňiz, onda ol özündäki milliard- larça maglumatlara hem-de sizdäki nähoşluk alamatlaryna esaslanyp, size maslahat berip biler.

Dogrymy aýtsam, şu makalanam «Chat Gpt»-ä ýazdyrmak isledim... ýöne howsala düşmäň, makalanyň awtory adam! Emeli aňy näçe öw- sek-de, gündelik durmuşymyzda kömekçi hök- münde peýdalansak-da, onuň ýazyjylyk, düzü- jilik, terjimeçilik ukyby heniz pes derejede. Ol heniz döredijilik ýolundaky «ýörjen-ýörjen» ädimleri bilen öňe ilerleýär. Eýsem, täze bir eser ýazmak, düzmek näme diýmegi aňladýar? Düzme — bu ýazyjynyň gaýtalanmajak we soňsuz fantaziýasynyň joşmagydyr! Düzme — bu awtoryň okyjylaryň ýüreklerine gönükdi- rilen pikiridir! Elbetde, emeli aňyň maglumatlar bazasynda okyjyda duýgudaşlyk döredip biljek sözler az däldir. Ol ýerde ähli dilleriň harplary-da, sözleri-de jemlenendir. Ýöne şol bir harp- lary, şol bir sözleri ulanmak arkaly düýbünden tapawutly sözlemleri, jümleleri düzmek üçin emeli däl-de, tebigy adam aňy gerek. Her näme diýilse-de, emeli aňyň mümkinçilikleri çäksiz ýaly görünse-de, ol çeper edebi döredijilikde adam aňy bilen asla bäsleşip bilmese gerek. Tebigy aň hemişe-de emeli aňdan rüstemdir. Muňa garamazdan, ýaşaýyş-durmuşymyzyň käbir taraplaryny ýeňilleşdirmek üçin emeli aňlary has kämilleş- dirmek hem zerur. Olar özboluşly we «köpbilmiş» diýen edijiler, halys türkmençeläp aýtsak, «ýumuş oglanlary». Galanyny, elbetde, wagt görkezer.




Aýsenem Nuryýewa
29
81
tmyigit76
27.03.2024 22:08



ÇOPAN WE PATYŞA


Erteki



Gadym wagt bir garyp,
Sygyr çopan bolupdyr.
Kyrk ýaşyna baranda,
Ol bir aýal alypdyr.
 
Aýaly hem özi dek,
Ýurdyň belli garyby:
Ikisiniň bolupdyr –
Ne gallasy, ne gaby.
 
Ojuk-bujuk aldylar,
Ýaşan soňlar dört-bäş ýyl.
Bir sümelge salmaga,
Kömekleşdi garyp il.
 
Iki gotur geçidi,
Bu çopanyň bar maly.
Şol geçileň süýdinden,
Gurt edýärdi aýaly.
 
Eden gurdyn endigan,
Tam üstinde serýärmiş.
Wehim edip it-guşdan,
Günde baryp görýärmiş.
 
Tiz wagtda duýýar-da,
Azalýanyn gurdynyň.
Dykgat bilen gözleýär,
Sebäbini ol munyň.
 
Saklapdyrlar är-aýal,
Gurtlarynyň daşyny.
Gije-gündiz hiç biri,
Ýere goýman başyny.
 
Bir kör garga pel-pelläp,
Gonýar gurdyň üstine.
Çopan bilen aýaly,
Tutýar muny destine.



Öldürmekçi bolanda,
Çopan bogup gargany.
Ol dillenip diýipdir:
“Howlukma sen, dur hany.
 
Gahar edip, sen meni
Nahak ýere öldürme,
Goýber meni, azat et,
Hiç hili azar berme.
 
Men bir döwlet guşy men,
Gondym seniň başyňa.
Iýsem zadym örän kän,
Mätäç däl men aşyňa.
 
Ertir irden ýanyma,
Gel, bereýin kän zady.
Kör garga diýip sorasaň,
Her kim biler bu ady”.
 
Çopan ony goýberdi,
Ynandy-da sözine.
Sygyrlary tabşyrdy,
Eýeleriniň özine.
 
Şaýyn tutup ugrady,
Kör garganyň yzyndan,
Edýärdi ol kän umyt
Onyň aýdan sözinden.
 
Uly süri çykypdyr,
Ýolda onyň öňünden.
Kör gargany sorapdyr,
Süriniň çopanyndan:
 
“Görkezsene, çopan dost,
Kör garganyň öýini.
Asyl tapyp bilemok,
Kän gözledim men ony”.
 
“Şundan dogry gidiber,
Syr-da ýolyň boýyny.
Bardyr ýolda at bakan,
Aýdar onyň öýini.”
 
Uzak wagt ýöränsoň,
Duşdy oňa at bakan.
Muňa-da görkez – diýip,
Salgyny aldy çopan.
 
“Mundan dogry gidiber, –
Syr-da ýolyň boýyny,
Düýe çopan duşanda,
Sora onyň öýüni”.
 
Duşýar düýe çopana,
Kän ýoly sökenden soň.
Ondan derrew soraýar,
Köp azap çekenden soň.
 
“Görkezsene, çopan dost,
Kör garganyň öýini.
Asyl tapyp bilemok,
Kän gözledim men ony.
 
Çopan elin uzadyp:
“Görýärmiň sen hol bagy,
Beýikligne seret oň,
Ýada salyp dur dagy.
 
Şu çarbagda kör garga,
Gündizine hem gije,
Hiç bir ýana aýrylman,
Oturýandyr hemişe”.
 
Ýolagçymyz bir kemsiz,
Salgy alan soň ony,
Çalt-çalt ädimläp,
Oňa ugrady göni.
 
Tiz wagtda ýetdi ol,
Şol görünýän çarbaga.
Bilmän nirden girjegin,
Aýlandy sola-saga.
 
Ahyry ol bir ýerden,
“Garga” diýip gygyrdy.
Garga görüp çopany,
Öz ýanyna çagyrdy.
 
Ony gaty hormatlap,
Nahar berdi, çaý berdi;
“Ýat-da dynjyň al” – diýip,
Oňat ýerden jaý berdi.

Turandan soň boş saçak,
Berip onyň eline,
Diýdi: “Gymmatly bir zat.
Berýän saňa al ine.”

 

Çopan alyp, saçaga,
Gaýta-gaýta seretdi,
Düşen ýaly aldaga,
Içinden pikir etdi:
 
“Bu kör garga men akmak,
Oýnadypdyryn özimi,
Nadanlygym bilipdir,
Görende ol gözimi”.
 
Diýip çopan biçäre,
Dürli oýa gidýärdi.
Ýiti-ýiti alarlyp,
Saçaga seredýärdi.
 
“Boşlugyna garaman,
Alyp git bu saçagy.
“Açyl, saçagym, açyl”
Diý nahar gerek çagy.
 
Şonda açylyp saçak,
Dürli nahardan dolar.
Dünýäde islän zadyň,
Barysy häzir bolar”.
 
Alkyş okap kör garga,
Şatlanyp düşdi ýola.
Derrew geldi öýüne,
Çümüp her hil hyýala.
 
Öýe gele-gelmäşe,
Çagyrdy-da aýalyn:
“Nahar iýeli” diýip,
Ýuwdy derrew ol elin.
 
Haýran galyp aýaly,
Diýdi: “Nahar edemok”.
“Dürli nahar bar mende,
Senden nahar soramok”.
 
“Tizräjik ýuw eliň,
Kän galmagal etme-de.
Otur gel-de ýanymda,
Gepiňi köpeltme-de”.
 
Oturdylar ýanma-ýan,
Är-aýalyň ikisi.
Nä üçindir äriniň,
Bu gün üýtgeşik sesi.
 
Ýazdy orta saçagy,
Goltugyndan çykaryp.
Diýdi ynha şulary,
Öz-özine bat berip:
 
“Açyl, saçagym açyl,
Lezzetli nahar seçil”.
 
Diýende bu sözleri,
Saçak giňden açyldy.
Bu saçagyň üstüne,
Nahar bary seçildi.

Aldyklarna iýdiler,
Aýaly hem-de äri,.
Emma weli saçagyň,
Egsilmedi nahary.
 
Dürli-dümen nahardan,
Garynlar boldy göjek.
“Ýapyl, saçagym, ýapyl”,
Diýdi, ýapyldy saçak.
 
Görüp muny aýaly,
Örän gaty şatlandy.
Öz göwnünde özi onyň,
Bagt atyna atlandy.
 
Mundan soňra üç-dört gün,
Geçirdi-de aradan.
Aýalyna ýüz tutup,
Äri dillendi birden.
 
“Besdir aýal kän tutdyk,
Garyplygyň ýasyny.
Myhmanlyga çagyrjak,
Ýurdymyzyň şasyny.
 
Gelende gözi bilen,
Görsin biziň baýlygmyz;
Indi bizi tanasyn,
Gidendir gedaýlygmyz”.
 
Içi ýanyp ärine,
Gahar bilen garady.
Çasly çykýan ses bilen,
Ony ýaman darady:
 
“Göterniksiz, eý akmak,
Hany seniň akylyň?
Patyşany çagyrmak
Nämäňe gerek seniň?
 
Elli ýaşa barypsyň,
Heý gapyňdan geldimi?
Ýolda-yzda görende,
Salamyňy aldymy?
 
Garyplygyň laýyna,
Ýene bizi batyrar,
Baýlygyňy alar-da,
Garyplygyň getirer.
 
Hiç wagtda ol asyl,
Gapymyzdan gelmesin.
Garyplygmyz, baýlygmyz,
Hiç haýsyny bilmesin”.
 
Çopan razy bolmady,
Garşylygyna aýalyň,
“Patyşadan ýüz öwrüp,
Näme seniň hyýalyň?
 
Asyl işiň bolmasyn,
Baýlyk tapan men özüm.
Arrygyňy gynama,
Geçmelidir meň sözim”.
 
Jedelleşip kän wagt,
Är sözini gögertdi.
Çagyrjagyn haýsy gün,
Şasyna habar etdi.
 
Çakylygyna çopanyň,
Ynanmady şa ilki.
Soňra diýdi: “Gideýin,
Geň bir zat bardyr belki.
 
Ugursyz ýere çagyrsa,
Zyndana-da basdyryn.
Gazap edip, men onyň,
Ýurdynda ýel ösdirin”.
 
Wadaly gün gelende,
Şa çopanka ugrady;
Bu gün şanyň hatyrna,
Çopan desga gurady.
 
Şanyň ýeke özi däl,
Topar-topar weziri.
Şagalaňa goşulyp,
Gelipdir bar emiri.
 
Mundan başga ýene-de,
Ýüzläp-müňläp goşuny.
Myhmanlyga gelenleň,
Saklaýardy daşyny.
 
Ýazdy çopan saçagyn,
Hemme geljek gelen soň.
Sanawajyn sanady,
Bary taýyn bolan soň:
 
“Açyl saçagym açyl,
Lezzetli nahar seçil”.
 
Peýda boldy şu sagat,
Dürli nahar ortada.
Beýle nahar gelenler,
Görmändirler hiç ýerde.
 
Agzyn açyp, patyşanyň,
Akly galdy haýranda.
Öz öýünde görmedik,
Geň zatlary bar munda.


dowamy bar...

Aman Kekilow
34
163
tmyigit76
21.03.2024 22:05

Nowruz we ýaz yrymlary





«Türkmenbaşy aýynda Nowruz aýynyň howasy ýaly bolsa, Nowruz aýynda-da ýylyň ilkinji aýynyň howasy ýaly howa

garaşybermeli» diýilýär.



Semeni taýýarlanylýan wagty gögeren bugdaýyň gökje maýsasynyň ýüzüni gyrkyp alyp, ony saçbaga dakar ekenler.

Sebäbi ol bagt getirýärmiş.



Nowruzda bişirlen semenini datmak sogap hasaplanylýar. Ol adamlara rysgal getirýär. Semenini rysgal-döwletli, abraýly ýaşuly aýallara bişirdýärler. Agşam bişirip, gazanyň agzyny ýapyp goýýarlar. Irden gazany açanlarynda Äşe-Patmanyň barmaklarynyň yzyny görjek bolup çalyşýarlar. Çünki halk arasynda «Semeniniň ýüzünde şolaryň barmaklarynyň yzy bolarmyş» diýlen ynanç bar.



Musulman halklaryň käbirinde semeni diňe Nowruzda bişirilýär.



Nowruzda semeni bişiren adam ony ýedi öýe dadyrmalymyş. Şonda rysgalyň ýetmiş esse bolup gaýdyp gelermiş.



Nowruz gijesi asman bulutly ýa-da dumanly bolsa, ýyl ygally gelermiş.



Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolarmyş.



Nowruzda baglaryň çygly çybyklaryndan, damjalar görnüp dursa, agaçlar hasylly bolar.



Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomus salkyn bolar.



Nowruzda aý demirgazykdan dogsa, ýaz sowuk, tomus salkyn bolar, günortadan dogsa, ýaz gurak, tomus jöwzaly bolar.



Nowruzda gar, ýagyş ýagsa, ýyl örän ygally bolar.



Nowruzda örän yssy bolsa, ýylyň gurak geläýmegi ahmal.



Nowruzda doglan çaga bagtly bolarmyş.



Nowruzda gargalar gagyldaşyp ýörse, yzyndaky aýda salkyn boljaklygynyň alamaty.



Nowruzda täze zat geýseň, şol geýim bagt getirermiş.



Nowruzda howa dymyk bolsa, ýaz gurak, tomus örän yssy bolar.


Nowruzda şemal demirgazykdan öwüsse, ýaz ýagyşly, tomus yssy bolar.



Nowruzda şemal günortadan öwüsse, tomus yssy, epgek bolar.



Nowruzda howa bulutly bolsa, Oguz aýyna çenli bulutly bolar.



Nowruzda howa sowuk bolsa, däneli ekinler hasylly bolar.



Nowruzda ak ýürekden edilen arzuw hasyl bolarmyş.



Eger-de ýagyş ýagmagyny isleseň, asmanda bulut bar wagtynda bir balygy ýa-da gurbagany başaşak asyp goýmalyda:


Ýag ýaganak,
Guý guýanak
diýip sanamaly
.



Ýagyş ýagyp duran wagty ýa-da ýaz aýlary gök gübürdände şeýle sanawaç sanamaly:


Ýagyş ýagara geldi,
Saman suwara geldi,
Öýmüziň daşy kömelek!



Şeýle sanawaç sanalsa, ýagyş köp ýagarmyş, kömelek köp bolarmyş, ot-çöp köp bolup, ýaz örän gowy gelermiş.



Ilkinji ýaz ýagşy ýaganda gyzjagazlar bökjekläp, saçjagazlaryny ezip, elleri bilen sypalap, aşaklygyna daraklamaly, şeýle sanawaç setirlerini sanamaly:


Ös saçym ös,
Ösmeseň, bes,
Atyma duşak,
Bilime guşak!


Şeýle sanawajy sanap, saçlarynyň ösjekdigine ynanypdyrlar.



Gargalar bahar gelende suwuň başyna gonup başlasalar, yssy adatdakydan ir düşýär.



Ýazda ýyldyrym köp çaksa, kömelek bol bolar.


Boş jaýda ýa-da meýdanda, dagda gygyrsaň, sesiň ýaňlansa, howa açyk bolar. Sesiň ýaňlanmasa, ýel turmagy ýa-da ýagyş ýagmagy ahmal.



Kagyz gapda duran duz öljerse, ýagyş ýagar.



Gün batanda onuň öňüni gülgün reňkli şapak tutsa, gije maýyl, ertir açyk howa bolar.



Öý guşlary saýramasa, ertesi ýelli howa bolar.



Pişik guýrugyny ýalap, diwara süýkense, şol gün howa ýagynly bolar.



Pişik arkasyna agynap, gerinjirse, şol gün howa maýyl bolar.



Pişik öýüň ortarasynda süýnüp ýatsa, şol gün howada bulut bolsa-da, ýagyş ýagmaz.



Kepderiler guguldaşyberseler, açyk howa boljagynyň alamaty.



Irden günüň dogjak ýeri agymtyl çal reňkde bolsa, şol gün ýagyn ýagmaz.


Aý doganda, gögümtil şöhle saçsa, ertesi ýagyş ýagar.



Täze Aý doganda dury görünse, tutuş aý ýagyş ýagmaz.



Aý doganda töweregi ýalpyldap dursa, ertesi ýel turar.



Ýaz ygally, tomus çygly, güýz ýyly bolsa, gyş uzak wagtlap dowam eder.



Durnalar ir bahardan peýda bolsalar, ýaz ýagynly bolar.



Hüwi gygyryberse, howanyň bulaşjagynyň alamaty.



Eger gargalar gyşyna daglara tarap uçup gitse, maýyllyk boljaklygynyň alamaty.





Türkmen halkynyň yrym-ynançlary kitabyndan

38
202
tmyigit76
20.03.2024 13:32
GARAGAÇ



  Her ýerräkde birnäçe düýp garagaç gara düýn ýaly garalyp otyr. Olaryň biri edil Soltan Aly bilen Nejmeddin Kubranyň biri-birine bakyp oturan mawzoleýleriniň öňünde gögeripdir. Bu garagaç nämeleri hakydaňa getirmeýär?!

  ...Serker baý öz hyzmatkäri Bagbany uzak sapara kerwenbaşy edip goýberdi. Kerweniň gidýän ýurdunda belli bir düzgün bolmanmyş. Şol sebäpli ol ýerden talanman gelýän kerwen az ekeni. Serker baýyň Bagbany özi ýaly eder- men ýigitlere kerwenbaşy belläp, kerwenden düşjek girdejiniň deň ýaryny Bagbana bagyş etjekdigi barada söz bermegi hem şonuň üçin.

  Agyr kerwen çölüň iň soňky depesini yzda galdyryp, oba inip gelýär. Ençeme çapawul- çylykly çozuşlar yzyna gaýtaryldy. Bagban birnäçe ýerinden ýaralandy. Emma şonda-da keýpi kök. Öz gazanjak baýlygyna, öz söýýän gyzyny duluna çekip biljekdigine buýsanjyň ýylysyna çoýunyp barýar.

  Bagban agaçlary söýerdi. Öň baýyň bagynda bagbandy. Ol uzak ýurtlarda hem bu pişesini unutmady. Şol ýerden bu ýerler üçin geň bir agajyň nahalyny alyp gaýtdy. Getirip nahaly bagda oturtdy.

  Baýlygyň haramdan üýşýän ýeriniň bir gapda- lynda hökman hile bardyr. Serker baý kerweniň sag-aman gelenine begense-de, böwründe sanjy bar. Il öňünde eden lebzine görä, baýly- gyň ýaryny bagbana bermeli. Diwana gysym teňňe oklap görmedik baý näderini bilenok.

Täze oturdylan nahaly gören Serker baý Bagbany işläp ýören ýerinden çagyrdy:

-Bu näme agaç?

-Bilemok. Kerwensaraýyň deňinden geçýän bazarçylaryň biri gaçyrypdyr. Bu ýurtda ösjegi-ösmejegi belli däl. Ýöne alyp gaýdyberdim.

  Baý sesini çykarmady. Agajyň garamtyl balda- gyna seretdi. Içinden bir zatlara ýylgyrdy-da, öz ugruna gitdi. Agşama çenli bir-iki adamyň ýa- nynda Bagbanyň täze getiren agajynyň örän syrlydygyny, ýöne aýtmak bolmaýandygyny ýaňzytdy. Agşam baý kerwene gidenleri hormatlap öz öýüne çagyrdy.

Hyzmat edilişine baýyň öz ogly göz-gulak boldy. Orta nahar gelensoň, baý bagbana ýüzlendi:

-Oglum, şol agajy ekmeseň, gowy boljak ekeni...

-Hä, näme boldy?

-Oňa garagaç diýýärler...


baýyň bu gürrüňini oturanlaryň hemmesi eşitdi. Nahar iýlip bolnansoň, el ýuwuldy. Baý gözüniň gytagyny aýlady:

-Bar, aýt, çaý getirsinler.

  Bagbana goýlan çäýnegiň aýratynlygyny baýyň ogly bilen özünden başga bilen adam bolmady. Ertesi günki şum habar oba tiz ýaýrady. Bag- ban agşamky ýatyşyndan galmandyr. Hem- meler Bagbanyň ölümini «bagtsyzlyk getirýän» garagaçdan gördüler. Bagbanyň eken nahaly göýä onuň ýasyny tutýan ýaly uzak wagtlap eýikmändir. Örän haýal ösürpdir. Adamlar «gandar» agajy görenlerinde hemişe Bagban neressäni ýatlapdyrlar.

  Şeýdip garagajyň tohumyny ilki getiren Bag- banyň nähak ölümi bilen ol hakynda erbet «myş-myşlar» ýaýrapdyr. Hamala ony eken adam ölýärmiş. «Garagajy eken saýada ýatmaz» diýen gürrüň hem bar. Şu yryma eýerip, bu agajy diňe 80-90 ýaşan gojalar ekýärler.

  ...Güjümläp giden garagajyň şahalary Soltan Aly bilen Nejmeddin Kubranyň tyllaýy syrçaly diwarlaryny sypalaýar. Göýä ol özi hakyndaky hekaýaty ýalana çykaryp, şu ýerli gojalardan kän eşiden gürrüňini gaýtalaýan ýalydy:

  -Ýalan. Bary ýalan. Daragt ekmekden sogap zat ýok. «Garagajy eken saýada ýatmaz» diýen gürrüň meniň örän haýal ösýänligim üçin aýdylýandyr. Häzir men 150 ýaşadym. Meni eken 30 ýaşly ýigit 90 ýaşap, şu etrapda aradan çykdy. Şonda men 60 ýaşanam bolsam, boýumy almandym. Ol 90 ýaşanda saýamda namaz okamaga kölegäni zordan tapdy. Görýäňizmi, adamlar, men hakyndaky gybat ýalan. Ýalan, ýalan, ýa-a-lan...




Şöhrat Abdyýew
Köneürgenç rowaýatlary kitabyndan
31
106
tmyigit76
19.03.2024 22:06

Google Kartalarda öýüňizi nädip bulanyk- laşdyrmaly?



Google Kartalar bilen öýümizi bulanyklaş- dyrmak haýyşyny döretmek mümkin. Ýöne nädip?

Google Kartalar, köçe görnüşini aýratynlygy bilen kompýuteriňizden ýa smartfonyňyzdan köçe görnüşini görmäge mümkinçilik berýär. Bu mümkinçilikden Dünýäniň köp köçelerini diýen ýaly görnüp bolýar. Google Kartalar Köçe görnüşi gaty amatly mümkinçilik hödürlese-de, käbirleri üçin şahsy gizlinligi hem ýok edýär. Bu gizlinligi üpjün etmek üçin ulanyjylar öýlerini köçe görnüşinde bulanyklaşdyrmagyň ýoluny gözleýärler. Beýle bolsa Google Kartalar arkaly jaýlary bulaşdyrmak mümkinmi?

Google Kartalardaky jaýlary nädip bulanyklaş- dyrmaly?


“Google Kartalar” programmasynda “Street View” köp ýyl bäri elýeterli aýratynlykdyr. Kompaniýa şu wagta çenli Google Kartalara 16 million kilometrlik ägirt uly köçe görnüşini goşdy. Şeýle-de bolsa, käbirleri üçin bu amatlylyk şahsy durmuşyň eldegrilmesizligini bozýandygyny hem aňladýar. Beýleki bir tarapdan, Google öýüňizi yzyna gaýtaryp bolmajak görnüşde bulanyklaşdyrmak hukugyny berýär.

Google Kartalarda jaýyňyzy bulanyklaşdyrmak kararyna gelen bolsaňyz, ilki bilen muny kompýuteriňizde etmeli. Kartalar mobil programmasy beýle haýyş etmäge rugsat bermeýär.

Aşakda öýüňizi bulanyklaşdyrmak haýyşyny döretmegiň ädimme-ädim yzygiderligi:


• Ilkinji ädim hökmünde brauzeriňizden maps.google.com sahypasyna giriň. Girişden soň gözleg setirine öý salgyňyzy giriziň.



• Ikinji ädimde, Street View-e geçiň. Görüşiňizi oklar bilen jaýyňyzyň takyk we dogry ýerleşýän ýerine deňleşdiriň.

• Öýüňiziň “Street View” bilen dogry bellik edilendigine göz ýetiriň. Başda aýdyşymyz ýaly, ýaşaýan ýeriňizi bulanyklaşdyrmak yzyna gaýtarylmaýar.



• “Street View” ekranynyň çep tarapynda bir guty görersiňiz. Gutujykdaky üç nokada basyň we näsazlyk barada hasabat saýlaň.

"Öýüm" buýruguny hasabat (isleg) meselesiniň ekranynda görersiňiz. Özüňiziň ýa-da kireýine alýan jaýyňyzy bulanyklaşdyrmaga hakyňyz bar.

“Öýüm” buýrugyny belläniňizde, jaýyňyzy takyk suratlandyrmalysyňyz. Google Kartalar topary üçin emlägi bulaşdyrmak üçin takyk kesgitlemek möhümdir.



Mesele (isleg) bildir buýrugyny açanyňyzda peýda bolan gyzyl kwadratyň, öýüňizi doly gurşap almagy möhümdir. Bu nukdaýnazardan, sag burçda minusy we plyusy basyp ulaldyp we kiçeldip bilersiňiz.

• Ähli ädimleri ýerine ýetireniňizden soň, e-poçta salgyňyzy girizmeli we Captcha barlagyny geçirmeli.



• Ähli maglumatlary girizeniňizden soň, öýüňizi bulanyklaşdyrmak haýyşyny Google Kartalara iberip bilersiňiz.

• Arzaňyzdan soň, Google Kartalar toparyndan haýyşyňyzyň gözden geçirilendigini görkezýän e-poçta alarsyňyz.

• Google Kartalar öýi bulaşyk haýyşlar üçin kartalar topary has giňişleýin maglumat almak üçin size täze e-poçta iberip biler. Bu nukdaýnazardan, e-poçtaňyzy yzygiderli barlamak peýdalydyr. Bu amalyň näçe wagt alýandygy, berýän maglumatlaryňyzyň näderejede takyk we jikme-jikdigine baglylykda üýtgäp biler.

“Google Kartalar” bilen jaýy bulanyklaşdyrmak ýönekeý bir iş bolsa-da, jaý satmak ýa-da kwartira kärendesi ýaly ýagdaýlara ýaramaz täsir edip biler. Bu nukdaýnazardan, bulaşyk karar bermezden ozal ünsli pikirlenmek peýdalydyr.


çeşme: www.ShilftDelete.net
taýýarlan tmyigit76
40
308
tmyigit76
17.03.2024 22:00

Altyn gatnaşyga görä hasaplandy: Ylym dünýäsine görä dünýäniň iň owadan erkekleri.



Estetiki duýgular we gözellik düşünjesi adamzat taryhynda elmydama gyzykly tema bolupdy. Dr. Julian De Silwanyň ýolbaşçy- lygyndaky topar, dünýäniň iň özüne çekiji erkeklerini kesgitlemek üçin altyn gatnaşygy ulanyp, gözleg geçirdi. Altyn gatnaşygy matematiki düşünje bolsa-da, ýüz aýratyn- lyklarynyň estetiki kämilligini kesgitlemekde möhüm rol oýnaýar. Bu gözlegiň netijelerine görä, dünýäniň iň owadan erkekleriniň sana- wyny öwrenmeliniň agzalaryna ýetirýäris.


_________________
Altyn gatnaşygy (tr:altin oran)Matematikada altyn gatnaşygy, iki mukdardan ulusynyň kiçisine bolan gatnaşygy, mukdar jeminiň mukdarlaryň ululygyna bolan gatnaşygy bilen deň bolsa, altyn gatnaşygydyr. Altyn gatnaşygy gadymy döwürlerden bäri sungatda we binagärlikde iň oňat sazlaşyk we deňeşdirme berýän tertip gatnaşygy hökmünde kabul edilipdir. Wikipediýa
_______________

Gözellik ülňüleri medeniýetleriň arasynda üýtgäp biler. Emma Dr. Julian De Silwa tarapyndan geçirilen gözleg, adatça erkeklerde özüne çekiji hasaplanýan fiziki aýratynlyklary kesgitledi.



9. RYAN GOSLING
Raýan Gosling 87,48 göterim bilen dokuzynjy orunda durýar. “Barbie” we “Notebook” bilen tanalýan Gosling, esasanam üçburçluk görnüşi, çuň gök gözleri we rahatlygy bilen ünsi özüne çekýär. Altyn gatnaşyga görä, burny we eňegi iň gowy aýratynlyklary hasaplanýar.






8. IDRIS ELBA
Aktýor Idris Elbanyň kesgitli, inedördül eňegi we "awçy gözleri" bar, oňa 2013-nji ýylda Essens tarapyndan "Ýylyň iň jyns (se*i) adamy" we 2018-nji ýylda "People" žurnaly tarapyndan "Iň jyns adam" diýen ada eýe boldy. Eňegi altyn gatnaşyga görä iň gowy aýratynlygy bolan hem bolsa, gözlegde burny iň pes bal aldy. Elbanyň altyn gatnaşygy boýunça göterimi 88 göterim.






7. DAWID BEKHAM
Meşhur futbolçy Deýwid Bekham 88,96 göterim bilen 7-nji ýerde durýar. Simmetrik ýüzi, güýçli eňegi we beýik ýaňaklary bilen ýüzünde özüne çekiji aýratynlyklaryň hemmesi diýen ýaly özünde saklaýar.Altyn gatnaşyga görä burny we dodak giňligi bilen 99 göterim gatnaşygy bolan Bekham bu aýratynlyklar boýunça gözlegde öňdebaryjy orny eýeleýär.






6. HUG JAKMAN
Garradygyça owadanlygy bilen has tapawutlanýan atlaryň hataryna giren Hugh Jekman, altyn gatnaşygy bahalandyrmakda 89,64 göterim netije gazandy. Burnunyň görnüşi boýunça iň ýokary bal alan Jekman, dodaklary bilen gözleriniň arasyndaky aralyk sebäpli reýtingiň aşagyndady.






5. GEORGE CLOONEY
Jorj Kluniniň ýüz süňkleri oňa ajaýyp jady berýär. Onuň açyk görnüşi ony beýleki erkeklerden tapawutlandyrýan aýratynlyklardan biridir. Şeýle-de bolsa, maňlaýynyň giňligi sebäpli altyn gatnaşygy 89,91 göterime barabar.






4. Bred Pitt
Golliwud dünýäsiniň iň tanymal aktýory Bred Pitt, altyn gatnaşygy 90.51 göterim bilen sanawda dördünji orunda durýar. Erkeksi ýüz keşpleri çaga şekilleriniň birleşmesi we ýylgyranda gamaşýan gözleri bilen utgaşmagy, ony Golliwudyň iň özüne çekiji adamlaryndan birine öwürýär. Burun burçy sebäpli altyn gatnaşygy gymmaty peselen Pittiň iň täsir galdyryjy aýratynlygy, onuň gözleri diýip kabul edildi






3. BRADLEY KOPER

Bredli Kuper 91.08 göterim bilen kemçiliksiz ýüz keşbine eýe diýen ýaly. Dr. De Silwanyň baha bermeginde gözüň ýagdaýy, dodaklary we eňegi sebäpli altyn gatnaşyga baha bermekde ýokary bal aldy, ýöne burny we ýüzi görnüşi sebäpli bal azaldy.






2. HENRY CAVILL

91,64 göterim baha balan Doktor Genri Kawiliň kemsiz ýüz aýratynlyklary bütin dünýäde bolşy ýaly, altyn gatnaşygy bilen baha berýän De Silwanyň hem ünsüni özüne çekdi.
Bahalandyrma görä, Kawill dodaklary we maňlaýlary üçin iň ýokary bal aldy, şeýle hem burnunyň we dodaklarynyň sazlaşygy we gözüň ýagdaýy boýunça gaty gowy gatnaşyga eýe.






1. ROBERT PATTINSON

Ylmy gözleglere görä, Robert Pattinson dünýäniň iň kämil adamy diýen ada eýe boldy! Klassiki ýüz keşbi we ýiti eňegi sebäpli, ýüz keşbi boýunça ilkinji bäşlige girdi. Pattinson 92,15 göterim paýyna eýe. Gatnaşygy peseldýän ýeke-täk nokady, inçe dodak gurluşydyr.


Siziň pikiriňizçe iň owadany haýsysy?



Bu maglumatlar «Bright Side» habarlar saýtyna esaslanýan "habertürk.com.tr"-dan alyndy
taýýaralan tmyigit76
41
475